Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý Tramp bilen möhüm duşuşyk üçin Waşingtona bardy


U.S. President Donald Trump and Ukrainian President Volodymyr Zelenskyy. (Illustrative collage)
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (çepde) we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý. (illustrasiýa suraty)

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý prezident Donald Tramp bilen möhüm duşuşyk geçirmek üçin Waşingtona bardy. Bu gepleşik Russiýa bilen urşy bes etmek üçin ädim hökmünde Ukrainanyň seýrek minerallaryna elýeterlilik baradaky çarçuwaly ylalaşyga gönükdiriler.

28-nji fewralda ABŞ-nyň paýtagtyndaky bu ýokary derejeli duşuşyk Trampyň Zelenskini diktator diýip atlandyrandan soň iki ýurduň liderleriniň özara tankydy çykyşlaryny edip, ýüzbe-ýüz duşuşmakdan yza çekilmeginden 10 gün geçmänkä geçirilýär.

Zelenskiý, Kremliň esassyz we giň derejeli harby hüjümine garşy durmakda ABŞ-nyň goldawyna eýe bolmaga synanyşýar. Geçen aýda işe girişen Tramp Kremliň üç ýyla çeken agressiýasynyň soňuna çykmakda Ak Tamyň syýasatyny üýtgedipdi.

Trampyň Zelenskiý bilen uzak aralykdaky çekeleşiginde ABŞ-nyň lideri ukrain kärdeşini bu söweşi alyp barandygy üçin tankytlady we 19-njy fewralda sosial media arkaly eden ýazgysynda Zelenskini ýurduny ýitirmekden gorkýan "diktator" diýip atlandyrdy.

Şeýle-de bolsa, 27-nji fewralda Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer bilen bile geçirilen metbugat ýygnagynda Tramp bu sözleri barada berlen soraga: "Men muny aýtdymmy? Muny aýdandygyma ynanamok" diýdi.

Şeýle hem, Tramp Zelenskini "örän batyr" diýip häsiýetlendirdi we urşy bes etmek barada optimistik garaýyşyny mälim etdi.

"Bu söweşiň soňlanmagy üçin gaty köp işleýäris. Meniň pikirimçe, köp ösüş gazandyk we bu öňe baka gaty çalt hereket edýär" diýip, amerikan prezidenti aýtdy we "Bu ýakyn wagtda bolar ýa-da asla bolmaz" - diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Starmeriň, Makronyň Trampdan umydy

Tramp bilen Zelenskiniň duşuşygy Ýewropa bilen ABŞ-nyň arasyndaky çalasynlyk diplomatiýasynyň birinji hepdesinde geçirilýär.

Iňlis premýer-ministri Keir Starmer 27-nji fewralda Ak tamda Tramp bilen duşuşyp, Ukrainanyň üstünde we söwda meselelerinde dörän düşünişmezlikler sebäpli ýüze çykan dartgynly atlantik-ara gatnaşyklary düzetmek maksadyna eýerdi.

Starmer, Trampa Russiýanyň çozuşyny bes etmek boýunça ylalaşygyň gazanylan ýagdaýynda Ukrainanyň howpsuzlygyny kepillendirmäge çagyrdy.

Bir aý mundan ozal işe girişen Tramp Ukrainadaky söweşi bes etmek ugrunda agressiw hereketlere geçdi we şu aýyň başynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen uzak telefon gepleşigini geçirip, rus kärdeşleri bilen duşuşmak üçin milli howpsuzlyk toparyny Saud Arabystanyna iberdi.

ABŞ-nyň Russiýa bilen alyp barýan syýasatyny başdan aýak öwürmegi, ýewropa liderlerini howsala saldy, olar Trampyň Ukraina zyýan berip biljek we öz howpsuzlygyny gowşatjak şertnamanyň baglaşmagyndan howatyr etdiler.

Indi Ýewropanyň liderler ABŞ sapar edip, amerikan prezidentini Russiýa örän köp eglişik edip biljek we öz milli howpsuzlygyny gowşadyp biljek ylalaşyk baglaşmakdan yza çekmek isleýärler. Ýewropa liderleri uruş meselesini çözmekde öz roluny güýçlendirmegi wada berýärler.

ABŞ-nyň habar beriş serişdeleri Starmeriň Ýewropanyň parahatçylygy goraýyş güýçleri üçin ABŞ tarapyndan howadan goranyş, aňtaw, logistika we aragatnaşyk taýdan goldawyň kepil edilmegini isleýändigini habar berdiler.

ABŞ-nyň howpsuzlyk kepillikleri barada soralanda, Tramp urşuň bes edilmegi hakynda entek ylalaşyga gelinmändigini aýtdy. Starmer bilen duşuşmazyndan ozal, Tramp ABŞ-nyň goldawyna zerurlygyň bolmajagyny, sebäbi Putiniň parahatçylyk şertnamasyny bozmajakdygyna ynanyp boljakdygyny aýdypdy.

Ýewropa liderleri we Zelenskiý bu pikir bilen ylalaşmaýarlar.

Makron Tramp bilen geçirilen metbugat ýygnagynda Putiniň Ukraina bilen ozalky şertnamalaryny bozandygyny aýtdy we ony saklamak üçin berk güýjüň, şol sanda ABŞ-nyň goldawynyň zerurdygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG