Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halk Nuryşkany ýagşylykda ýatlaýar


Nurmuhammet Nazarow
Nurmuhammet Nazarow
Il içinde Nuryşka ady bilen tanalýan Nurmuhammet Nazarow 1951-nji ýylda Mary welaýatynyň Türkmengala şäherçesinde eneden dogulýar. Ol 15-16 ýaşynda kiçiräk oturylyşyklarda, toýlarda tamada bolup, il arasynda tanalyp başlaýar. 1980-nji ýyllaryň ikinji ýarymyndan bolsa, ol Nuryşka ady bilen tutuş Türkmenistanda meşhurlyk gazanýar.

Nurmuhammediň döredijiliginiň uly meşhurlyga eýe bolan döwri Gorbaçowyň “Üýtgedip gurmak” zamanyna we Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryna gabar gelýär. Nurmuhammet Nazarowyň hut özüniň aýtmagyna görä, ol 1987-1994-nji ýyllar aralygynda teýeneli, durmuşdaky problemalary öz içine alýan müňden gowrak satirany döredipdir.

Nuryşkanyň dost-ýarlarynyň aýtmagyna görä, ol 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda ýurduň güýç ulanyjy edaralary tarapyndan yzarlanyp başlaýar, häkimiýetler oňa ezýet baryny berýärler. Emma ol şonda-da häkimiýetleriň göwnünden turmaýan ýiti şorta sözleri aýtmakdan çekinmeýär.

Ony resmi taýdan gadagan edenem bolsalar, ol tä ömrüniň ahyryna çenli, 2001-nji ýylda aradan çykýança, halka gülki paýlady, halkyň synan göwnüne özüniň şorta sözleri bilen teselli berdi. Şonuň üçin halk ony häzirem ýagşylykda ýatlaýar.

Nuryşkanyň şorta sözlerinden

"Iki hakyky erkek"

– Biziň ýurdumyzda iki sany hakyky erkek bar. Olaryň biri ýürege düwenini edýär, onuň aýdan sözi ýere gaçman bitirilýär. Onuň kimdigini adyny aýtmasam-da bilýänsiňiz... Ikinji hakyky erkek näme etselerem diýjegini diýýär, o-da men.

"Ütükdenem gorkýas!"

– Adamlar, biz-ä gaty geň galýas, telewizory-radiony açsagam, gazýet-jurnal okasagam, üç sözüň ikisi "Serdarymyz sag bolsun, ol bizi bagtly durmuşa ýetirdi" diýýärler. Biz-ä bilmedik, indi ütügimizi sokmaga hem gorkýas, şoňa hem dil bitip, "Serdarymyzyň jany sag bolsun!" diýäýjek ýaly bolup dur.

"Iýýänimiz baýdagyň reňkinde bolýan däldir"

– Men toý-märekäň adamysy, onsoň eşidäsinem eşidýäň, eşitmäsinem. Öňräk bir ýerde adamlar şeýle diýip gürrüň etdiler: Öň baýdagymyzyň reňki gyzyldy, ol wagt et iýýädik, indi baýdagymyzyň reňki ýaşyl, indi ot iýýäs. Bu dogry. Şu gidişine ýurdumyzda gytçylyk dowam ediberse, bahym birwagt etem iýipdik diýip, ony bizde ýiten önüm hökmünde muzeýde goýmaly bolarys.

Ýöne adamlar aglamadyk oglana emme ýok diýipdirler. Bizem aglamaly, ýaşamaň ugruny bilmeli. Eger biz öz hakymyzy talap etmesek, hiç kim bize "Al, et!" diýip, goýun ýa sygyr bermez. Hudaýa şükür bize dil berlipdir, agzam, işlemäge elem, aýagam, şeýdip aňkaryp ýörsek, elimizden häzirlikçe iýýän etimizem alarlar. Onsoň biz öz etjegimizi bilmän, iýýänimiz baýdagymyzyň reňkinde diýmeli däl.

Eger baýdagymyzyň reňki hakynda aýtmaly bolsa, gözümize ýasama berlen gyzyl baýdak bilen işimiz ýok. Häzirki baýdagymyzyň reňki ýaşyl, ýaşyl bakylygyň simwoly, bu türkmeniň baky ýaşajagyny aňladýar. Ýöne biz öz aklymyza görä ýaşarys. Hudaýam bize aklymyzdan artyk rysk bermez. Wessalam, iş tamam.

"50 müň manat iberiň!"

Nuryşka aradan çykanam bolsa, adamlar kähalatda onuň adyndan şorta sözleri düzýärler. Ine onuň biri: Nuryşka o dünýäden özelenip, aýalyna hat ýazypdyr: "Keýwany, gaýrat et maňa 50 müň manat pul iber, bolmasa halym harap. Aýaly oňa şeýle mazmunly jogap hatyny ýazypdyr: "Nury, bu dünýäde şunça gazandyň, ýöne ol artyba agzyňy urup, soňky bäş ýylda öýe bir köpük getirmediň. Gaýtam aram-aram bizden pul aldyň. Indi bir iliň ölüsi ýaly demsiz-düýtsüz ýatyp, bizi öz günümize goý ahyry". Nuryşka aýalynyň jogabyny okap, oňa ýalbaryp, gysga, ýöne şeýle mazmunly hat ýazypdyr: "Keýwany, seniň aýdýanlaryň dogry, men indi size azar bolup, pul diläp, hat ýazman. Ýöne şu gezek 50 müň manady hökman iberiň. Bärik Saparmyrat geldi. Bärde-de "Ruhnama" almaly diýdiler. Ony almasaň, näme bolýanyny özüňiz bilýänsiňiz?!"

Döwlet Mäneli türkmenistanly alymyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Bu blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG