Maňa 1990-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girmek miýesser etdi. Okuwa giren studentleri şol ýylyň 30-njy awgustynda uniwersitetiň aktlar zalyna ýygnap, öňümizde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary derejeli emeldary bilen TDU-nyň rektory Garly Mälikgulyýew çykyş etdiler. Olaryň çykyşy, şol döwrüň adatyna görä, kompartiýanyň halk, ýaşlar hakyndaky “çäksiz aladasyny” wagyz etmekden ybaratdy.
Ýöne ýygnakda şol wagtky TDU-nyň rektory, professor Garly Mälikgulyýewiň studentleriň sany hakyndaky aýdan statistik sanlaryny belläp alypdyryn: “Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň gündizki bölümlerine 12045, gaýybana 6100, gijeki bölümlere 1550 student kabul edildi. Ýurdumyzda bar bolan 80 gowrak tehniki uçilişelere, olaryň ýerlerdäki bölümlerine 15500, tehnikumlara bolsa 8000-e ýakyn student kabul edildi. Beýleki soýuz respublikalarymyzyň ýokary okuw jaýlaryna 1510 sany ýaşlarymyza student bolmak nesip etdi. Soýuz respublikalaryň uçilişeleridir-tehnikumlaryna girenleriň sanam şu ýyl 8000 müňden geçdi”.
Studentleriň sany hakyndaky bu statistik maglumatlar şol döwürde türkmen metbugatynda hem çap bolupdy. 1990-njy ýylda Türkmenistandan ýokary okuw jaýyna girenleriň hemmesiniň sany 21205 bolup, şol ýyl jemi okuwa giren ýaşlaryň sany 53 müňe golaýlapdyr. Şol ýyldaky “Ýaşlyk” žurnalynyň bäşinji sanynda 1990-njy ýylda okuwy tamamlaýan ýaşlaryň sany 88 müň gowrak diýlip maglumat berlipdir.
S. Nyýazow 1993-nji ýylyň maýynda “Täze bilim” syýasatyny yglan edip, studentleriň sanyny ýyl-ýyldan azaltdy. Ýurdumyzda okuwlaryň gaýybana, agşamky bölümleri, şol sanda uçilişedir-tehnikumlar ýapyldy. 2001-2006-njy ýyllarda ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlaryna ýylda 3 müň student, ped-med içilişelere bolsa 400 töweregi student kabul edilipdir. Şol ýyllarda daşary ýurda okuwa gidýänleriň sanam örän ujypsyzdy. Mysal üçin, 2006-njy ýylda berlen resmi maglumata görä, 240 talyp şertnama esasynda daşary ýurda okuwa iberilipdir.
Häkimiýetiň çalyşmagy bilen studentleriň sany ýyl-ýyldan belli bir derejede köpeldilýär. Şu ýyl berlen resmi maglumata görä, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna 5766 talyp kabul ediler, bu geçen ýylkydan 711 talyp, hünärment mekdeplere 5765 talyp alnyp, ol geçen ýylkydan 1794 talyp köp eken. Şu ýyl daşary ýurda näçe talybyň okuwa iberilýändigi hakynda resmi maglumat berilmedi. Emma geçen ýyl daşary ýurtlara 2000 gowrak talybyň okuwa ugradyljakdygy açyk ýazylypdy. Daşary ýurda öz hasabyna okuwa gidýänleriň anyk sany belli bolmasa-da, olaryň müňlerçedigi köplere belli hakykat.
6-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde prezidente “Ýurdumyzda orta hünär mekdepleriniň işini kämilleşdirmek” hakyndaky Kararyň taslamasynyň hödürlenendigi barasynda maglumat berildi. Bu wajyp Kararyň taslamasynyň üstünde işlemek tabşyrylypdyr. Ýokary derejeli bilim emeldarlarynyň özara söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, “Ýurdumyzda orta hünär mekdepleriniň işini kämilleşdirmek” hakyndaky Kararda tehniki uçilişedir-tehnikumlary häzirki zaman şertlerinde doly dikeltmeklik göz öňünde tutulýar eken. Şu Karar kabul edilenden soňra, täze ýyldan başlap, döwletiň orta hünär mekdeplerine talyplaryň tölegsiz kabul ediljekdigine umyt bar.
2010-njy ýylda “Bilim” hakynda täze kanun kabul edildi. Bu kanunda bilim bermegiň gündizki, agşamky, gaýybana bölümlerini açmaga, hususy bilim edaralaryny döretmäge doly rugsat berilýär. Ýöne häzire çenli ýurdumyzda hususy eýeçilikdäki ýokary okuw jaýynyň ýekejesi hem ýok. Şeýle hem okuwyň gaýybana, agşamky görnüşleri heniz dikeldilenok. Emma Täze “Bilim” kanuny boýunça bu zatlara gadaganlygyň ýokdugy bilim pudagynda uly özgerişleriň boljakdygyna uly umyt döredýär.
Döwlet Mäneli türkmen alymynyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Blogdaky maglumatlar awtoryň özüne degişli.