Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 50 gradus yssyda ilat uzak wagtlap toksuz we suwsuz galýar


Türkmenabatda elektrik sütünleri bejerilýär (arhiw suraty)
Türkmenabatda elektrik sütünleri bejerilýär (arhiw suraty)

Türkmenistanda iri şäherlerde elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär. Aşa yssy howada ilatyň toksuz we suwsuz galýan wagty ençeme sagatdan birnäçe güne çenli uzaýar. Azatlygyň habarçylary Balkanabat, Türkmenbaşy, Mary we Aşgabat şäherlerinde soňky günlerde ýüze çykan ýagdaýlar barada habar berýärler.

Maryda şu günler howanyň temperaturasy +50 gradusda çenli gyzýar, transformatorlar ýygy-ýygyndan hatardan çykýar.

Marynyň Garagum, Baýramaly, Türkmengala etraplarynda ýaşaýyş jaýlarynda tok ençeme sagatlap, ortaça 10-12 sagatlap bolmady. Ýerli ýaşaýjylar yssydan jaýlaryň içinde durup bolmandygyny gürrüň berdiler.

"Adamlar sowadyjylary işlemänsoň daşary çykyp baglaryň kölegesinde, jaý diwarlarynyň kölegesinde janlaryna ýer tapman, ýalyn öwüsýän gyzgyn howada oturdylar. Egin-eşiklerini hem suw bilen ölläp, mydar etmekçi boldular" diýip, etraplaryň biriniň ýaşaýjysy 28-njy iýulda bolan ýagdaýy suratlandyrdy.

Habarçylarymyz jaýlaryň diwarynda kölegeli ýerlerde termometriň +50 gradus gyzgyny görkezendigini aýdýar.

Tok edarasynyň işgärleri howanyň gyzmagy bilen baglylykda öz işleriniň köpelendigini, tok geçiriji simleriň gyzyp, aşak sallanýandygyny, üzilýändigini, transformatorlaryň sandan çykýandygyny gürrüň berdiler.

"Tok üpjünçiligi ýola goýlansoň, ýene kän wagt geçmänkä täzeden sönýär. Tok edarasynyň işgärleri gije ýatman tok üpjünçiligini ýola goýmaly bolýarlar" diýip, anonim gürleşen elektrik boýunça ýerli bilermen aýdýar.

Mary şäherinde hem tok yzygiderli kesilýär. Şäher ýaşaýjylary beton jaýlaryň otaglarynyň içinde oturar ýaly bolmaýandygyny aýdýarlar.

"Howa gaty gyzýar sowadyjy kondisioner işlemese beton jaý çalt gyzýar, hatda ýokarky gatlarda ýaşasak hem penjiräni açsak şemal gelmeýär. Biz çagalary alyp daşary çykdyk sebäbi öýüň içinde dem alar ýaly bolmady, emma syrkaw halda ýatan garrylarymyz ýerinden galyp bilmänsoň öýüň içinde 'waý diriligime gowruldym' diýip, ýalaňaçlanyp ýatmaly boldular" diýip, Marynyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Maryly zenan 28-nji iýulda agyz suwunyň hem kesilendigini, ýaşaýjylaryň uzakly gün suwsuz galandygyny aýtdy. Şäheriň suw edarasy suwuň kesilmegini ýarylan turbanyň bejerilýändigi bilen düşündiripdir.

Balkanabatda howanyň +45 gradusa ýetýän günlerinde welaýat merkezinde we kenarýaka Türkmenbaşyda elektrik togunyň kesilmegi bilen bagly wakalar yzygiderli häsiýete eýe bolupdyr.

"Elektrik togy welaýat merkezinde her gün azyndan 5 sapar kesilýär. Oba ýerlerinde tok birnäçe sagatlap bolmaýar" diýip, balkanly habarçymyz aýdýar.

Häkimiýetler ýaşaýyş jaýlarynda elektrik energiýasynyň kesilmeginiň sebäplerini resmi derejede düşündirmeýärkä, Balkan welaýatynyň elektroenergiýa pudagynyň bilermeni munuň sebäbini tok tygşytlamak çäresi bilen baglanyşdyrýar.

"Elektrik togunyň daşary ýurtlara eksporty üçin içerki sarp edijileriň toguny tygşytlamak maksady bilen her gün welaýatda jemi 1 sagat elektrik toguny öçürmek arkaly tygşytlamak hakda aşgabatdan her welaýata tabşyryk geldi" diýip, adyny agzamazlyk şerti bilen ýerli bilermen aýtdy.

Bu maglumaty Balkan welaýatynyň häkimiýetlerinden resmi taýdan tassyklap bolmady.

Şeýle-de bolsa, Balkan welaýatynda elektrik energiýasyny tygşytlamak boýunça çäreleriň eýýäm iki aý bäri dowam edýändigini habarçymyz belleýär.

"Elektrik energiýasyny tygşytlamak maksady bilen welaýat merkezindäki uly desgalarda gijelerine elektrik togy indi 2 aý bäri berilmeýär. Merkezi kitaphanada binanyň daşyny yşyklandyrýan çyralar, welaýat merkezindäki baş baýdak meýdançasynyň çyralary iki aý bäri ýanmaýar. Welaýat merkezindäki ähli reklama monitorlary we hatda prezidentiň suratyny görkezýän 3 sany uly monitor hem işlemeýär" diýip, balkandaky habarçymyz aýdýar.

Bu aralykda Balkanabadyň we Türkmenbaşynyň şäher hem etrap elektrik üpjünçilik we energiýa gözegçilik kärhanalary bergidar hojalyklary elektrik üpjünçiliginden kesmek boýunça işlerini geçiripdir.

"Balkanabatda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň birnäçesinde şenbe-ýekşenbe dynç günleri bolandygyna garamazdan, tok üçin bergisi 30 manatdan geçen hojalyklaryň toguny kesdiler. Iki günde jemi 250 çemesi hojalygyň elektrik togy kesildi" diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, käbirleriň "aýlygyň, pensiýanyň gelmegine garaşyň" diýip, eden haýyşy elektrik işgärlerine täsir etmändir we olar özlerine berlen tabşyrygy berjaý etmelidigini aýdypdyr.

"Howanyň 45 gradusdan geçýän günleri sowadyjy bolmasa, ýaşamak gaty kyn. 1-nji awgustdan soň pensiýamyz gelse töläris diýsek diňlenmedi" diýip, balkanly pensioner gürrüň berdi.

Dynç günlerinde Aşgabatda birnäçe etrapçanyň ýaşaýjylary suwsuz galdy.

Parahat 7/3 ýaşaýyş toplumynyň 26, 27, 28, 29, 30 we 31 nomerli jaýlarynda sowuk we gyzgyn suw üpjünçiligi kesilip, birnäçe günläp yzyna berilmedi.

Habarçymyz öý dolandyryş edaralarynda gazuw işleriniň geçirilýändigi aýdylypdyr.

"Kyn ýagdaý. Işe gitmeli, ýuwunmak üçin, gap-gaçlary ýuwmak üçin, nahar bişirmek üçin suw gerek. Geçen ýyllar suw kesilende uly suw masynlary getirilip paýlanýardy, ýöne bu tomus olam yok" diýip, ýaşaýjy gürrüň berdi.

Aşgabatlylar agyz suwuny satyn almaly bolýandygyny we munuň köp maşgalalaryň býujetine agram salýandygyny aýdýarlar. 20 litrlik suwuň bahasy 140 manada çenli baryp ýetýär. (Merkezi Bankyň kursy boýunça 40 ABŞ dollary -red.)

Aşgabadyň 30-njy mikroraýonunda hem uzak wagtlap suw bolmandyr.

Raýatlaryň sosial ulgamlarda paýlaşan habarlarynda dynç günleriniň dowamynda ýaşaýyş jaýlarda suwuň iki günläp bolmandygy aýdylýar. Sosial ulgamlardaky postlarda tölegleriň talap edilýän wagtynda häkimiýetleriň suw üpjünçilik borçlaryny berjaý etmeýändigine nägilelik bildirýärler.

Türkmen resmileri we döwlet habar beriş serişdeleri ilatyň suw we tok bilen üpjünçiliginde ýygy-ýygydan ýüze çykýan bökdençlikleri agzamaýar we ilata hiç hili düşündiriş bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG