Litwa: “Üstümizdäki ýyl Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň öňünde durjak iň möhüm mesele uzak wagt bäri dowam edip gelýän territorial dawalaryň çözülmegi” diýýär. Ýurduň daşary işler ministri Audronius Azubalis Litwanyň bu gurama bir ýyllyk prezidentlik döwründe haýsy işleri ileri tutjakdygyny penşenbe güni yglan etdi.
“Bu ýeke bir ýolbaşçylyk meselesi däl. Bu biziň hemmämize degişli zat. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlarda bar bolan konfliktleriň parahatçylykly we gepleşikler arkaly çözülmegi biziň iň ýokary borjumyz, hemmämiziň iň ýokary borjumyz” diýip, Litwanyň baş diplomaty Azubalis aýtdy.
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy “doňup duran konfliktler” diýilýän üç konflikt baradaky gepleşiklere araçylyk edip geldi. Olar Orsýetiň goldawy bilen Gürjüstandan aýrylmaga synanyşýan Abhaziýa bilen Günorta Ossetiýa, Moldawadan aýrylmagy maksat edinen Pridnestrowiýe, şeýle hem Daglyk Garabag konfliktleri. Emma bu gepleşikleriň beren uly netijesi ýok.
Azubalisiň aýtmagyna görä, Litwa Pridnestrowiýe barada formal taýdan ýaraşyk gepleşikleriniň dowam etdirilmegi, şeýle hem Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Gürjüstanda has köp iş alyp barmagy barada tagalla eder. Ol Daglyk Garabag gepleşiklerini hem güýçlendirmäge synanyşar.
Belarusyň karary
Litwanyň daşary işler minstri Audronius Azubalis Belarusyň häkimiýetleriniň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň paýtagt Minskidäki edarasyny ýapmak baradaky kararyna hem özüniň gynanýandygyny bildirdi.
Belarus häkimiýetleriniň bu karara gelmegine Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Minskini erkin we adalatly saýlaw prinsiplerini äsgermezlik edenligi hem-de dekabrda geçen protestleri güýç bilen basyp ýatyranlygy üçin ýazgarmagy sebäp boldy.
“Men Belarusda geçen saýlawlarda bu prinsipleriň ýerine ýetirilmändigine we ÝHHG-niň Minskide öz işlerini dowam etdirmegine Belarus häkimiýetleriniň razylyk bermändigine gaty gynanýaryn. Minskini bu karary täzeden gözden geçirmeklige hem-de Kopengagen kriteriýalaryny ýerine ýetirmeklige çagyrýaryn” diýip, Azubalis aýtdy.
19-njy dekabrda Minskide geçen köpçülikleýin protestlerde 600-dan gowrak adam tutuldy. 20 töweregi adam, şol sanda birnäçe žurnalist we prezidenlige kandidat bolup saýlawa gatnaşan dört adam heniz hem tussaglykda saklanýar. Olara “köpçülikleýin bidüzgünçilikleri” gurnamakda günä bildirilýär.
Žurnalistleriň goragy
Azubalis ÝHHG-niň täze başlygy Litwanyň tutuş dünýädäki žurnalistleriň hukugyny gorap, media erkinligini goldajakdygyny hem aýtdy. Ol Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyny geljek iýun aýynda Wilniusda žurnalistleriň howpsuzlygy barada ýörite konferensiýa geçirmeklige çagyrdy.
“Geçen 12 ýyllykda öz kanuny, peýdaly işlerini edip ýörkä, 1,100-den gowrak žurnalistiň we media işgäriniň öldürilendigini göz öňüne getireniňde bu konferensiýanyň möhümdigine düşünýärsiň. Bu beýle dowam edip bilmez” diýip, Azubalis aýtdy.
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçylygy Gazagystandan Litwa geçýär. Gazagystan özüniň ÝHHG-e başlyklygy döwründe öz ýurdunda adam hukuklarynyň ýaramazlygy sebäpli yzygiderli tankyt edildi.