Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deňeşdirme: un-çöregiň has öňki we häzirki nyrhlary


Döwlet Mäneli: "1999-njy ýyldaky ortaça aýlyga 800 gramlyk 500 sany, häzirki resmi yglan edilýän ortaça aýlyga bolsa, azyndan 1200 sany 600 gram rus buhankasyny satyn alyp bolýar".
Döwlet Mäneli: "1999-njy ýyldaky ortaça aýlyga 800 gramlyk 500 sany, häzirki resmi yglan edilýän ortaça aýlyga bolsa, azyndan 1200 sany 600 gram rus buhankasyny satyn alyp bolýar".
Onlarça raýatlarymyzyň tassyklamagyna görä, 1999-nji ýylda rus buhankalary 1000 manat, täze puldan 20 teňňe edilipdir. Şol döwürde resmi berlen maglumatda hem ortaça aýlyk 500 müň manat, täze puldan 100 manada deň eken.

Resmi maglumata görä, häzir ortaça aýlyk 800 manatdan az däl, mahlasy resmi maglumatdan hasaplanyňda, raýatlaryň aýlygy agzalan döwürdäkiden 8 esse köpelipdir. Hökümetiň ykdysady syýasatyna tankydy garaýan ýerli synçylarymyzyňam ykrar edişi ýaly, 1999-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesi görnetin gowulanypdyr.

Ykdysadyýetçilerimiziň birnäçesi un-çörek önümleriniň gymmatlan häzirki bahasynyň 1999-njy ýyldaky nyrhdan has arzandygyny delillendirýärler. Olar pikirlerini subut etmek üçin şeýle deňeşdirme getirýärler: 1999-njy ýyldaky ortaça aýlyga 800 gramlyk 500 sany, häzirki resmi yglan edilýän ortaça aýlyga bolsa, azyndan 1200 sany 600 gram rus buhankasyny satyn alyp bolýar.

Şol döwürdäki rus buhankalarynyň häzirki çöreklerden 35%-e golaý agyrdygyny hasap edeniňde hem, häzirki çöregiň bahasynyň 1999-njy ýyldakysyndan 1,5 esse gowrak arzandygyny aýdýan synçylarymyz bilen ylalaşmazlyk mümkin däl.

Ýerli synçylarymyzyň käbiriniň pikirine görä, un-çörek önümleriniň bahasynyň gymmatlamagy her bir adama nähili ýaşamaly, maşgalany nähili eklemeli diýen sowaly keserdip goýar. Bu bolsa raýatlarymyzyň pikirlenmegine oňaýly şert döreder, adamlar pikirlenip başlandan soňra bolsa ösüşiň boljagyny hiç kim inkär edip bilmez.

Un-çörek önümleriň bahasynyň gymmatlamagy – bazar ykdysatiýetiniň zerurlygy, ýöne oňa taýynlyk görülmezden, nyrhyň ýokary galdyrylmagy garaşylmadyk kynçylyklary döretmegi mümkin. Mysal üçin, un-çöregiň bahasynyň gymmatladylmagy azyk harytlaryna, ilkinji nobatda hem et-süýt önümleriniň nyrhynyň ýokary göterilmegine esas boldy.

Şonuň üçinem, hiçden giç ýagşy edilip, halka bu gymmatlaşygyň ykdysady sebäpleri doly düşündirilip we ondan zyýan çekjek girdejisi pes hojalyklara ýardam berlip, döräp biljek kynçylyklaryň öňüniň alynjakdygyna henizem raýatlarymyzyň uly bölegi umyt edýär.

Döwlet Mäneli türkmen alymynyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Blogdaky maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG