Oppozisiýanyň özenini emele getirýän 10 müň töweregi demonstrant duşenbe güni agşam komendant sagadyny äsgermezlik edip, gijäni Tahrir meýdançasynda geçirdi.
Sekiz gün bäri dowam edýän gazaply protestlerde iň bärsinden 125 adam öldi. Bu günki demonstrasiýany gurnanlar ony “Millionlaryň ýörişi” diýip atlandyrdylar. Oppozision ýolbaşçylar, şeýle-de halky sişenbe güni umumy iş taşlaýyş geçirmäge çagyrdylar.
Duşenbe güni giçlik müsür harbylarynyň sözçüsi Ismail Etman esgerleriň parahatçylykly demonstrantlara garşy güýç ulanmajakdygyny aýtdy: “Allanyň adyndan beýik müsür milletine bildirýärin. Ýaragly güýçlerimiz siziň talaplaryňyzyň kanunydygyny ykrar edýär, siziň howpsuzlygyňyz barada aladalanýar. Şol sebäpden şu zatlary nygtaýarys: birinjiden, parahatçylykly protest geçirmäge her bir adam hukukly; ikinjiden, halkyň saglygyna we howpsuzlygyna zyýan ýetirjek hiç bir işi etmäň. Jemgyýetçilige degişli ýa-da şahsy mal-mülke zyýan ýetirmäň!”.
Emma tertip-düzgüni goraýan polisiýa güýçleriniň özlerini nähili alyp barjakdygy belli däl. Öten hepde ençeme adamyň öldürilmegine şolar jogapkär diýilýär. Bular ýaly hereketlerden aladalanýan Müsüriň 50-den gowrak adam hukuklaryny goraýjy toparlary sişenbe güni gandöküşikligiň öňüni almak üçin Mubaregi häkimiýet başyndan çekilmäge çagyrdylar.
“Prowokatorlaryň mähellä goşulmagy ahmal”
Merkezi Kairde ýerleşýan “Alhurra” telekanalynyň habarçysy Tarek el-Şambiniň aýtmagyna görä, Mubaregiň tarapdarlarynyň protestlere goşulyp, gazaply hereketleri turuzmagy mümkin.
“Prezident Mubaregi goldaýan ýüzlerçe demonstrant duşenbe güni Kairiň dürli ýerlerine ýygnandy. Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, olaryň ýanynda pyçak we şoňa meşzeş başga ýaraglar bar. Olaryň Tahrir meýdançasyna barýan esasy demonstrasiýa goşulyp, prezident Mubaregiň garşysyna çykan adamlar bilen çaknyşmagy ahmal” diýip, el-Şambi aýdýar.
Adamlaryň Tahrir meýdançasyna ýygnanmagynyň öňüni sişenbe güni ne polisiýa aldy, ne-de esgerler. Ýöne başga ýerlerde welin, häkimiýetler protestçileriň sanyny çäklendirmäge synanyşana meňzeýär. Muňa garamazdan, müňlerçe adamyň ýörişe gatnaşmak üçin ýurduň ikinji uly şäheri Aleksandriýa ýygnandygy aýdylýar.
Öten hepde Kairde dörän garym-gatymlyga we talaňlara hem jogapkär polisiýa güýçleri diýilýär. Kairli aktiwist Sahar Al-Mougy bidüzgüçilikleriň döremeginde köp adamlaryň hökümetiň prowokatorlaryny güman edýändigini aýdýar: “Biz bu korrumpirlenen sistema çökýänçä, köçelerden çekilmeris. Mubaregiň kellekeserlerini biziň üstümize çozduran, Içeri işler minstrliginiň kellekeserlerini köçelerde halkyň mal-mülküni talamaga, ot berip, halky azatlykdan ürküzmäge iberen şu sistema. Ýöne biz gorkamzok”.