Ykdysadyýeti, kompýuter tehnologiýasyny, bilimi ösdürmek üçin satellitiň Türkmenistanda möhümdigi barasynda kim jedel edip biler? Ýöne başga bir ýagdaý bar: döwletiň kontrollygy astynda boljak şol satellit ýa emeli hemra howply bir roly-da ýerine ýetirip biler.
Awaza dynç alyş zolagynda uly dabara bilen kabul edilýän täze obýektler, isleseň-islemeseň-de, öz-özüňe “bu näme üçin şeýle edilýär?” diýen soragy bermäge mejbur edýär.
Diňe bähbide kowalaşmak ABŞ-a gitdigiçe kyn düşýär. Türkmenistan bilen baglaşylan kontraktlardan geljek ykdysady peýda Amerika üçin möhüm, ýöne ol ýeke-täk zat däl.
Geçen anna güni geçirilen hökümet maslahatynda ýene-de gopgun turdy, bu bolsa ýokary häkimiýetiň belli bir böleklerinde dolandyryjy sistemada ysmaz keseliniň bardygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanda döreýän, ýüze çykýan ähli problemalar, şol sanda prezidentiň yglan edýän şygarlary-da jedelden, maslahatlaşmadan, diskussiýadan daşda galýar.
Türkmenler nädip dünýäniň ünsüni özüne çekip biler? Gurluşykda gazanylanlar dünýäniň görmedik zady däl. Ýöne gurluşyga goýberilýän ägirt uly serişde köp sanly graždanlaryň pes durmuş derejesiniň fonunda geň galdyrmagy mümkin.
Ýokary derejeli türkmen býurokratlary ýene-de korrupsiýada tutuldylar. Gurbanguly Berdimuhamedow öz arkasyndan uly möçberli korrupsiýa häsiýetli söwdanyň edilendigini bilýärmikä?
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýaýbaňlandyrylýan täze gurluşyk proýektleri ýene-de nobatdaky gezek ýerli ýaşaýjylaryň ümsüm durmuşyna ynjalyksyzlyk getirer diýlip garaşylýar.
Sungatda-da, informasiýa pudagynda-da senzura meselesine düýpden täzeçe baha berilmese, zehinli eserler we gyzykly täze inisiatiwalar ýüze çykyp bilmez.
ÝHHG-niň goldawy bilen Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk we halkara gatnaşyklary fakultetiniň studentleri halkara hukuk standartlary boýunça doly seminar geçmäge mümkinçilik aldylar.
Dünýä ýurtlarynda ýeterlik derejede bilimli, watançylyk duýgusyna ýugrulan türkmen graždanlary ýaşaýarlar, olaryň tejribeleri ýurtda düýpli özgerişler geçirmekde uly kömek bolardy.
«Gündogar Tükmenistanyň medeni mirasy orta asyr medeniýetiniň ulgamynda» atly halkara foruma gatnaşyjylara Berdimuhamedow öz gutlagyny ýollady.
Moskwa Türkmenistanyň üstünden saklap gelen ozalky monopoliýasyny täze peýda bolan konkurentler bilen paýlaşmaklyga uýgunlaşyp bilenok. Orsýet tarapynyň bu ugurdaky aladalaryna käbir halkara synçylary-da ünsi çekýärler.
Ministrler Kabinetiniň soňky maslahaty ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýokarky gatlaklaryndaky inisiatiwa bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň örän gözgynydygyna aýdyň mysal boldy.
Türkmen türmelerinde oturanlar prezidentiň aýgytly kararynyň ýakynlaşýandygy barada gürrüň edýärler. Muny eýýäm “Altyn Amnistiýa” diýip atlandyryp başladylar.
Şu günki gün demokratik dünýäniň Türkmenistana nähili göz bilen garaýandygyna Aşgabada gelen ýapon delegasiýasynyň mysalynda syn etmek mümkin. Ýapon delegasiýasynyň sapary möhümdir.
Türkmenistanda häkimiýet, has takygy prezidentiň özi, özgerişler üçin şu wagta çenli aktiwlik görkezmäge aýgyt edip bilmedik ýönekeý adamlaryň goldawyna mätäç.
Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow düýbünden täze ideýalary öňe sürdi. Eger olar yzygiderli durmuşa ornaşdyrylsa, örän ýakyn wagtlarda Türkmenistanda döwlet sistmasynyň häsiýeti özgerip biler.
Türkmen türmeleri barasynda ilkinji halkara barlaglary esasynda taýýarlanan hasabatyň peýda bolmagy “Türkmenistanyň täze ýolbaşçylary düýpli reformalar geçirmäge näderejede ukyply?” diýen meseläni has-da ýitileşdirdi.
Türkmenistanyň prezidentiniň sungat işgärleri bilen duşuşygy bu gezek prezident Berdimuhamedowyň adresine diňe bir däp bolan öwgüli sözleri ýagdyrmak bilen çäklenmedi. Prezident durmuş hakykatyna çuň aralaşýan eserleri görmek isleýändigini aýtdy.
Ýene-de ýükle