Has dogrusy, ol milli edebiýatdaky hem sungatdaky kemçilikleri birin-birin sanamak bilen ýalan öwgüleriň garşysyna tankydy goýdy.
Ol döredijilik işgärlerini “Tematika taýdan dürli, aktual, duýgularyň hem meýilleriň janly, türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsini, ylaýta-da onuň milli mentalitetini hem gadymy däp-dessurlaryny has çuňdan açyp görkezýän” täze eserleri döretmäge çagyrdy.
Başga sözler bilen aýdylanda, prezident durmuş hakykatyna çuň aralaşýan eserleri görmek isleýändigini aýtdy.
Ýurtda hakyky edebi hem sungat eserleriniň döremegine nähili päsgelçilikler bar?
Bu meseläni prezident öňem näçe sapar gozgapdy. Heniz ylym we sungat ýeterlik derejede analiz edilmedi, ýüz ýyl, müň ýyl mundan öňki bolan wakalar akyl eleginden geçirilmedi.
Ýaralar barada dil ýarman bolarmy?
Türkmen jemgyýetinde esasy betbagtçylyklar ýakynda Stalin we Nyýazow zamanlarynda bolupdy. Nyýazow hut stalinizme esaslanýan gyzyl kommunistik diktaturany öz gara awtokrat režimi bilen dowam etdirdi.
Häzir ýurt şol döwürden ara açmagyň agyr pursatyny başdan geçirýär. Stalinçilik-nyýazowçylyk diktaturanyň kemçilikleri, ýaralary barada dil ýarman, öňe hereket edip bolarmy?
Betbagtçylygyň kökleri analiz edilmezden, oňa obýektiw baha berilmezden hakyky sungat nädip dörär? Şol betbagtçylyk durmuşyň ähli ugurlarynda özüni belli edip dur.
Nyýazowyň edip giden, görnüp duran jenaýatlaryny tankyt etmäge rugsat berilmese, gyzykly hem janly sungat döretmek baradaky G.Berdimuhamedowyň çagyryşlary boş söz bolup galmazmy? Eger şeýle edilmese, prezident ýeke-täk administratiw praktikany dowam etdirip, wezipeden işgärleri kowmak, kadrlary ondan-oňa geçirmek ýaly işler bilen meşgullanmaly bolar. Şol praktika özüniň netijesizdigini görkezip gelýär.
Sungat işgärlerine ideologik gysyşlar edilmedik halatynda häkimiýetler eksperiment-synaglara, liberal gowşatmalara aýgyt eden halatynda, diňe şonda sungatda sergin şemalyň öwüsýändigini adamzat praktikasy görkezdi.
Gorbaçowyň üýtgedip gurmak zamanynda bölekleýin liberallaşma ýokardan rugsat berlipdi. Şolaryň birem şahyr hem ýazyjy Witaliý Korotiç tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “Ogonek” žurnaly bolupdy.
Şol döwür “Ogonekda” neşir edilýän makalalaryň nähili täsirler döredendigini Türkmenistandaky sungat işgärleri hem žurnalistler bilýändir, olaryň ýadyndadyr. Şol žurnal liberallaşmanyň belli bir derejede baýdagy bolupdy.
Hakykaty aýtmak modasy şondan başlanyp, manysyz, mazmunsyz materiallardan el çekilipdi. Hakyky sungaty döretmek üçin hökümetiň çagyryşlary gerek bolmandy. Hut şu žurnal stalinçilik, brežnewçilik hem sowet zamanynyň ýakyn taryhyndaky beýleki betbagçylyklar barada ajy hakykaty ýazyp başlan neşirleriň biri bolupdy. Şonuň ýaly neşir şu günki Türkmenistanda döräp bilermi?
Ukyply sungat işlgärleri Türkmenistanda kän
Türkmen jemgyýetiniň häzir başdan geçirýän kynçylyklaryny ýaşyrman, ýüz görüp, gapyrga syrman, şol problemalary çözmäge ukyply sungat işlgärleriniň Türkmenistanda birgideni bar. Häkimiýetler umumy çagyryşlaryň derejdesinde däl-de, anyk mysallarda talantly žurnalistlere, ýazyjylara, tankytçylara şeýle mümkinçilik döredip bilermi?
Žurnalistikanyň, sungatyň, edebiýatyň üstünden ideologik basgançaklaryň agalygyny azda-kände kemeldip bolarmy?
G. Berdimuhamedow kinoprokat sistemasyny ýurda gaýdyp getirmek kararyna geldi. Prezidentiň sözlerine görä, daşary ýurt filmlerini satyn alýan ýörite organlar dörediler.
Nähili çelgiler esasynda filmler saýlanyp alnar, olary kim saýlar? Eger öňki däplere eýerilip, ideologik senzura bu prosesiň üstünden gözegçiligi amala aşyrsa, häkimiýetleriň bu başlangyjyndan nähili täzelige garaşyp bolar?
Eger Nyýazow döwründen galan baş ideologik senzor Wiktor Hramowyň diýdimzor apparaty bu işe goşulsa, ondan çykjak netijäniň nähili boljagyny çaklamak kyn däl.
Gadagan etmeler boýunça spesialist Hramowyň häkimiýetde oturmasynda, saklanyp galmasynda bir paradoks bar. Prezident ýurtda tankydyň bolmagyna aýak direýär, tankydyň ösmegine Wiktor Hramow nähili ýardam edip biler? Eger ol Nyýazowyň režimini tankyt etmäge rugsat berse, şol režimi döreden, oňa wepaly gulluk eden adam hökmünde onuň özüni-de tankytlamaga rugsat berdigi bolmazmy?
Şeýlelikde Türkmenistanda sungatyň we edebiýatyň ösmegine kim päsgel berýär? - diýen sorag açyklygyna galýar. Munuň nähili edilýändigini hemmeler gowy bilýär.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.