Belarusyň kanun goraýjy edaralary Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlaryny ýurtda bikanun resmileşdirmek boýunça galp bir çarçuwanyň üstüni açdylar. Bu barada “Smartpress” neşiri 7-nji aprelde kanun goraýjy edaralara salgylanyp habar berdi.
Maglumata görä, üç belarusly telekeçi birnäçe ýylyň dowamynda 200-den gowrak migrantyň ýurda bikanun girmegini we ýaşamagyny gurnapdyr.
Olar taksi hyzmatlaryny ýerine ýetirip, galp resminamalary, ýagny toslama ýa-da hakyky iş berijilerden görkezilýän kagyzlary döwlet edaralaryna tabşyryp, migrantlara wiza we wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnamalary alyp beripdirler.
Migrantlar bu hyzmatlar üçin ilki 150 dollar möçberinde töleg töläpdirler we soňra her aý ýurtda galmak üçin goşmaça töleg geçiripdirler. Bu migrantlaryň köpüsi taksi hyzmatlarynda, bazarlarda we gurluşyk meýdançalarynda işleýärdi.
Bu galplygyň guramaçylary tussag edilip, olaryň öýlerinde geçirilen gözlegde uly möçberde milli we daşary ýurt pul serişdeleri ele salyndy. Mundan başga-da, takmynan 100 daşary ýurtly migrant deportasiýa edilmek üçin saklandy.