Ol öz çykyşynda ýurduň 25-nji ýanwarda protestleri ýola goýan ýaşlaryny öwüp, olaryň talaplarynyň kanuny we dogrudygyny aýtdy. Mubarek prezident bolup hyzmat etmek barada Allanyň we ýurduň öňünde kasam edendigini ýatladyp, özüniň daşardan gelýan buýruklary kabul etmejekdigini aýtdy.
“Respublikanyň prezidenti hökmünde ýurdumdaky ýaşlaryň aýdýanlaryny diňläp, olara jogap bermegi özüme aýyp ýa kiçilik hasap edemok. Ýöne hakyky aýyp we kiçilik daşardan gelýän buýrukdyr. Men muny nireden we näme üçin gelse-de, hiç haçan kabul edemok we kabul etmerin”.
“Uly şok”
Mubarek öz ygtyýarlyklartynyň käbirini wise-prezident Omar Süleýmana berse-de, özüniň prezidentlik ornundan aýrylman, häkimiýetiň indiki hökümete parahatçylykly geçmegine gözegçilik etjekdigini bildirdi. Tahrir meýdançasynda muny eşiden märeke, arap däbi boýunça, aýakgaplaryny galgadyp, “ol ýurdy terk etmeli” diýşip gygyryşdy.
Mubaregiň çykyşyndan soň prezident Barak Obama tarapyndan çykarylan bir beýannamadan çen tutsaň, Müsür prezidentiniň iş başyndan çekilmezlik baradaky kararyna Waşington hem garaşmadyga meňzeýär. Obamanyň beýannamasynda Mubaregiň ady agzalmasa-da, ol öz halkyna aýdyňlyk ýa demokratiýa tarap anyk bir ýoly hödürlemänligi üçin tankytlanýar.
Joel Rubin Waşingtonda ýerleşýän Milli Howpsuzlyk Ulgamynyň analizçisi hem-de Ak Tamda Müsür boýunça iş alyp barýan toparyň agzasy. Ol Mubaregiň halkyň talabyna boýun egmänligini “uly şok” diýip atlandyrdy. Ol Müsürde anna güni gaty köp adam köçelerde ýöriş geçirer, munuň hem harbylaryň ara goşulmagyna getirmegi mümkin diýen pikirde.
“Öňkülerden köp adamlaryň üýşenini göreris. Onsoň olaryň gahary ýetjek derejesine ýetip, gazaply hereketleriň turmagy gaty ähtimal. Bu hem ýaragly güýçleriň ara goşulmagyna sebäp bolar. Ýöne sorag ýaragly güýçleriň näme etjekdigi. Olar halka basyş edermi ýa Mubaregi wezipeden aýrarmy, ony bilemok” diýip, Rubin aýdýar.
Halk gaharly
Mubaregiň çykyşyndan soň müňlerçe adam anna günündäki ýörişlere taýýarlyk görmek üçin Tahrir meýdançasynda galdylar. Anna günündäki protest iň uly protest bolar diýip, pikir edilýär.
Uniwersitet professory, 50 ýaşly Antonini Abu Saýed, Mubaregiň eden eglişikleriniň protestçileriň talabyna laýyk däldigini belläp, özüniň şu günki ýörişe goşuljakdgyny aýdýar. 45 ýaşly mugallym Ismail Zarkaria hem Mubaregiň çykyşyny “kesirlik we samsyklykda deňy-taýy ýok” çykyş diýip atlandyrýar.
Tahrir meýdançasyndaky ýene bir protestçiniň pikiriçe, häzir iň möhüm zat bir kanuny ýolbaşçynyň saýlanmagy. Ol bu hakda şeýle diýýär: “Bize bir ýolbaşçy gerek. Ol açyk, aýan saýlaw sandygyndan çykmaly. Şu sandykdan bir eşek-de çyksa, biz ony kabul edip, depämize götereris”.
Mubaregiň çykyşyna görkezilýan reaksiýalara “Twitterde” köp garaşmaly bolmady. “Egyptocracy”: “30 ýyllap häkimiýet başynda bolmagyň adamyň başyna nämeleri getirýändigini Mubarek görkezdi” diýip ýazdy.
“Harizunzruwyň” ýazmagyna görä, uly sögünç Mubaregiň “Şehitleriň gany ýerde ýatmaz” diýmegi, sebäbi olaryň ganyna galan Mubaregiň özi.