Gutlagdaky setirler arasynda ençeme köp aýdylmadyk pikirler bar. Prezident öz gutlagynda, adamzat taryhynyň ylmy-medeni gazananlaryna türkmenleriň goşan goşandy “Täze Galkynyş eýýamynda” uly gyzyklanma döredýär diýdi.
Başgaça sözler bilen aýdylanda, Berdimuhamedow türkmeniň beýik geçmişi bilen şu gününi baglanyşdyrmak isleýär. Şonda örän güýçli düşünişmezlik ýüze çykýar. Nädip şeýle çuň, gadymy köp asyrlyk medeniýet dünýädäki iň ýapyk gurluşly döwletleriň biriniň galypyna salnyp bilner?
Türkmen prezidentiniň sözi bilen aýdylanda, “adamzat taryhynda möhüm orna eýe bolan Mawerennahr medeniýetini döreden nesil” şeýle ýowuz, türme ýaly ýapyk ýurduň ýesiri boldular. Eger biz döwürleri baglanyşdyrsak, beýik medeniýeti, garahanlylary, gaznawylary we seljuklary döreden türkmenleriň şu günki nesli ahyrky netijede doly ygtyýarsyzlyga eýe bolan Nyýazow diktaturasynyň wekilleri bolup durýar.
Halkyň taryhyndaky bu gara döwri ýene ýüz, iki ýüz, üç ýüz, müň ýyldan soň nähili şöhratlandyryp bolar? Eger türkmeniň beýik taryhyny wasp etmäge sebäp dörese, golaýdaky Türkmenbaşynyň häkimiýeti ýyllarynda emele gelen gorkakly, mejbury ýaranjaňlygy hem nazardan salyp bolmaz.
Ýaranyň yzasy duýulýar
Şol ýaranyň yzasy häzirem duýulýar. Ol döwürde kimler öz ýakynyny ýitirdiler. Kimleriň özi ynsanyýete sygmajak şol düzgüniň pidasy boldy. Olar adalat sudy bilen däl, eýsem Türkmenbaşynyň buýrugy bilen gözenegiň aňrysyna dykyldylar. Beýik seljuklaryň nesli bu gün gör nämä eýe boldy. Häzirki döwürde Gürdogar Tükmenistanyň üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir, ol ýoldan söwda kerwenleri üznüksiz gatnapdyr diýip, göz öňüne getirmegem kyn.
Häzirki döwürdäkilerden eýsem kim şu günki güne çenli-de bu ýurda girip-çykmaklyk üçin, nähili kemsidiji, adamy kiçeldiji düzgünleriň bardygyna doly akyl ýetirip bilýär. Serhedi kesip geçmäge rugsat berilmegi entek meseläniň çözüldigi däl.
Berdimuhamedowyň ýazyşy ýaly, “köptaraply halkara gatnaşyklary baýlaşdyrmak, ruhy-medeni gymmatlyklary ösdürmek we alyş-çalyş işleri” hem ýeterlikli däl. Bu iş Türkmenistanyň Gümrük we Serhet gullugy edarasynyň, has beteri-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň elinde.
“Halkyň parahat durmuşyny üpjün etmeli” diýen ýörelgäni baýdak edinip, hakykatda milletiň elindäki iň esasy zady - erkin hereket etmek mümkinçiligini aldylar. Onsoň bu günki gün şeýle gadagançylyk bar wagtynda prezident öz ýüzlenmesinde geçmişiň beýikligini şu gün bilen baglanyşdyrjak bolup, hakykat bilen arasyny üzýär.
Islendik halkda mydama öz geçmişi bilen baglanyşmak zeruryýeti bolýar, hökümetlerde bolsa mydama oňa päsgel bermezlige mümkinçilik bar.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.