Birinjiden, ýokary derejeli dolandyryjylaryň at berşi ýaly ýene-de “rugsatsyz gurluşyklar” meselesi ör-boýuna galdy.
Bir tarapdan, hususy gurluşyk kärhanalar faktynyň özi ägirt uly hem aşa gymmat gurluşyklaryň fonunda ýaşaýyş jaýlarynyň ýetmezçilik edýändigini görkezýär. Ýolbaşçylaryň bu uly gurluşyk planlarynda ilatyň ýaşaýyş jaýa bolan islegini kanagatlandyrmak, ilaty jaý bilen üpjün etmek ýeterlik derejede göz öňünde tutulmandyr ýa ünsden düşürilipdir.
Şol bir wagtda-da ministrlikleriň binalary, ägirt uly köşk toplumlary, ýadygärlikler üçin gaty uly möçberde pul serişdelerini goýbermek göz öňünde tutulýar. “Döwlet adam üçindir” diýen şygar iş ýüzünde “Döwlet özi üçindir” diýen şygara öwrülýär.
Beýleki bir tarapdan, birugsat alnyp barylýan hususy gurluşyklaryň hili-de böwrüňi diňledýär.
Gümürtik ýagdaý
Ýöne adamlara berk gözegçilik edilýän gazaply režimde, häkimiýetleriň göwnüne ýaramaýan adamdan rehimsizlik bilen ar alynýan düzgünde rugsatsyz, özbaşdak jaý gurmaga milt edip bilýän adamlaryň bardygyna ynanmagam kyn.
Şu kampaniýanyň aňyrsynda haýsydyr bir korrupsion shema ýatan bolaýmasyn? Häkimiýetler diňe bir ýerli derejede däl, ýokarrakda-da hususy gurluşyk kärhanalarynyň barlygyndan habarly bolaýmasyn? Häzir döwlet obýektleri üçin goşmaça ýer, meýdan gerek bolaýmasyn?
Şol hususy gurluşyklar birinji gezek alnyp barlanok, ýöne orary hut häzir ýykyp aýyrmak kararyna gelindi. Ýene-de şol gümürtik ýagdaý, onuň soňy diýseň bulaşyk.
Şäher ýolbaşçylary bilen prezidentiň geçiren darkaşynda Aşgabatda hem tutuş ýurt boýunça gurluşyk işlerini sazlamak üçin döredilen köp sanly departamentleriň, komissiýalaryň, döwlet edaralarynyň hakykatda işlemeýändigi äşgär boldy.
Režimiň köne ýarasy ýene-de özüni görkezdi. Ýerli, aşakdaky başlyklaryň ählisi bir ýüpe çatylyp, häkimiýetiň ýokarky gatlagyna daňylgy, oňa garaşly.
Ýokarky ýolbaşçylaryň görkezmesi ýa tabşyrygy bolmazdan, hiç kim ýeke ädimem ädip bilmeýär. Iş ýüzünde tutuş sistema hemişe ýokardan görkezme berilmegine garaşyp otyr.
Indiki pida kim bolar?
“Näme üçin dolandyryş sistemasy tutuşlygyna ysmaz, hereketsiz, ýogsa aýgytly hereket etmek üçin kanunçylyk bazasy bar ahyryn” diýip, G.Berdimuhamedow janykdy. Edilen teklip üçin jezalandyrmak, umumy gorky däbi bolmadyk bolsa, Berdimuhamedowyň aýdýanlaryna düşünse bolardy.
Aşakdaky ýolbaşçylardan haýsydyr bir teklibiň çykmagyny halamaýan ýokary derejeli çinownikler hemişe-de tapylýardy. Eger şol teklip ýokarky başlygyň bähbitlerine degýän bolsa, dat günüňe!
Töwekgellik etmezlik üçin ýolbaşçylar garaşmaga endik etdiler: “Gorkajyk bolaýyn – aman bolaýyn!” Ähli häkimiýeti elinde jemlän prezident öz hökmürowanlygyndan ýokary wezipeli çinownikleriň aşa gorkusyna ýene bir gezek düşünmeli, çäre görmeli boldy.
Döwlet baştutanynda aslyýetinde ýolbaşçylara duýduryş etmekden, olary gazaply gorkuzmakdan, halys bolmasa, wezipeden kowmakdan başga täsir guraly ýok. Bu bolsa häkimiýetiň ýokary gatlagynda kök uran gorkyny has-da berkidýär. Şol bir ýagdaý gaýtalanyp dur. Hakykatda nämeler bolup geçýär?
Tutuş dolandyryjy elita şol bir aýlawda aýlanyp dur. Bu ýerde hereket bar ýaly bolup görünýär. Aslyýetinde netije hem hereket göz öňünde tutulsa, çinownikleriň ählisi ysmaz keseli degen. Bularyňam üstesine “hökümdaryň eline düşjek indiki pida kim bolar?”
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.