Olaryň birinjisi, indi bolmaly türkmen-amerikan syýasy konsultasiýalary, ikinjisi – türkmen-amerikan biznes forumy. Oňa amerikan tarapyndan Biznes geňeşiniň agzalary-da gatnaşmaly.
Ýakynda G.Berdimuhamedowyň kärdeşi Nursoltan Nazarbaýew Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen duşuşdy. Şol duşuşygyň öň ýany adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy Birleşen Ştatlaryň prezidentine açyk hat bilen ýüzlenip, eglenmezden, adam hukuklary bilen bagly reformalara başlamagy Gazagystanyň prezidentinden talap etmegi haýyş etdi.
“Human Rights Watch” guramasy Gazagystanda dünýä demokratik standartlaryna laýyk gelýän ähli azatlyklar bilen bagly ýagdaý gowulaşýança, Gazagystana islendik kömegi bermegi Barak Obamadan talap etdi. Şol azatlyklara ýygnaklar, köpçülikleýin habar serişdeleriniň, ondan-oňa erkin baryp-gelmek, demokratik saýlawlar hem sudlarda kanuny gorag hukugy ýaly azatlyklar girýär.
Başgaça aýdylanda, amerikanlar bilen gepleşikleri geçirjekler islese-islemese-de, bir zada – ABŞ-nyň adam hukuklary meselesindäki düýpli problemalary ömürbaky görmediksiräp ýörmejekdigine düşünmeli.
Gazagystan öňdebaryjy halkara standartlaryny hasaba almak bilen aktiw jemgyýet gurýar – diýip, Nazarbaýew egindeşleri bilen bilelikde tassyklasa-da, şol tassyklamany gazak propagandasy alyp göterse-de, ol gazak jemgyýetindäki real, hakyky ýetmezçilikleri ýaşyryp, gizläp bilmez.
Türkmenistanda-da dowam edýär
Şol problemalar Türkmenistanda Gazagystandakydan has erbet görnüşde dowam edýär. Çünki bu ýurt Nyýazowdan despotizmiň, diýdimzorlugyň agyr görnüşini miras aldy.
Bu ýagdaý diňe bir adam hukuklaryny goraýan halkara guramalara däl, Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylaryna-da belli. Olaram öz gezeginde Gazagystandaky ýagdaýyň deňinden sowlup geçip bilmeýşi ýaly, Türkmenistandaky ýagdaýy-da äsgermezlik edip bilmez.
Türkmen tarapy bilen ykdysady gepleşiklerde amerikanlar doly erkin bolar diýip, türkmen ýolbaşçylary pikir edýän bolsa, ol gaty ýöntemlik. Eger Aşgabat çynlakaý gumanitar özgerişlere girişmese, ykdysady meseleleri çözmekde amerikanlar aňrybaş erkin bolup bilmez.
ABŞ-nyň ýolbaşçylary, hat-da uly hususy amerikan korporasiýalary-da öz watandaşlaryna hem halkara jemgyýetçiligine öz ýurdunda adam hukuklaryny äsgermezlik edýän, kemsidýän režim bilen näme üçin söwda baş goşýandyklaryny düşündirip bilmez.
Şeýle problema bilen Waşington geçmişde-de ençeme gezek ýüzbe-ýüz bolupdy. Diňe girdejä, bähbide kowalaşmak Birleşen Ştatlara gitdigiçe kyn düşýär. Türkmenistan bilen baglaşylan kontraktlardan geljek ykdysady peýda Amerika üçin, elbet-de, möhüm, ýöne ol ýeke-täk zat däl.
Eger ýurduň içerki durmuşyny liberallaşdyrmakda, açyklaşdyrmakda sözde däl-de, iş ýüzünde anyk ädimler ätse, Amerika bilen kontraktlardan, ylalaşyklardan Türkmenistanyň görjek peýdasy has-da uly bolar. Şonda, diňe şonda hakyky halkara kapitaly ýurda geler. Şonda, diňe şonda geljegi wada berýän şygarlarda, propaganda-da däl-de, real durmuşda ýurt hem onuň ýolbaşçylary şu günki gün dünýäde özlerini beýlekiler bilen deň derejede duýup biler.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.