Müsüriň harby ýolbaşçylary parlamenti dargadyp, Konstitusiýany ýatyrmagy wada edensoň, protestçilerň aglabasy Tahrir meýdançasyndan gitdiler.
Mubaregiň çykyşyndan soň müňlerçe adam anna güni Tahrir meýdançasynda galdy.
Mubaregiň režimine garşy ýurduň dürli şäherlerinde barýan protestlere penşenbe güni ýene müňlerçe adam goşuldy.
Yslamçy gozgalaňçylaryň lideri Doku Umarow “Domodedowo” aeroportunda bolan partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Müsüriň wise-prezidenti Omar Süleýman gadagan edilen “Musulman doganlygy” hereketi bilen duşuşdy.
Mubaregiň häkimiýet başyndan çekilmegine garaşýan protestçiler bir million adamy anna güni köçelerde ýöriş geçirmäge çagyrdylar.
Müsüriň prezident Hosni Mubarek indiki prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmajakdygyny aýtdy.
Mubaregiň häkimiýet başyndan kowulmagyny talap etmek üçin 2 milliona çenli adam Tahrir meýdançasyna ýygnandy.
Kairiň merkezinde söweş tanklary ýerleşdirilip, şäheriň üstünde dikuçarlar aýlanyşyp ýörler.
ABŞ Belarusyň garşysyna sanksiýalary güýçlendirip, ýurduň gysyş astyndaky graždan jemgyýetine edilýän maliýe kömegini artdyrmakçy.
Müsürde tutuş ýurtda barýan hökümete garşy protestlerde polisiýa bilen protestçileriň arasynda çaknyşyk boldy.
Stambulda Eýran bilen dünýäniň uly alty döwleti täze gepleşiklere başladylar. Gürrüň Tähranyň jedelli ýadro programmasy barada barýar.
Tunisde oppozision partiýalaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikler netijesinde täze koalision hökümet düzüldi.
ÝHHG-niň täze başlygy Litwa öz ýolbaşçylygy döwründe tutuş dünýädäki žurnalistleriň hukugyny gorajakdygyny aýdýar.
Penşenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow demokratik derejesi gitdigiçe artýan durnukly dünýä düzgünini öwdi.
Wengriýadaky jedelli media kanuny baradaky gahar-gazap öz täsirini ýetirene meňzeýär. Wengriýa zerur bolsa özüniň bu kanuny üýtgetjekdigini bildirdi.
Pakistanyň Penjap welaýatynyň öldürilen häkimi dost-ýarlarynyň, döwlet işgärleriniň we tarapdarlarynyň gatnaşmagynda çarşenbe güni Lahorda jaýlandy.
Eýran HAEG-e bellenen diplomatlaryň käbirini ýurduň ýadro desgalaryny gelip görmäge çagyrandygyny habar berýär.
Şu gün Moskwanyň sudy Mihail Hodorkowskiý bilen Platon Lebedewi milliardlarça dollarlyk ogurlykda günäli tapdy.
Sowuk gyş güni köçelerini gar basyp ýatan Ýewropanyň uly şäherlerinde on müňlerçe ýolagçy aşjak ýerine aşyp bilmän uçar meýdanlarynda nobata dur.
Ýene-de ýükle