Adamlar üç ýyldan bäri Almatydaky hytaý konsullygynyň öňünde protest geçirýärler. Olar Hytaýyň esasy köplügi musulman ilatyndan bolan Sinjiang awtonom sebitinde, Pekin tarapyndan tussaglykda saklanýanlaryň hossarlarydyr. Olaryň arasynda etniki gazaklar hem bar. Üç ýylyň dowamynda, konsullygyň wekilleri bir gezek hem protestçiler bilen gepleşmäge çykmady. Şeýle-de bolsa, tussaglaryň eneleri we aýallary protesti bes etmeýärler.
PROTESTLER ÜÇIN JERIMELER MAŞGALANY DARGADÝAR
68 ýaşly Halida Akythan üç ýyl bäri Almatydaky Hytaý konsullygynyň öňünde, yzygiderli protest geçirýänleriň biri. Onuň hytaý türmesinde üç ogly otyr.
Onuň iki uly ogly Satybaldy bilen Orazjan 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edildiler, kiçi ogly Akmetžana 10 ýyl türme tussaglygy berildi.
Hytaý häkimiýetleri düzgün boýunça, musulmanlary ekstremizmde aýyplaýarlar, Halida bolsa ogullarynyň namaz okany üçin, türmä basylandygyny aýdýar.
Halidanyň gelinleri hem tussaglykda saklandy, iki ýyla golaý olar öý tussaglygynda otyrlar. Halida ýedi ýyl bäri agtyklaryny görüp bilmän gelýär.
— Men Astana gidip, Akordanyň öňünde durup, gygyryp başladym. Tokaýewiň özi çykmady. Kömekçi gelip: "Apa, ýeriňizden turuň, siziň sözüňizi aýdaryn” diýdi. Şondan soň meniň uly gelnimi boşatdylar, ol bir ýyl 11 aý tussaglykda oturdy. Dogrumy ýa-da ýok, bilmedim, ýöne onuň 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini aýtdylar – diýip, ol gürrüň berýär. DEGIŞLI MAGLUMAT
Halida parahatçylyk protestlerini geçirmegiň tertibini bozýandygy üçin, saklanmagyna, tussag edilmegine we agyr jerime salynmagyna garamazdan, ogullaryny halas etmek synanyşygyndan el çekenok. Ol jerimeleri töläp bilmän gelýär, häkimiýetler bolsa birnäçe aý bäri onuň pensiýasyny saklaýarlar.
— Meniň pensiýam häzir köpeldi, öň 40 müň tengedi. Maňa dört çaga dogranym hakda, Hytaýdan şahadatnama berildi, munuň üçin 20 müň tenge goşdular. Mundan daşary-da, men ol ýerde agyr zähmet çekipdim, onuň üçinem ýene 10 müň tenge goşuldy. Häzir 80 müň tenge alýaryn – diýip, ol öz girdejisini hasaplaýar.
Şeýle kiçi pensiýa alýan, aýda 170 dollara golaý, Halida Akythana soňky gezek 278 müň tenge jerime salyndy.
— Soňky dört-bäş aýyň içinde, zordan günümi görýän. Biri çörek getirýär, biri iýmäge et getirýär. Gan basyşyň dermanyny satyn almagy-da rowa göremok – diýip gürrüň berýär.
Häkimiýetler öz islegini gazanýana meňzeýär. Tussag etmeler hem jerime salynmagy sebäpli, proteste çykýanlaryň sany azaldy. Eger iki ýyl mundan ozal konsullygyň öňünde 20 adamdan ybarat topar ýygnanyşan bolsa, häzir 10-dan artyk däl.
Möhletsiz protestlere gatnaşyjylaryň biri Gülfiýa Kazybek agyr jerimeler we olary töläp bilmezlik maşgalalaryň dargamagyna getirýär diýýär.
Aktiwistler özleriniň saklanan gezeginiň sanyny ýöretmändirler, 2022-2023-nji ýyllarda, polisiýa işgärleri olary her gün saklaýardy. Ol köplenç jerime salmak, käte bolsa wagtlaýyn tussaglyk bilen gutarýar. Mysal üçin, aktiwist Baýbolat Kunbolatuly iki gezek – 10 we 15 gün administratiw tussaglykda oturdy, Akikat Kaliolla hem bir gezek 15 günlük saklandy.
— Biz pul ýetmezçiligini başdan geçirýäs. Aýallaryň tussag edilmegi agyr zarba urdy. Käbir maşgalalar konsullygyň öňündäki protestler sebäpli aýrylyşýarlar. Göreşi dowam etdirmek üçin, diňe goldaw gerek – diýip, häzir Almatydaky "Altyn Orda" bazarynda çaý satýan Gülfiýa Kazybek aýdýar.
Gülfiýa Kazybek käri boýunça wraç, ýöne öz kärinde işläp bilmeýär.
— Men öz diplomymy gazak diline iki gezek terjime edip, tassyklatmak üçin, Hytaýa iberdim. Iki gezek hem ony maňa tassyklap bermediler. Şondan soň özüme başga girdeji çeşmesini gözlemäge mejbur boldum. Häzirki gazanjym diňe ýaşamaga ýetýär. Men bazara 55 müň tenge töleýärin, jaýy kireýine almak üçin ýene 50 müň tenge berýän. Nähili-de bolsa, aç galamok – diýip, ol aýdýar.
Baýbolat Kunbolatulynyň sözüne görä, konsullygyň öňündäki protestçilere jerime salynýan salgydyň möçberi ýedi million tengä ýetdi. Olaryň arasynda entek jerimesini tölemedikleri-de bar.
— Konsullygyň öňündäki protestler diňe bir wagtymyzy alman, pulumyzy-da iýýär. Sebäbi şol günlerde biz işe çykmaýarys. Biz maddy taýdan kyn ýagdaýa düşdük. Çörek almaga pul tapdyrmaýan günleri bolýar – diýip, Baýbolat Kunbolatuly aýdýar.
Akimatlar bilen ylalaşylman geçirilen mitingler üçin, Gazagystanyň Administratiw kodeksine laýyklykda jerime ýa-da wagtlaýyn tussaglyk çäresi
görülýär. Mitingler üçin resmi guramalardan rugsat soramaly. Guramaçy makullaýyş barada ýazmaça jogap berilmegine garaşmaly, ýogsa ähli ýygnanyşyklar bikanun hasaplanar.
Adatça akimatlar dürli sebäplere duwlanyp, syýasy protestlere ýol bermeýärler. Şunuň bilen bir wagtda, duşuşyklaryň diňe ygtyýarly edaralar tarapyndan, ýörite bellenilen ýerlerde geçirilmegine ýol berilýär. Şunlukda, Sinjiangda tussaglykda oturan dogan-garyndaşlary üçin proteste çykýanlar, munuň hytaý hökümetine gönükdirilýändigi sebäpli, diňe Hytaý konsullygynyň öňünde protest geçirýärler.
ÜÇ ÝYLDA NÄME GAZANYLDY
Gülfiýa Kazybekiň ejesi Anarkan Batyrhan 2018-nji ýylda "namaz okaýandygy" üçin, Sinjiangda 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Gülfiýanyň özi Küljin sebit häkimliginiň ynsan serişdeleri boýunça baş spesialisti eken. Bir ýyldan soň, maşgalasy bilen Gazagystana göçýär we derrew ejesiniň boşadylmagyny talap edip, hytaý konsullygynyň öňünde protest bildirip başlapdyr. Häkimiýetleriň yzarlamagy sebäpli Hytaýdaky dogan-garyndaşlary bilen aragatnaşyk saklamak kyn bolsa-da, Gülfiýa ejesiniň türmeden boşadylandygyny bilmegi başarypdyr. Ol gartaşan aýal indi öý tussaglygynda saklanýar.
— Ejem 73 ýaşynda. Ony 68 ýaşynda tussag etdiler. Ony iki ýyl wagtlaýyn tussaghanada, üç ýyl hem türmede sakladylar. Höküme görä, ol 15 ýyl türmede oturmalydy. Ejemi jemgyýetçilik tertibini bozmakda we namaz okamakda aýyplaýarlar. Onuň jemgyýetçilik tertibini bozandygy barada soranlarynda, şeýle diýipdirler: «Siz ýetginjekleriň alnynda namaz okadyňyz. Bu olara ýaramaz täsir etdi». Ejemiň namaz okandygyny olar nireden bilýärler? Bu maglumaty biziň özümiz berdik. Men ýerli kadrlar bölüminde işleýärkäm, 2013-nji ýyldan başlap, 2016-njy ýyllar aralygynda, öýme-öý aýlanyp, kimiň dine ynanýandygyny, kimiň Gazagystana gidenini, kimiň nika dabarasyny geçirenini, kimiň näme iş edýändigini hasaba aldyk. Biz şeýle ýazgy geçirip, ony häkimiýetlere tabşyrdyk. Şol wagt biz onuň näme bilen gutarjagyny bilmeýärdik. Görşümiz ýaly, hytaý häkimiýetleri 2013-nji ýyldan bäri taýýarlyk görüpdir. Ejemiň ýüzüne maňa hatda telefonda seretmegem gadagan. Men jaň edenimde, ol ýüzüni ýapýar – diýip, Gülfiýa aýdýar.
Bu döwürde Gülfiýanyñ ejesinden başga-da, birnäçe adam azatlyga çykyp bildi. Köpçülikleýin protestlere işjeň gatnaşan aktiwistleriň biri Farida Kabylbekiň äri, 17 ýyl türmä höküm edilen Zeýnolla Rakyžan tussaglykdan gaýdyp geldi. Başga bir aktiwist Gülnar Kosdauletiň äri Akbar Sarsenbek hem öz maşgalasyna birleşdi. Konsullygyň öňündäki çärä gatnaşan ýene bir protestçi Ženis Zarkanyň aýaly Saule Meltaýkyzy hem türmeden boşadyldy. Protestçiler muny üstünlik hasaplaýarlar. Ýöne bu kararlaryň olaryň hereketi bilen hakyky baglanyşygynyň bardygy anyk belli däl.
Farida Kabylbek we Gülnar Kosdaulet Azatlyga interwýu bermek islemediler. Aýaly golaýda türmeden gelen Ženis Zarkan hem «Häkimiýetler maňa hiç kime hiç zat aýtmazlygy tabşyrdylar» diýip, žurnalistler bilen gürleşmekden boýun gaçyrdy. Ol haýsy ýurduň häkimiýetleriniň habar beriş serişdeleri bilen aragatnaşygy gadagan edendigini anyklaşdyrmady. Gülfiýa Kazybek ýagdaýy şeýle düşündirýär:
— Men Gazagystana 2019-njy ýylda geldim. Ýöne birnäçe garyndaşymy zamun goýdum, audio we wideo görnüşde wada berdim, ýazmaça golumy galdyrdym. Ýurtdan çykanymdan soň, Hytaý barada bir zat aýtmaga hakym ýokdy. Eger aýtsam, zamun goýan adamym tussag edilýär. Emma ejem türmä basylandan soň, ol beren wadamy bozdum hem Hytaý häkimiýetlerine garşy çykyş edip başladym – diýýär.
GAZAGYSTAN HÖKÜMETINIŇ DYMMAGY, WIZASYZ REŽIM
Gazagystanyň häkimiýetleri Sinjiangdaky gazaklaryň Hytaýyň graždanlarydygyny we bu meselelere gös-göni goşulyp bilmeýändigini aýdýarlar.
Geçen ýylyň oktýabrynda, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew resmi sapar bilen Hytaýa bardy we Pekinde geçen «Bir guşaklyk — bir ýol» halkara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy.
Forumdan soň prezidentiň Urumça gidendigi we ol ýerde sebitiň kommunistik partiýasynyň sekretary Ma Sinžue bilen duşuşandygy habar berildi. Olar syýahatçylyk we medeniýet gatnaşyklary barada gürrüň edipdirler.
Duşuşykda Sinjiangdaky gazak wekilleriniň ýagdaýy barada, hiç hili maglumat berilmedi. Kasym-Žomart Tokaýewiň ýerli gazaklar bilen duşuşyp-duşuşmandygy hem belli däl.
Sinjiang gazaklarynyň problemalary bilen iş salyşýan «Атажұрт еріктілері» guramasynyň başlygy, Germaniýada ýaşaýan Erbol Dauletbekuly gazaklaryň sapardan garaşýan umydynyň gowuşmandygyny aýdýar.
Jemgyýetiň käbir agzalarynyň protestlerine garamazdan, 2023-nji ýylyň 10-njy noýabryndan, Gazagystan bilen Hytaýyň arasynda, 30 güne çenli wizasyz režim güýje girdi. Erbol Dauletbekulynyň sözüne görä, bu özgerişlik aýra düşen maşgalalara kömek etmez, şeýle hem olar bir-birleri bilen habarlaşyp bilmeýärler, sebäbi "Hytaý hökümeti olary ýurtdan goýbermeýär".
BMG-niň maglumatyna görä, Hytaý häkimiýetleri Sinjiangdaky lagerleri 2017-nji ýyldan açypdyr, şondan bäri dini ynançlary sebäpli bir million uýgur, gazak we beýleki musulmanlary ol ýerde tussaglykda saklady. Barlagçylaryň maglumatyna görä, Pekin musulman ilatyny azaltmak maksady bilen Sinjiangdaky aýallaryň çagasyny aýyrdýar hem sterilizasiýa geçirýär.
Lagerlerde bolup çykan aýallar özleriniň zorlanandygyny, erkekler bolsa gynamalara sezewar edilendigini aýtdylar. Halkara adam hukuklary guramalary we Günbatar ýurtlary Pekiniň Sinjiangdaky musulmanlara garşy hereketini "genosid" diýip aýyplaýarlar.
Hytaý häkimiýetleri lagerleri "syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş" we "hünär öwrediş merkezleri" diýip atlandyrdylar, Sinjiangda alyp barýan syýasatyna bolsa "ekstremizme garşy göreş" diýip, özüne bildirilýän aýyplamalary düýpgöter ret edýär. Pekin Günbatar ýurtlarynyň we BMG-niň wekillerine
Sinjiang sebitine barmaga ýol bermän gelýär hem döwlet mediasynyň üsti bilen Sinjiangdaky "bagtly durmuşy" görkezmäge çalyşýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum