Üç aýdan gowrak türmede el-aýagy gandally bolupdyr, bir ýarym ýyllap Hytaýyň "syýasy taýdan gaýtadan terbiýeleýiş lagerinde" galypdyr. Soňra Ýewropa barýan kyn ýoly başdan geçirýär. Asly gazak bolan sinjiangly Erbakyt Otarbaýuly geçen aýda Bosniýada geçirilen Dünýä Uýgurlarynyň Kongresiniň forumynda, hytaý zyndanlarynda çeken jebir-jepalary barada gürrüň berdi.
«METJIDE GATADYŇMY? NAMAZ OKAÝAŇMY?»
Häzir Britaniýada ýaşaýan Erbakyt Otarbaýuly 2016-njy ýylda maşgalasy bilen taryhy watany Gazagystana göçüp gelýär. Onuň ene-atasy Sinjiang awtonom ülkesiniň Tarbagataý etrabynda galypdyr. 2017-nji ýylyň maý aýynda Erbakyt syrkaw kakasynyň ýanyna barmagy ýüregine düwende, bu syýahatyň uzak dowam etjek dowzah azabyna öwrüljekdigini göz öňüne-de getirmändir.
— Serhetde olar meniň pasportymy alyp, aýratyn otaga äkitdiler. Sorag edip başladylar: «Gazagystana näme üçin gitdiň? Haýsy sebäplere görä?» Ýene-de: «Gazagystana baranyňda metjide gatnadyňmy? Namaz okaýaňmy?» diýip soradylar.
Hytaýa gitmezden öň Erbakyt gazak graždanlygyna arza beripdir. Ol hytaýly serhetçilere özüniň taryhy watanynda ornaşmagy ýüregine düwendigini, metjide barmaýandygyny düşündiripdir.
Erbakytyň sözlerine görä, hytaý serhetçileri onuň kellesine gara torba geýdirip, türmä äkidipdirler. Ol ýerde 98 günläp, özüne mälim bolmadyk aýyplamalar sebäpli saklanypdyr. Şondan soň ony "syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerine" geçirýärler we ol ýerde hem bir ýarym ýyl galýar. Erbakytyň başdan geçiren wakalary barada Azatlyk Radiosy öňräk habar beripdi.
SINJANGDAKY YZARLAMALAR WE GYNAMALAR
ABŞ-da ýerleşýän Council on Foreign Relations barlag merkeziniň maglumatyna görä, Hytaý 2014-nji ýyldan bäri Sinjiangda adamlary "gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerine" iberýär.
BMG-niň 2018-nji ýyldaky hasabatynda, Hytaý hökümetiniň Sinjiangda ýaşaýan we yslam dinine uýýan bir milliona golaý uýgur, gazak, gyrgyz, özbek we beýleki ýerli halky "gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerine" basandygy aýdylýar. Ekspertleriň habar bermegine görä, munuň sebäbi hijap atynmak, sakgal goýbermek, arap we türki dilleri öwrenmek, alkogolsyz meýlisleri geçirmek, yslam adatlaryna görä nikalaşmak bolup biler. Hossarlary çagalaryna musulman atlaryny dakany üçinem olary türmä basypdyrlar.
Ilki Sinjiangdaky lagerler baradaky aýyplamalary ret eden Hytaý hökümeti soňra muny "ekstremizme garşy göreş" we "dil öwreniş hem hünär okuw merkezleri" diýip atlandyrdy. 2018-nji ýylyň awgustynda BMG-niň Ženewada geçirilen jynsparazlygy aradan aýyrmak baradaky komitetiniň maslahatynda, Hytaý Kommunistik partiýasynyň wekili Hu Lianghe Hytaýyň "terrorçylygyň pidasyna" öwrülendigini aýtdy we "Sinjiangda howply terrorçylykly hereketleri ýok etmek boýunça kanuny çäreler görülýär" diýdi. Şeýle-de, Lianghe sözüni dowam edip, kanuny bozýanlaryň dini radikalizme garşy göreşiň bir bölegi hökmünde "hünär okuw merkezlerine" iberilýändigini sözüne goşdy.
2021-nji ýylda Hu Lianghe Sinjiangda adam hukuklarynyň bozulmagyna jogap hökmünde ABŞ-nyň hökümetiniň sanksiýa sanawyna girizildi.
«HYTAÝYŇ IÇERKI IŞI»
Hytaýdan gelen gazaklar 2017-nji ýyldan bäri Sinjiangdaky gynamalar meselesini gozgaýarlar. Olar Hytaýda ýitirim edilen dogan-garyndaşlary barada aýdýarlar, häkimiýetlere arza-şikaýat ýazýarlar we Gazagystanyň hökümetini bu meselä goşulmaga çagyrýan ýygnanyşyklary gurnaýarlar. Emma Astana "Hytaýyň içerki işlerine" gatyşyp bilmejekdigini aýdýar.
«Bu Hytaýyň içerki işi. Biziň bu meseläni halkara guramalarynda orta atmaga hakymyz ýok. Ýöne Daşary işler ministrligi bu meselä aýratyn üns berýär» diýip, Gazagystanyň Daşary işler ministri Kaýrat Abdirahmanow 2018-nji ýylda Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna aýtdy.
Erbakyt özüniň saklanan türmesiniň anyk ýerini bilmeýär.
«Meni türmä basanlarynda, 9-njy kamera gabadylar. Ol ýer ýedi orunlyk bolsa-da, 20-den gowrak adam bardy. Kime ýer ýetmese, bütin gije aýak üstünde durýardy» diýip gürrüň berýär.
Erbakyt türmede gören tussaglaryň ählisiniň Sinjiangyň ýerli wekilleridigini aýdýar. Olara her iki sagatdan bir gezek düşeklerinde dynç almaga rugsat berlipdir. Günde bir gezek "gök önüm çorbasy" diýilýän iýmit hem iki bölek çörek berlipdir. Erbakyt çöregi irden, günortanlyk hem agşam iýmek üçin, üçe bölüpdir.
«Türmedäki musulmanlaryň ählisi zynjyra baglanýardy. Men ol ýerde 98 gün boldum. Noýabryň 23-ne [2017] çykdym. Maňa: "Türmede özüňi gowy alyp baranyň üçin, biz seni lagere ugradýarys" diýdiler. Meniň bilen ýene-de 27 adam äkidildi» diýip, ol ýatlaýar.
2020-nji ýylda Awstraliýanyň Strategik syýasat instituty (ASPI) Hytaý hökümetiniň gurluşyk tenderleri boýunça çap eden maglumatlary bilen satellit arkaly düşürilen suratlary deňeşdirip, 2017-nji ýyldan bäri Sinjiangda 380 sany "täzeden terbiýeleniş lageriniň" gurlandygyny anyklady.
ASPI-niň bellemegine görä, binalaryň köpüsi tussaglaryň zähmetini işe çekmek üçin, önümçilik merkezleriniň golaýynda gurlupdyr. Barlagçylar "Sinjiangda bendilikde saklanýanlaryň zähmetinden 83 sany daşary ýurt we hytaý kompaniýasy peýda görýär" diýip ýazdylar.
Erbakytyň aýtmagyna görä, hytaý dilini bilýän adamlar dil öwrediş mekdebine däl-de, derrew fabrige iberilipdir.
«Men egin-eşik tikýän fabrige düşdüm. Girelgäniň agzynda özümiň 197-nji sanda durýandygymy bildim. Şeýle san meniň tikin maşynymda bar eken. Her tikin maşynyň ýokarsynda kamera ýerleşdirilipdir. Fabrikde dunganlar, uýgurlar, gyrgyzlar we özbekler işleýärdi. Olaryň köpüsi aýallar, ýaş gyzlar we oglanlardy» diýip, ol gürrüň berýär.
Erbakyt fabrikde azyndan 500 adamyň işländigini aýdýar. «Biri jalbarlar üçin guşak tikýärdi, biri jübüsini tikýärdi. Her bir adamyň şol gün üçin etmeli işi bardy, ony ýerine ýetirmediklere garawullar jeza berýärdi».
«Olar bize tabşyryk berýärdiler. Ony ýerine ýetirýänçäň, fabrikden çykmarsyň. Diňe işiňi tamamlanyňdan soň gidip bilersiň. Tabşyrygy berjaý etmediklere jeza üçin ýer bar. Şol ýerde olary aç goýup, demir oturgyja daňýarlar. Ol ýerde men hem 15 gün oturdym. Häzir ony ýatlasym-da gelenok» diýýär.
Lagerde saklanýan tussaglar maşyn bejermek, çörek bişirmek we konditer önümlerini taýýarlamak ýaly işlerde hem işledilýär diýip, Erbakyt gürrüňini dowam etdirýär. ASPI-niň barlagy çap edilenden soň, halkara adam hukuklary boýunça toparlar we syýasatçylar tanymal markalary Sinjiang bilen işewür gatnaşyklary bes etmäge çagyrdylar.
2020-nji ýylyň maý aýynda ABŞ-nyň hökümeti Sinjiang tussaglarynyň zähmetini ulanmakda güman edilýän 20-den gowrak hytaý kompaniýasyna sanksiýa girizdi.
Sinjiang dünýäniň pagtasynyň 20 göterimini öndürýär. Şoňa görä-de, egin-eşik we aýakgap kompaniýalaryna sebit bilen aragatnaşygy dessine kesmek aňsat bolmady. Dünýädäki ikinji uly egin-eşik satyjysy H&M Awstraliýanyň institutynyň barlagyndan soň, Sinjiangdan pamyk satyn almagyny bes etjekdigini yglan edende, bu birleşigiň Hytaýda egin-eşikleriniň satylyşy kesgin pese düşdi.
Hytaý hökümeti bütindünýä markalarynyň Sinjiang bilen işewür gatnaşyklarynyň kesilmegini "diskriminasiýa" diýip atlandyryp, onuň bilen
ABŞ-nyň Kongresi 2022-nji ýylda Sinjiang "gaýtadan terbiýeleniş lagerlerinde" tussaglaryň öndüren harytlarynyň getirilmegini gadagan edýän Uyghur Forced Labor Prevention Act karary kabul etdi. Şondan soň ABŞ-nyň Serhet goraýyş gullugy import kompaniýalaryny haryt öndürmekde Sinjiangdanky tussaglaryň zähmetiniň ulanylmandygyny subut etmäge borçly etdi.
Hytaý hökümeti Erbakyty 2019-njy ýylyň maý aýynda "lagerden" boşadyp, oňa Gazagystana gitmäge rugsat berdi. Ol özüne gitmegiň näme üçin rugsat edilendigine düşünmeýär.
Ol Gazagystana dolanyp gelenden soň, Sinjiangda başdan geçirenleri barada dessine gürrüň berip bilmedi. Diňe 2021-nji ýylda beýleki gazaklar bilen birlikde, Beýik Britaniýada geçen "Uýgur tribunalynda" çykyş etdi hem Sinjiangdaky gynamalar barada, dünýä gürrüň berdi. Şondan soň Erbakyt Londonda galdy.
2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Erbakyt Otarbaýuly Sinjiangdan pagta önümlerini import edeni üçin, Beýik Britaniýanyň Söwda ministrliginiň üstünden şikaýat etdi. Ol önümçilikde Sinjiangdaky tussaglaryň zähmetiniň ulanylýandygyny tassyklap, Britaniýanyň hökümetini importa garşy çykmaga çagyrdy. Öňki tussag şeýle etmek bilen Sinjiangda musulmanlara garşy kemsidilmelere protest bildirýändigini we adalat ugrunda göreşýändigini belleýär.
«Tussaglykda galanlary unudyp bilmeýärin» diýip, Erbakyt aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum