Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran öz niýetiniň düzüwdigini subut etmekçi


 Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Tährandan uran baýlaşdyrmagy duruzmagy talap edip, onuň garşysyna dört gezek sanksiýa girizdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Tährandan uran baýlaşdyrmagy duruzmagy talap edip, onuň garşysyna dört gezek sanksiýa girizdi.

Eýran Atom energiýasy boýunça halkara agentligine wekil bellenen diplomatlaryň käbirini ýurduň ýadro desgalaryny gelip görmäge çagyrandygyny habar berýär.

Üstümizdäki aýda Eýranyň jedelli ýadro programmasy barada Stambulda täze gepleşikler geçýär. Ýurduň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Ramin Mehmanparastyň aýtmagyna görä, çagyrylanlaryň arasynda bu gepleşiklere gatnaşýan dünýäniň güýçli döwletleriniň altysynyň käbirinden-de wekiller bar. Bu alty döwlet: Britaniýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý we Orsýet.

Mehmanparastyň aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşiginden we ösüp gelýän ýurtlardan hem wekiller çagyrylypdyr. Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Hong Lei çagyrylanlaryň biriniň Hytaýdygyny tassyklady. Ýöne onuň beren başga maglumaty ýok. Aýdylyşyna görä, Orsýetden hem delegatlar çagyrylypdyr.

ABŞ-nyň wekili barmy?

“Çagyrylanlaryň arasynda Birleşen Ştatlaryň wekili barmy?” diýlen soraga Mehmanparast: “Çagyrylan ýurtlaryň sanawy doldurylansoň, bu bildiriler” diýdi. Ýöne, bu haty gören bir diplomatyň aýtmagyna görä, Eýran Birleşen Ştatlary çagyrmandyr. Amerikanyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Mark Toner: “Bu çakylyk Eýranyň halkara atom gullugy bilen hyzmatdaşlyk etmek barada öz üstüne alan borçlarynyň ýerini almaz” diýdi.

Mehmanparastyň aýtmagyna görä, çagyrylan diplomatlar üstümizdäki aýyň aýaklarynda Stambulda geçmeli gepleşiklerden öň Eýranyň ýadro desgalaryna baryp görerler. Ol: “Çakylyk yslam respublikasynyň hoşniýetliligini görkezmek üçin edýan tagallasyna degişli” diýdi.

Mehmanparast: “Dürli ýurtlardan ilçileriň biziň ýadro desgalarymyzy gelip görmäge çagyrylmagy hyzmatdaşlyk we parahatçylykly işler barada ýurdumyzyň hoşniýetliligini ýene bir gezek görkezýär” diýip, ýurduň bu ugurdaky pozisiýasyny mälim etdi.

Gepleşikler uzaga çekýär

Gepleşikleriň öňki tapgyry, bir ýyl arakesmeden soň, 6-7-nji dekabrda Ženewada geçipdi. Ýöne onuň Eýranyň ýadro işleri baradaky uzaga çeken dawada getiren öňegidişligi ýok diýerlik.

Günbatar Eýranyň atom programmasyndan maksat atom bombasyny öndürmek diýip güman edýär. Eýran hem bu programmanyň parahatçylykly elektrik öndürmekden başga zat üçin däldigini aýdýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Tährandan uran baýlaşdyrmagy duruzmagy talap edip, onuň garşysyna dört gezek sanksiýa girizdi. Sebäbi ýokary derejede baýlaşdyrylan urany ýadro ýaraglary üçin ulanyp bolýar.

Eýranyň wekilleri Stambulda geçjek duşuşykda bular ýaly talap barada gürrüň edilmejekdigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG