Ukraina öz tebigy serişdelerinden Birleşen Ştatlaryň peýdalanmagyna rugsat berýän ylalaşyga razyçylyk berdi. Bu möhüm şertnama Russiýanyň Kiýewe garşy üç ýyl bäri dowam etdirýän giň gerimli urşuny soňlamakda diplomatik tagallalaryň ýygjamlaşýan pursatlaryna gabat gelýär.
Bir nusgasy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gelip gowşan şertnama möhüm meselelere garamaýar, şeýle-de jikme-jiklikleriň aglabasyny geljekde gazanyljak şertnamanyň üstüne ýükleýär.
Şertnamada ABŞ Ukraina anyk howpsuzlyk kepilligini bermeýär, bu talap Kiýew üçin möhüm talaplaryň biri bolup durýar. Şeýle-de, şertnama Birleşen Ştatlaryň mundan-da beýläk Ukrainany harby tehnikalar we ok-däriler bile üpjün etmegi dowam etdirip-etdirmejekdigini anyklaşdyrmaýar.
Möhüm bellikler:
- Howpsuzlyk kepilligi berilmeýär: Ylalaşyk Ukrainanyň howpsuzlyk kepilligine bolan ymtylyşlaryny goldaýar, ýöne olar bilen üpjün etmeýär
- Serişdeleriň özleşdirilmegi: Ukraina we ABŞ Ukrainanyň tebigy serişdelerini, şol sanda möhüm mineral serişdeleri, nebiti we gazy bilelikde özleşdirerler
- Dikeldiş gaznasy: Ukrainanyň döwlet eýeçiligindäki resurslardan gelýän girdejileriniň 50%-i bilelikdäki gazna geçiriler
- Gaýtadan maýa goýulmagy: Gaznadan gelýän girdejiler Ukrainanyň ykdysadyýetini dikeltmek maksady bilen “iň azyndan ýylda bir gezek” gaýtadan maýa goýlar
- Heniz kesgitlenmedik detallar: Ylalaşygyň dolandyryş we eýeçilik bilen bagly jikme-jiklikleri soňra gepleşiler
Ylalaşygyň tekstiniň başynda “Russiýanyň giň gerimli çozuşy başlanaly bäri, Waşingtonyň Ukrainany möhüm maliýe we material ýardamlar bilen üpjün edendigi” bellenýär.
Ýöne onda Waşingtonyň Ukrainanyň tebigy baýlyklaryndan geljek potensial girdejilerden 500 milliard dollar möçberindäki maliýe serişdesine bolan hukugy barada talaplar agzalmaýar. Ylalaşygyň irki nusgalarynda şeýle talaplar bolupdy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski şeýle talabyň kabul ederliksizdigini gaýta-gaýta aýdypdy.
Ukraina howpsuzlyk kepilligi berilmeýär
Ylalaşykda ABŞ-nyň berk howpsuzlyk wadasy agzalmaýar. Ýöne onda “Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň howpsuzlyk kepilligini almak ugrundaky tagallalaryny goldaýandygy” aýdylýar.
Şeýle-de, şertnamada Waşingtonyň “durnukly we ykdysady taýdan abadan Ukrainany ösdürmek üçin uzak möhletli maliýe ygrarlygyny saklajakdygy” aýdylýar
Şeýle umumy belliklerden başga, şertnamanyň esasy bölegi bilelikdäki Dikeldiş Maýa Goýum Gaznasynyň esaslandyrylmagyna bagyşlanypdyr. Ukraina özüniň döwlet eýeçiligindäki tebigy serişdelerden geljek girdejileriniň 50 göterimini bu gazna geçirmäge borçlanýar. Bu girdejiler mineral baýlyklardan, nebit, gaz şeýle-de suwuklandyrylan gaz terminallaryndan hem-de portlardan geljek düşewüntlere degişlidir.
“Geljekki girdeji çeşmeleri Ukrainanyň umumy býujet girdejileriniň bir bölegi bolan häzirki girdeji çeşmelerini öz içine almaýar” diýip, şertnamada aç-açan aýdylýar.
Gaznadan alynjak pullar “iň azyndan ýylda bir gezek” Ukrainada maýa goýlar.
Jogapsyz soraglar
Ol ýerde jogapsyz galýan bir topar sorag bar. Şertnamada bu meselelere geljekde gazanyljak ylalaşyklarda garaljakdygy aýdylýar. Iş toparlary şol ylalaşyklary gazanmak ugrunda “gijä galman” gepleşiklere başlarlar.
Möhüm meseleleriň biri hem gaznanyň eýeçiliginiň bölünişigi bolup durýar, eýeçilik taraplaryň arasynda 50-50 şertlerinde bölüşilmän biler. Şeýle-de, gaznanyň “edara edilmegi we işi” bilen bagly jikme-jiklikler hem heniz çözülmedi.
Şertnamada taraplaryň hiç haýsynyň beýleki tarapyň razyçylygy bolmazdan gaznany “satyp, geçirip, ýa-da başganyň garamagyna berip bilmeýändigi” aýdylýar. Başga söz bilen aýdylanda, taraplaryň hiç haýsy şertnamadan bir taraply çekilip bilmeýär.
Ylalaşykda bu resminamanyň Ukrainanyň parlamenti, Werhowana Rada tarapyndan tassyklanmalydygy aýdylýar, ýöne bu meselede Kongres agzalmaýar.
Ukrain kanun çykaryjysy, Zelenskiniň "Halkyň hyzmatkäri" partiýasynyň agzasy Bohdan Kytsak Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna bu ylalaşygyň ykdysadyýete peýda getirip biljekdigini aýtdy.
“Bu, bir topar hünärmenleri, ylmy barlaglary we täze tehnologiýalaryň orta çykmagyny talap edýär” diýip, ol aýtdy we ABŞ inwestisiýalarynyň “täze ykdysadyýet” döredip biljekdigini sözüniň üstüne goşdy.
Zelenskiniň öňki ykdysady geňeşçisi Oleh Ustenko Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda “bu ýerde maliýe we ykdysady meselelerden has beter simwolikanyň has möhüm rol oýnaýandygyny” aýtdy.
ABŞ prezidenti Donald Tramp üçin bu syýasy ýeňiş bolup biler. Ol bu ylalaşyk üçin aýratyn tagalla etdi we indi bolsa oňa eýe bolýar.
Zelenskä jikme-jiklikleriň üstünde göreş garaşýar. Häzirlikçe, bu ylalaşyk olaryň ikisiniň arasynda bolup geçen ajy we açyk çekişmäni sähel gowşadar, bu çekişmede Tramp Zelenskini “diktator” atlandyrypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum