Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Günbatar bilen has gowy gatnaşyklaryny öwýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwada geçen ýyllyk metbugat konferensiýasynda, 13-nji ýanwar.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwada geçen ýyllyk metbugat konferensiýasynda, 13-nji ýanwar.
Penşenbe güni Moskwada geçen ýyllyk metbugat konferensiýasynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow demokratik derejesi gitdigiçe artýan durnukly dünýä düzgünini öwdi. Ol: “Konfrontasiýanyň azalyp, hyzmatdaşlygyň köpelmegi halkara gatnaşyklarynda bir täze ülňüni döretdi” diýdi.

Orsýetiň baş diplomaty Lawrowyň pikiriçe: “Bu özgerişlere hemmeleriň taýýarlygy ýok. Käbirleri ugurlaryny ýitirdiler, käbirleri hem bu özgerişleri togtatmaga synanyşýar. Bu hem näbelliliklere getirip, dünýa sahnasynda bolup geçýän wakalara köp derejede täsir edýär”.

Lawrowyň aýtmagyna görä, “halkara ýagdaýynyň barha sagdynlaşmagyna” ilkinji nobatda jogapkär Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň aragatnaşygynyň gowulanandygy. Ol bu barada şeýle diýýär: “Bu gün bizi Birleşen Ştatlar bilen birleşdirýän zatlar aramyzy bölýän zatlardan köp. Hakykat gysga möhletli syýasy öwrümlere pida bolmaz diýip umyt edeliň”.

Täzelenýän gatnaşyklar

Bu oňyn hem hyjuwly ritorika Lawrowyň Günbatary saýgylan ýyllarynyň arka atylandygyny görkezýär. Waşington muňa prezident Barak Obamanyň Orsýet bilen gatnaşyklary täzelemek baradaky kararynyň oňat netijesi diýip, baha berse gerek. Bu syýasat 2009-njy ýylda, Orsýet Gürjüstana çozup girenden soň başlandy.

2009-njy ýylda Birleşen Ştatlaryň ýarany Gürjüstan Moskwa bilen Günbataryň gatnaşygyny sowuk urşuň derejesine ýetiripdi. Lawrow düýn şondan soň bolan ösüşleri, şol sanda täze ýadro ýaraglary we energiýa baradaky şertnamalara gol çekilmegini-de, Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi baradaky gepleşikleri-de öwdi.

“Biziň häzir etmeli esasy işimiz Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky sagdyn we deňhukukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň bazasyny aýap saklamak, öz strategik bähbitlerimiziň sferasyny giňeltmek” diýip, Orsýetiň daşary işler ministri Lawrow belledi.

Orsýetiň daşary işler ministriniň aýtmagyna görä, gatnaşyklaryň gowulanmagy Moskwanyň NATO bilen bolan ors-gürji urşundan soň özüniň iň pes derejesine düşen gatnaşygynyň hem täzeden ýokarlap ugramagyna getiripdir. Orsýetiň Ýewropa Bileleşigi bilen-de güýçli strategik ýaranlygy bar.

Ýewropanyň howpsuzlygy

Lawrow Moskwanyň Ýewropanyň täze howpsuzlygy barada eden teklibiniň möhüm rol oýnandygyny aýtdy. Ol: “Käbir adamlar hiç bir zadyň üýtgemegini islemeýär. Olar Ýewropanyň howpsuzlygyny NATO-nyň baştutanlygynda üpjün etmekçi bolýarlar. Ýöne akylly adamlar munuň mümkin däldigini, sebäbi Orsýet deň partnýor bolup gatnaşmasa, Ýewropada ygtybarly howpsuzlyk sistemasynyň bolmajakdygyny bilýärler” diýdi.

Lawrowyň agzap geçen meseleleriniň ýene biri Eýranyň ýadro programmasy boldy. Ol muny bir “çynlakaý problema” diýip atlandyrdy. Lawrowyň pikiriçe, Tähranyň Orsýet bilen Hytaýy öz ýadro desgalaryny gelip görmäge çagyrmagy üns bereniňe degýän zat. Ýöne bu Halkara atom energiýasy gullugynyň kadaly barlaglarynyň ýerini tutup bilmez.

Orsýetiň daşary işler ministri Belarus bilen Gazagystanyň erkin söwda zonasyny döretmek barada öten ýyl gelen ylalaşygyny hem öwdi. Onuň aýtmagyna görä, Orsýetiň geljek ýyl etjek zerur işleriniň biri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň arasyndaky gowşak ýaranlygy güýçlendirmek bolar.
XS
SM
MD
LG