Taryhçy alym, akademik Ş. Täşliýew 1991-njy ýylyň güýzünde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň studentlerine beren leksiýasynda: "Eger taryhy dogruçyl öwrenjek bolsak, bolşewikler döwlet başyna gelen gününden 1917-nji ýylyň köne hasapdan 25-nji oktýabryndan (7-nji noýabr) Bolşewik repressiýasy başlady.“ diýipdi.
Akademik Ş. Täşliýewiň tassyklamagyna görä, oktýabr rewolýusiýasyna çenli türkmenler bitewi bir döwletiň tabynlygynda bolmasa-da, 1915-nji ýylda Türkmenistanyň häzirki territoriýasynyň ilat sany 1,5 milliondan az bolmandyr.
Gaýgysyz Atabaýyň tagallasy bilen 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan respublikasy döredilende, ýurduň ilaty bir milliona zordan ýetipdir.
Akademik Ş. Täşliýew: "1915-1924- nji ýyllar aralygynda ilatymyz, köpelmeden geçen, azalypdyr. Şol ýyllarda 300-350 müň raýatlarymyz daşary ýurda gaçyp atypdyr diýäýenimzde hem, azyndan 300-400 müň adam bolşewikleriň graždanlyk urşunyň yzarlanmalarynyň pidasy boldy" diýip, bize, studentlere beren leksiýasynda aýdypdy.
1920-nji ýyllarda bolşewikler han-begleri, kolhoz gurluşygyna garşy bolan adamlary rehimsiz gyrypdyrlar. Bolşewik basybalyjylaryna garşy göreşen adamlara "basmaçy" tagmasy basylyp, olary ýok edipdirler ýa-da olary ýurdy terk etmäge mejbur edipdirler. Bolşewikleriň syýasy býurosynyň 1930-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda geçen plenumy "Kulaklara garşy göreş" diýen Karary kabul edipdir. Şu Karar esasynda Türkmenistanda azyndan 30 müňe golaý gurply daýhanyň ýok edilip, ýene şonça daýhanlaryň baý-kulak diýlip, ýurtdan başga ýerlere sürgün edilendigini taryhçy akademik Bibi Päliwanowa ýatlapdyr.
Rus taryhçylarynyň 1993-nji ýylda "Stalin repressiýasy" atly kitabynda 1933-34-nji ýyllarda 2 milliona golaý bolşewikler partiýasynyň agzalarynyň 365 müňüsiniň ýa-ha öldürilendigi ýa-da azyndan on ýyl türmä oklanandygy hakynda maglumat berlipdir.
Akademik Ş. Täşliýewiň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň diňe Bolşewikler partiýasynyň agzalaryndan repressiýanyň gurbany bolup atylanlaryň, sürgün edilenleriň sany 1933-1938-njy ýyllarda 10 müňden az bolmandyr. Has dogrusy, 1925-nji ýyla çenli partiýa agza bolanlaryň 80%-i atylypdyr, atylman galanlary uzak möhletleýin sürgün edilipdir.
1937-nji ýylyň 30–njy iýulynda SSSR içeri işler Ministrliginiň buýrugy çykyp (Приказ НКВД № 00447), şondan soň, 1937-38-nji ýyllar Stalin repressiýasynyň iň aýylganç döwri hasaplanýar. Şol ýyllarda "halk duşmany" tagmasy basylyp, Gaýgysyz Atabaý, Nedirbaý Aýtak ýaly Türkmenistan respublikasyny esaslandyran ýolbaşçylar repressiýanyň pidasy boldular.
SSSR-iň Bolşewikler partiýasynyň syýasy býurosynyň 1937-nji ýylyň 5-nji iýuldaky Karary bilen (Решение Политбюро ЦК ВКП(б) № П51/144 от 5 июля 1937 года.) "watan dönükleriniň", "halk duşmanlarynyň" aýallaryny 5-8 ýyl sürgün etmek höküm edilipdir. Şol Karar bäş punktdan ybarat bolup, şonuň birinji punktunda "halk duşmanlarynyň" aýallarynyň 5-8 ýyl sürgün etmelidigi aýdylýar, ikinji punktunda SSSR-iň Içeri işler Ministrligine sürgün edilen aýalar üçin Gazagystanyň Turgaý raýonynda, Narymskiý ülkede ýörite lager döretmek tabşyrygy berilýär.
1938-nji ýylyň 27-nji awgustynda SSSR içeri işler Ministrliginiň "halk duşmanlarynyň" aýallaryna ýanýoldaşlaryny näletläp aýrylyşsalar, olary sürgün etmezlik hakynda Karar kabul edipdir. Haýran galmaly zat, köp aýallar öz "halk duşmany" ýanýoldaşlaryndan geçmändirler.
Mahlasy, akademik Ş. Täşliýewiň tassyklamagyna görä, "Beýik Oktýabr rewolýusiýasy" diýlen SSSR imperiýasynyň tabynlygynda Türkmenistanyň azyndan 300-350 müň ilaty watanyndan jyda düşmäge mejbur bolupdyr, müňlerçe adam graždanlyk urşunda öldürilipdir, repressiýanyň pidasy bolupdyr, sürgün edilipdir.
Ýöne bu pajygalara garamazdan, bolşewikleriň hökmürowanlygynda Gaýgysyz Atabaý, Nedirbaý Aýtak ýaly ýolbaşçylaryň tagallasy bilen Türkmenistan özbaşdak respublika boldy. SSSR darganda, imperiýanyň beýleki on bäş respublikalary bilen deň hatarda ýurt Garaşsyz döwlet boldy. Şonuň üçinem, SSSR imperiýasynyň pajygaly taryhyny ýaş neslimize öwretmek zerurdyr. Sebäbi taryhy öwrenip, adyl netije çykarmak, goýberilen ýalňyşlyklardan sapak almak her bir halkyň geljeginiň bagtyýar bolmagynyň kepili hasaplanýar.
Döwlet Mäneli türkmenistanly alymyň, ýerli synçynyň edebi lakamy.