Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geljekki demokratik Müsür ugrundaky göreş


Protestçiler parlamentiň gabawyny hem-de Tahrir meýdançasyndaky lagerlerini berkitdiler
Protestçiler parlamentiň gabawyny hem-de Tahrir meýdançasyndaky lagerlerini berkitdiler

Müsürde prezident Hosni Mubaregiň režimine garşy ýurduň dürli şäherlerinde barýan protestlere penşenbe güni ýene müňlerçe adam goşuldy.

Wise-prezident Omar Süleýman kontrollygy ele almak üçin harbylardan peýdalanylmagynyň ähtimaldygyny duýdurdy. Ol: “Protestler dowam edip, oppozision ýolbaşçylar bilen geçirilýän gepleşikler krizisiň çözgüdine getirmese, harby döwlet agdarylyşygynyň bolmagy mümkin” diýip, gytaklaýyn haýbat atdy.

Protestçiler hem Süleýmanyň bu haýbatyna jogap edip, parlamentiň gabawyny hem-de Tahrir meýdançasyndaky lagerlerini berkitdiler. Olar şeýle hem halky anna güni juma namazyndan soň, köçelerde köpçülikleýin ýöriş geçirmäge çagyrdylar.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýurtda korrupsiýa we garyplyga garşy soňky günlerde demonstrasiýa geçirmegi-de protestçileri güýçlendirýär.

Bu aralykda Müsüriň daşary işler minstri Ahmed Abul Gaýt Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýdeniň Kairi onlarça ýyl bäri dowam edip gelýän adatdan daşary ýagdaýy haýal etmän ýatyrmaga çagyrmagyny tankytlady.

Abuk Gaýt: “Sen eger uly ýurt Müsüre, Birleşen Ştatlar bilen iň oňat gatnaşyk saklap gelen dostuňa, öz aýdanyňy etdirjek bolsaň, bu öz islegiňi onuň boýnuna dakmak bolýar. Müsür, Müsüriň prezidenti we Müsüriň hökümeti reformalara eýýäm başlady. Müsüriň prezidenti ýol kartasyny düzüp, wise-prezidente bu barada dürli oppozision toparlar bilen pikir alyşmagy tabşyrdy” diýdi.

Müsüriň goňşulary nämeden gorkýarlar?

Müsüriň goňşulary hem Waşingtony Mubaregi goldamagy bes etmezlige çagyrýarlar. Olar: “Gyssagly demokratiýa geçilse, radikal yslamçy toparlar häkimiýet başyna gelip, tutuş Orta Gündogar durnuksyzlaşar” diýip, duýduryş berýärler.

Ak Tamyň sözçüsi Robert Gibbs Waşingtonyň häkimiýetiň 82 ýaşly Mubarekden başga birine geçmegi barada anyk çärelere garaşýandygyny aýtdy.

Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak Obamanyň howpsuzlyk baradaky topary bilen pikir alyşmak üçin Ak Tama bardy. Süleýmany Ysraýyl-da goldaýar. Ysraýylyň garaýşyça, demokratiýa geçiş döwründe Müsüri iň oňat dolandyryp biljek adam Süleýman.

Halkara howpsuzlyk işleri boýunça Birleşen Ştatlaryň goranmak ministriniň kömekçisi Alesander Werşbow çarşenbe güni Ysraýylda geçen howpsuzlyk konferensiýasynda Waşingtonyň Müsür bilen Ysraýylyň arasynda Kemp Dewidde gelnen ylalaşyklary goldaýandygyny bildirdi.

“Birleşen Ştatlar bilen berk goranyş gatnaşygynda bolan müsür harbylarynyň ýurtda geçiş döwründe Ysraýyl bilen bolan ýaraşyk ylalaşygyny gorap, ony dowam etdirip biljek güýç bolmagy mümkin” diýip, Werşbow aýtdy.

Obamanyň strategik gatnaşyklar boýunça Milli howpsuzlyk geňeşçisiniň orunbasary Ben Rodes çarşenbe güni: “Birleşen Ştatlar Müsürde näme netijelere gelinmelidigi barada buýruk berjek bolanok. Ol diňe käbir prinsipleriň ýerine ýetirilmegini isleýär” diýdi.

“Biz geçen birnäçe günüň dowamynda käbir çäreleriň girizilendigini gördük. Bular iki hepde mundan ozalky ýagdaý bilen deňäniňde, möhüm özgerişler. Ýöne bu Müsürde demokratik gurluşa geçmäge gerekli manyly we üýtgewsiz çäreler baradaky talaplara laýyk däl” diýip, Rodes aýtdy.
XS
SM
MD
LG