1948-njy ýylyň 6-njy oktýabryna geçilen gije Aşgabatda bolan elhenç ýer titreme hakynda köp ýazyldy. Saparmyrat Nyýazowyň Permany bilen 1995-nji ýylyň 6-njy oktýabryndan bu pajygaly ýer titreme owalbaşda "Ýatlama Güni", 2000-nji ýyldan bolsa ýurdumyz boýunça "Matam güni" hökmünde bellenýär.
SSSR-iň ýykyljagyny, özüniň "Beýik Serdar" boljagyny aňmadyk Saparmyrat Nyýazow 1990-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda şol wagtky studentler, ýagny biz bilen "Mekan" köşgünde bolan duşuşygynda "Sapar Ataýewiç, siz, ene-ataňyz, öz terjimehalyňyz hakynda gysgaça gürrüň beräýseňiz" diýlip berlen sowala şeýle jogap beripdi: "Maňa şu sowala jogap bermek gaty agyr. Meniň kakam Atamyrat Annanyýaz 1930-njy ýyllarda repressiýa edilipdir, ejeme Soltan diýýärler eken, ol adaty öý hojalykçy bolupdyr. Men çagalykdan ýetim galdym. Men özümiň uruş ýyllarynyň ahyrlarynda ýetimler öýünde bolandygymy bilýärin. Men dogrumy aýdýan, maňa kömek eden bolmady. Meniň enemem-atamam sözüň doly manysynda kompartiýa boldy".
Emma S. Nyýazow ene-atasy hakynda bu aýdanlaryny unudyp, olaryň terjimehalyny galplaşdyryp, ýer titremede gaýduwsyzlarça wepat bolan ejesine – Gurbansoltan ejä Türkmenistanyň Gahrymany belent adyny dakdy. Aşgabat ýer titremesi Nyýazowyň ejesi bilen baglanyşdyryldy. Milletiň käbesi atlandyrylan Gurbansoltan ejäniň hormatyna şol gün ýurdumyzyň ähli ýerinde sadaka berilýärdi.
Häkimiýetiň çalyşmagy bilen bu pajygaly ýer titremede halkyň çeken agyr elhençligi hakynda belli bir derejede hakykat aýdylyp başlandy.
Bu pajygaly ýer titremäniň weýrançylyklaryny ilki başda SSSR-iň şol wagtky diktator ýolbaşçysy Stalinden gizläpdirler. Ýöne bu Ýer titreme hakynda daşary ýurt metbugaty yzygider elhenç maglumatlary berensoň, Stalin Aşgabat ýer titremesiniň weýrançylygyny doly bilmek üçin 1948 –nji ýylyň 15-nji oktýabrynda meşhur kinooperator Roman Karmeni Türkmenistana ýörite ýollapdyr. Roman Karmen 40 gün ýer titremäniň aýylgançlygyny ussatlyk bilen surata düşürip, iki sagatlyk film döredipdir. Staline bu pajygaly film bir gezek görkezilensoň, ol arhiwe oklanypdyr.
Akademik Ş. Täşliýew bu ýer titreme hakynda beren leksiýasynda şeýle diýipdi: "Dünýä belli kinooperator Roman Karmeniň Aşgabatdaky aýylganç ýer titremäniň iň owunjak pidalaryny surata alyp, film etmegi üçin şol wagtky Türkmenistan kompartiýasynyň birinji sekretary Şaja Batyrow alada edipdir. Şonuň üçin onuň bu ýer titreme hakynda surata düşüren filmi hakykaty doly açyp görkezýär. Şonda bu ýer titremede 30 müňden 40 müňe çenli adamyň pida bolandygy aýdylýar. Bu hakykata doly gabat gelýär".
Garaşsyzlyk zamanamyzda 1993-nji ýylda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa institutynyň alymlary T. Aşyrow, G. Golinskiý. B. Garryýew "Üns beriň! Güýçli ýertitreme" atly rus – türkmen dillerinde çykaran kitaplarynda şu çaka çenli Türkmenistanyň territoriýasynda bolup geçen Ýer titremeler hakynda gysgaça, ýöne örän zerur maglumatlary okyjylara ýetiripdirler. Seýsmologik bu alymlarymyz hem Ýer titreme hakyndaky bu kitaplarynda 1948 – nji ýylyň 6 –njy oktýabrynda bolan elhenç Ýer titremede 30 – 40 müňe çenli adam pidalary boldy diýilýän maglumatyň dogrudygyny tassyklaýar.
Seýsmologik alymlar T. Aşyrow, G. Golinskiý. B. Garryýew "Üns beriň! Güýçli ýer titreme" atly kitabynda Türkmenistanyň seýsmologik zonadagyny belläp, ýer titremede özüňi nähili alyp barmagyň düzgünini beýan edipdirler. Şeýle hem Seýsmologik barlaglaryň netijesinde ýer yranma hadysasyny duýup, öňünden çäre görüp boljakdygyny belläpdirler. Bu alymlaryň tassyklamagyna görä, ýurdumyzyň seýsmologiýa institutynyň alymlary tarapyndan Türkmenistanyň territoriýasynda 1978, 1982, 1987 hem 1989-njy ýyllarda bäş hem ondan pes bal derejede boljak ýer titremeler öňünden bilnip, oňyn çäre görlüpdir.
Akademik Ş. Täşliýew: "1948 –nji ýyldaky Ýer titremäniň öň ýanynda Aşgabatda 100 müňe ýakyn, onuň töwerek daşynda (Gäwers – Gökdepe aralygynda) hem 40 müň töweregi adamyň ýaşandygyny tassyklap, bu aýylganç ýer titremede şol ilatyň 25-28 % pida boldy" diýip bize – studentlere leksiýasynda ýazdyrypdy.
S. Nyýazow özüniň ýazandygy aýdylýan "Ruhnama" kitabynda Aşgabat ýer titremesinde 176 müň adamyň pida bolandygyny ýazypdyr, ýöne Nyýazow bu maglumaty haýsy çeşmeden alandygyny asla agzamaýar. Haýran galmaly zat, Nyýazow Aşgabat ýer titremesini azaldyp görkezmekde SSSR emeldarlaryny aýyplasa-da, onuň özi 1999-njy ýylyň dekabrynda Gazanjykda bolan ýer titremesini, onda bolan käbir adam pidalaryny, ejir çekenleri asla inkär edipdi.
Bu günki gün Aşgabatda bolan Ýer titremeden alynmaly sapaklar köp, alymlar tarapyndan bu elhenç ýer titreme hakyndaky hakykat açylmagyna garaşyp ýatyr. Ýöne bu ýer titremede şehit bolanlary ýatlap berilýän, sadakalaryň kabul bolmagyny diläp, şu makalama nokat goýýaryn.
Döwlet Mäneli türkmenistanly alymyň, ýerli synçynyň edebi lakamy.Bu blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.