Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demir senzuranyň gysajy edil ozalkysy ýaly


Karikaturany çeken Mihail Zlatkowski
Karikaturany çeken Mihail Zlatkowski

Türkmenistanyň milli medeni merkezi bolan Mukamlar köşgünde medeniýet işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň we köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleri bilen bolan maslahat prezidentiň şu ýylyň fewral aýynda geçiren ozalky şuňa meňzeş duşuşygynyň özboluşly dowamy boldy.

Fewralda geçirilen şol duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtdaky sungatyň ösüş derejesini berk tankytlady we jemgyýetiň ruhy durmuşynda hil taýdan täze ösüşlere ýetmek üçin bu ugurda düýpli özgerişleriň amala aşyrylmagyny talap etdi.

Agzalan duşuşykda-da, şondan bir aý soňra geçirilen duşuşykda-da maslahata gatnaşyjylar we onda çykyş edenler medeniýet pudagynyň işgärleri üçin iň bir möhüm we gaýragoýulmasyz meseleleri gozgan ýaly bolup görünseler-de, ol meseleleriň arasynda Türkmenistanda şu günki güne çenli gozgalman gelinýän iň bir möhüm problema welin agzalmady. Ol problema – ýurtda ähli zady gurşap alýan we ähli zady ýuwdup-ýalmaýan senzuranyň ulanylmagydyr.

Bu senzura ýurduň sungatynyň we habar serişdileriniň üstünden iň bir gazaply görnüşde höküm sürýär. Bu senzura barada gürrüň edilmegine bolsa Saparmyrat Nyýazow gadagançylyk girizipdi. Ol gadagançylyk şu günki günem dowam edýär.

Şeýle şertlerde sungata we köpçülikleýin habar serişdelerine döwlet tarapyndan goýberilýän islendik möçberdäki subsidiýa-da, islendik görnüşdäki administratiw çärelerdir görkezmeler-de bu ulgamdaky ýagdaýy düzedip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň görmek isleýän derejesine ýetirip bilmez.

Sungatda-da, informasiýa pudagynda-da senzura meselesine düýpden täzeçe baha berilmese, zehinli eserler we gyzykly täze inisiatiwalar ýüze çykyp bilmez.

Hut şol senzuranyň bolmagy hem häkimiýetleriň we medeniýet işgärleriniň hil taýdan ýokary göterilişigiň boljakdygy barada öňe sürýän şygarlarynadyr berýän wadalaryna garşy gelýär.

«Medeniýete berilýän goldaw»


Bu duşuşyklara gatnaşyjylar «medeniýete berýän goldawy» üçin prezidente köre-körlük bilen alkyş okaýarlar. Olar garaşylýan netijelere eýe bolmak ugrunda öz güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryny aýdyp, döşlerine urýarlar we wadalar berýärler.

Ýöne nyýazowçylyk düzgüne eýerýän demir senzuranyň gysajy edil ozalkysy ýaly berk gysyp durka, hil taýdan hiç hili öňegidişligiň bolmajakdygyna kimdir başga biri düşünmese-de, medeniýet ugrunyň we köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleri örän gowy düşünýärler. Şoňa görä-de, olaryň hil taýdan öňegidişlik gazanjakdyklary barada berýän wadalary ýa-ha açyk ýalan sözlemeklik ýa-da bar bolan problema barada göre-bile dymmaklyk.

Öz döwründe bu ägirt uly senzura garşy göreşmäge synanyşan adamlardan häzirki wagtda türmelerde oturanlary-da ýok däl.

Käbir beýleki postsowet ýurtlarynda hut şu senzuranyň birneme gowşadylmagy hil taýdan täze öňegidişlikleriň bolmagyna getiripdi. Olardan käbirlerinde, mysal üçin, Ukrainada bu meselä has hem hirurgiki usul bilen çemeleşdiler. Ýagny, bu ýurtda senzura kanun taýdan gadagan edildi. Şoňa gorä-de, Ukrainanyň prezidentlerine, aýdaly, ýerli telewideniýäniň programmalarynyň gyzykly däldigini tankytlap oturmagyň asla geregi ýok.

Eýsem, Türkmenistanda her bir medeniýet işgäriniň ýa-da habar serişdeleriniň her bir wekiliniň döredijilik işini aýratyň bir gözegçi uşakgöz elekden geçirýän wagty işiň hiliniň ýokarlanmagy barada nähili gürrüň bolup biler?

Galyberse-de, Nyýazowyň şahsyýet kultuny we oňa gerekli rehimsiz senzurany öz eli bilen döreden adam henizem gözegçileriň köpsanly leşgerine baştutanlyk edýärkä, eýse senzura meselesinde liberallaşmak barada nähili gürrüň bolup biler?

Bu adamynyň häkimiýetde, onda-da onuň depesinde oturmagy Türkmenistanda nyýazowçylyk senzuranyň ýaşamagy üçin hut özboluşly maýak bolup hyzmat edýär. Entek ol adam medeniýetiň üstünden gözegçilik edýärkä, ýurt we ýurduň medeniýeti içinden gulp urlan howlynyň aňyrsynda üzňelikde galmagyny dowam etdirýär.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG