Birnäçe hepde ozal seýrek toprak elementleri, möhüm minerallar we beýleki tebigy baýlyklar Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan söweşini bes etdirmek ugrundaky tagallalarda diňe bir faktor ýalydy.
Indi olar ABŞ-nyň Kiýew bilen gepleşiklerinde we Russiýanyň giň gerimli çozuşynyň dördünji ýylyna girişen pursadynda Moskwany, Ýewropa Bileleşigini we beýlekileri öz içine alýan janlanan diplomatiýanyň möhüm damaryna we öňdäki meselä öwrüldi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň anna güni Waşingtona gelip, "gaty uly şertnama" gol çekmek isleýändigini we munuň iki ýurduň arasynda çarçuwaly şertnama boljakdygyna garaşylýandygyny 25-nji fewralda aýtdy.
Tramp, şertnamanyň jikme-jiklikleri barada anyk maglumat bermän "häzir biz näme edýäris, serediň, biz ygtybarly bolmak isleýäris" diýdi.
"Amerikaly salgyt töleýji indi pullaryny yzyna almak isleýär" diýip, Tramp belledi.
Azatlyk Radiosynyň ukrain gullugy premýer-ministriň orunbasarynyň edarasy we Ykdysadyýet ministrligi bilen habarlaşdy, olar gepleşikleriň gidişi we şertnamanyň häzirki tapgyry barada maglumat bermekden saklandy.
Ukrainanyň hökümetindäki ady agzalmadyk çeşmelere salgylanyp, berilen köp sanly habara görä, bu şertnama Ukrainanyň möhüm minerallaryny we nebit hem gaz ýaly beýleki tebigy baýlyklaryny bilelikde öndürmegi öz içine alar.
Şeýle hem habarlarda bu şertnamanyň seýrek toprak minerallaryndan peýdalanmagy we rekonstruksiýany öz içine alýan giň ykdysady şertnamanyň çarçuwasydygy aýdylýar.
Ylalaşygyň ABŞ-nyň howpsuzlyk kepilliklerini öz içine alyp-almaýandygy ýa-da Waşingtonyň goşmaça harby kömek ibermegi wada berip-bermändigi entek belli bolmasa-da, käbir habarlarda munuň beýle däldigi aýdylýar.
Ukrainanyň ylalaşyk bilen näme gazanjakdygy soralanda, Tramp Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kiýewe eýýäm “harby enjamlar we söweşmek hukugy” bilen 350 milliard dollarlyk kömek edendigini öňe sürdi.
Tramp Zelenskiniň 28-nji fewralda şertnama, şol sanda "gaty köp gepleşik edilen" "seýrek ýer we beýleki zatlar" ýaly şertnama gol çekmek üçin Waşingtona gelmek isleýändigini aýtdy.
CNN, Ukraina "kabul ederliksiz hemme zat tekstden aýrylandan soň" ylalaşyga razy boldy diýip, ukrain hökümetiniň näbelli bir resmisiniň sözlerine salgylandy. CNN telekanalynyň habaryna görä, "bu şertnamada Ukrainanyň howpsuzlygyna we parahatçylygyna nähili goşant goşjakdygy indi has aýdyň düşündirilýär" diýip, resmi aýdypdyr.
Şertnama baradaky habarlar, Trampnyň öz administrasiýasynyň "edýän üpjünçiligini seýrek toprak minerallary we beýleki zatlar bilen kepil geçmek üçin Ukraina bilen şertnama baglaşmak isleýändigini" 3-nji fewralda aýdanyndan bir aý geçmänkä ýüze çykdy. Onuň bellikleri söwdanyň aç-açan mazmunyny görkezdi: ABŞ kömegi, şol sanda onlarça milliard dollarlyk goldawy üçin Waşingtona Ukrainadaky möhüm minerallaryň elýeterli bolmagyny isleýär.
Şondan soň bolup biläýjek şertnama baradaky çekeleşikler 14-16-njy fewralda Mýunhendäki howpsuzlyk konferensiýasynda diskussiýa döretdi we Tramp bilen Zelenskiniň arasynda aç-açan tankyt alyşylmagyna sebäp boldy. Zelenskiý anyk howpsuzlyk kepillikleriniň ýoklugy sebäpli başdaky şertnamany ret edendigini aýtdy.
Russiýa ABŞ-a öz mineral şertnamasyny hödürledi
24-nji fewralda, Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan giňişleýin söweşiniň üçünji ýyl dönüminde, prezident Wladimir Putin ABŞ-Ukraina şertnamasynyň ýoluny çylşyrymlaşdyrmak maksady bilen möhüm minerallar baradaky transatlantik diskussiýa täze bir element goşdy. Ol seýrek toprak metallary boýunça ýokary derejeli hökümet ýygnagyna başlyklyk edip, ABŞ-a Russiýanyň öz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge mümkinçilik berip biljegini aýdyp: "Şübhesiz, men muny aýratyn belläsim gelýär, bizde şeýle rurslar Ukrainadan esli köp" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Putiniň bu çykyşy, Trampyň parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň öňýany ABŞ-Russiýa ykdysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligi barada aýdan sözlerinden soň boldy.
Ol Ukraina garşy söweşiniň merkezinde durýan we urşuň bes edilmegi ugrundaky tagallalaryň esasy dawasy bolup biläýjek bir möhüm meselä degip geçdi, ýagny seýrek minerallar şertnamasynyň Russiýanyň basyp alan ýerleriniň gündogar Ukrainanyň, Donbas ady bilen tanalýan sebitdäki ýataklaryny öz içine alyp biljekdigini aýtdy.
23-nji fewralda Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Ýuliýa Swyrydenko metbugat ýygnagynda “bu peýdaly möhüm serişdeleriň takmynan 350 milliard dollaryna barabar mukdary” Russiýanyň basyp alan ýerlerinde diýdi.
ABŞ-nyň Geologiki gözleg gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň seýrek toprak gorlary 3,8 million tonna barabar bolup, dünýäde bäşinji orunda durýar. Russiýanyň seýrek minerallary gazyp alýan we öndürýän esasy kompaniýalary Ukraina goşun girizilenden soň millileşdirildi we häzirki wagtda Putiniň ýakyn ýarany Mihail Kowalçuk bilen arabaglanyşygy bolan "Rosatom" tarapyndan dolandyrylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Russiýa derňew bölümi "Sistema" 25-nji fewralda habar berdi.
Ukrainanyň seýrek toprak serişdeleri 17-den gowrak minerallaryň bir topary bolup, olaryň arasynda itrium, kerium we lantanum bar, olara örän uly talap bar. Bu serişdeler batareýalar, kompýuterler, akylly telefonlar, magnitler, elektrik awtoulaglary we ýokary tehnologiýaly ýaraglar ýaly önümlerde ulanylýar.
ABŞ-nyň resmileri mineral resurslar şertnamasynyň Ukrainanyň howpsuzlygyny ýokarlandyrjakdygyny, sebäbi ABŞ-nyň öz bähbitlerini goramak isleýändigini aýtdylar, ýöne Zelenskiý ýaraşyk ýa-da parahatçylyk şertnamasy bolan halatynda Kiýewiň berk we ygtybarly howpsuzlyk kepilliklerine mätäçdigini aýtdy.
ABŞ-nyň we ÝB-niň arasynda Orsýet hem Ukrainadaky uruş bilen bagly dörän dartgynlylygyň arasynda AFP habar gullugy ÝB-niň Ukraina şertnama teklip edendigini habar berdi. Maglumatda 24-nji fewralda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula Won der Leýeniň Kiýewe sapary wagtynda ÝB-niň Ukraina aýratyn şertnama teklip edendigi habar berildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.