Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mubarek indiki prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmajakdygyny aýdýar


Arap telekanaly “Al-Jazeera” Mubaregiň telewideniýede eden çykyşyny Tahrir meýdançasynda yzarlan protestçileriň “Ýok bol, ýok bol! Ölüme çenli rewolýusiýa” diýip gygyryşandygyny habar berdi.
Arap telekanaly “Al-Jazeera” Mubaregiň telewideniýede eden çykyşyny Tahrir meýdançasynda yzarlan protestçileriň “Ýok bol, ýok bol! Ölüme çenli rewolýusiýa” diýip gygyryşandygyny habar berdi.
Müsüriň prezident Hosni Mubarek sişenbe güni agşam telewideniýede eden çykyşynda özüniň möhleti tamamlanýança häkimiýet başynda galjakdygyny, ýöne şondan soň täze prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Mubarek ýurduň hökümdary hökmünde özüniň Müsürde bolmaga borçludygyny aýtdy, 1-nji fewral.
Sekiz günläp dowam eden protestleriň iň ulusy bolan sişenbe günündäki protestlerden soň hem halkyň talabyna boýun bolmadyk 82 ýaşly lider syýasy toparlary kanuny protestleri gazaply herekete we talaňçylyga öwürenlikde aýyplady. Ol özüniň Müsüri terk etmek niýetiniň ýokdugyny hem duýdurdy.

“Bu gün size ýüzlenýän, Hosni Mubarek ençeme ýyllap Müsüre we onuň halkyna hyzmat etmekde gazananlaryna guwanýar. Bu meniň watanym, önüp-ösen ýerim. Men göreşip, onuň topragyny, özbaşdaklygyny we bähbitlerini goradym. Men şu toprakda hem ölerin” diýip, Mubarek aýtdy.

Arap telekanaly “Al-Jazeera” Mubaregiň telewideniýede eden çykyşyny Tahrir meýdançasynda yzarlan protestçileriň “Ýok bol, ýok bol! Ölüme çenli rewolýusiýa” diýip gygyryşandygyny habar berdi.

30 ýyl bäri Müsürde höküm sürüp gelýän Mubarek ýurduň hökümdary hökmünde özüniň Müsürde bolmaga borçludygyny aýtdy: “Häzir meniň ilkinji jogapkärçiligim ýurda howpsuzlygy gaýtaryp getirmek. Müsür we müsürlileri gorap, täze hökümete parahatçylykly geçere şert döretmek. Prezidentlik saýlawynda halk kimi saýlasa, häkimiýeti şoňa tabşyrmak”.

Ol sözüne şeýle dowam etdi: “Ine, ak ýürekden aýdýaryn, häzirki wakalara garamazdan ýene bir möhlet prezidentlige dalaş etmek niýetim ýok. Meniň öz ömrümde Müsüre we onuň halkyna eden hyzmatym artykmajy bilen ýeterlik. Ýöne men indi halkyň hatyrasyna öz möhletimi tamamlamaga borçly” diýip, Mubarek aýtdy.

Müsür prezidenti Hosni Mubarek halkyň talabyny ýerine ýetirmek üçin özüniň kabinetini boşadyp, täze hökümet düzendigini hem ýatlatdy.

Garyplyk, işsizlik we korrupsiýa zerarly 25-nji ýanwarda başlanan gozgalaňlarda 100-den agdyk adam öldi.

ABŞ-nyň maslahaty

Mubaregiň çykşyndan öň Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama oňa indiki saýlawlara goşulmazlygy maslahat beripdir.

Mubaregiň çykyşyndan az salym soň Obama Ak Tamda žurnalistlere: “Müsürde geçiş döwri üçin bu bir pursat” diýdi. Ol özüniň Mubarek bilen gürleşendigini, onuň özgerişligiň gerekdigine düşünýändigini belledi.

Obama Ak Tamda žurnalistlere: “Müsürde geçiş döwri üçin bu bir pursat” diýdi, 1-nji fewral.
“Belli zat, şu gije prezident Mubarege aýdyşym ýaly, geçiş manyly bolmaly, prahatçylykly bolmaly, oňa hut şu wagt başlanmaly” diýip, Obama aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň özüniň iň wepaly arap ýaranyny goldamagy bes etmegi öz täsirini eýýäm görkezdi. Kairiň köçelerinde bir million töweregi adam: “Mubarek çyk git! Mubarek çyk git!” diýip gygyryşdylar.

Reformaçy lider, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Mohammed El-Baradeý “Al-Arabiýe” telekanalyna beren interwýusynda: “Aralyk hökümet barada gürleşmäge wagt geldi” diýdi.

“Müsürlileriň ilkinji talaby - täze döwre başlap, howpsuzlyk, erkinlik we demokratiýa esaslanýan täze Müsüre girişer ýaly, prezident Mubaregiň ýurdy terk etmegi” diýip, El-Baradeý aýtdy.

“Musulman doganlygy” ozal Müsüriň harby ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirmeli komitetiň agzasy hökmünde El-Baradeýi goldaýandygyny aýdypdy. Emma dürli oppozision toparlaryň arasynda oňuşmazlyk döräp ugransoň, ol bir beýannama ýaýradyp, syýasy geçiş barada Mubaregiň özi ýa onuň hökümetiniň agzalary bilen güleşmejekdigini bildirdi.
XS
SM
MD
LG