Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şenbede ýowar


15-nji oktýabr Türkmenistanda Ählihalk ýowar günüdir.
15-nji oktýabr Türkmenistanda Ählihalk ýowar günüdir.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlangyjy bilen 15-nji sentýabrdan tä Garaşsyzlyk baýramçylygymyza çenli döwlet edara–kärhanalarynda, hatda hususu pudakda işleýänler, daýhan birleşikleriniň kärendeçileri, çopanlar, mahlasy, ähli işleýänler her hepdäniň şenbe güni ýowara çykarylýar. 15-nji oktýabr bolsa Ählihalk ýowar günüdir.

Ýowara çykyp, adamlar, esasan, arassaçylyk, abadanlaşdyryş işlerini edýärler. Mysal üçin, her etrabyň mugallymdyr lukmanlary, buhgalter işgärleri uly ýoluň gyrasyndaky ot-çöpleri çapýarlar. Daýhanlar ýaby gamyşdan, ot-çöpden arassalaýarlar. Çopanlara hem ýataklarynyň daş-töwereginiň arassa bolmalydygy barada berk tabşyryklar berlipdir. Aşgabatda, welaýat merkezlerindäki edara- kärhanalaryň işgärlerine bolsa öz-daş töwerekleriniň arassa bolmalydygy ýokardan tabşyrylypdyr. Şonuň üçin, her bir işleýän adam şenbe güni ýurtdaky arassaçylyk işlerine mejbury–meýletin goşant edýär.

Edaralaryň ýolbaşçylaryna şenbe güni her bir işgäriň ýowara çykmalydygy tabşyryk berlen, başlyklaram muny öz işgärlerinden berk talap edýärler. Ýöne bellemeli tarapy, ýowar güni iş uzak gün dowam edenok. Her işgäre ýowarda etmeli işi her edara-kärhananyň hojalyk bölüminiň müdiri tarapyndan bölünip berilýär. Iki sagatlyk ýowar paýyňy etseň adyňy tutýan ýok. Ýöne adamlar azara galyp, işe gelip-gidýändiklerinden, wagt ýitirýändiklerinden özara söhbetdeşlikde nägile bolýarlar.

Başga bir tarapdan, geçirilýän ýowarlar oba daýhanlarynyň, çopanlarynyň bähbidine hem ýazýar. Sebäbi olaryň özlerine zerur bolan suw ýaplary arassalanýar, ýataklary abadanlaşdyrylýar, täze ýataklar etdirilýär.

Ahal welaýatynyň Kaka, Sarahs, Tejen, Altyn asyr etraplarynyň oba ýaşaýjylary 15–nji sentýabrdan başlap, oba içinden geçýän çagyl ýollaryň ertir-agşam suwlanyp başlandygyny özara söhbetdeşlikde aýtdylar. Bu bolsa oba içindäki tozany üzül-kesil azaldypdyr. Oba köçelerini suwlamak işiniň Garaşsyzlyk ýyllarymyzda ilkinji gezek ýola goýlandygyny-da aýtmak gerek.

Altyn asyr etrabynyň Çäçe obasynda ýaşaýan Meret aganyň aýtmagyna görä, Mäne–Çäçäniň oba içindäki köçelerine çagyl döküp, ýollary tekizläp başlapdyrlar. Oba adamlary bolsa bu işi edýänlere höwes bilen kömek edýär ekenler. Mäneli Ýagmyr aga bolsa obalaryndaky gum basyp ýatan çagyl ýollaryň ertir-agşam traktoryň yzyna tirkelen üç tonnalyk suw daşaýjy bilen suwlanýandygyny tassyklady.

Oba ýaşululary häzirki oba bähbitli abadançylyk işleriniň Garaşsyzlyk baýramçylygymyzdan soň hem dowam etmegini arzuw edýärler, ýöne edara-kärhanalarda işleýän adamlar oba adamlarynyň bu arzuwlaryna goşulmaýarlar. Çünki adamlar ýowar günlerinde öz işleriniň bitirilmän soňa galýandygyndan nalaýarlar.

Türkmen metbugaty tutuş ýurt boýunça adamlaryň "ýowara meýletinlik bilen çykýandygy" hakyndaky habarlary çap edýär.

Döwlet Mäneli türkmenistanly alymyň, ýerli synçynyň edebi lakamy.Bu blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişi.
XS
SM
MD
LG