Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda ýene-de suw üpjünçiligi kesildi


Soňky bir aý çemesi wagtyň dowamynda Türmenabatda azyndan üç gezek iri suw bökdençligi ýüze çykdy. Illýustrasiýa suraty
Soňky bir aý çemesi wagtyň dowamynda Türmenabatda azyndan üç gezek iri suw bökdençligi ýüze çykdy. Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde bir aý çemesi wagtyň dowamynda tapgyr üçünji gezek, ýene-de suw üpjünçiligi kesildi. Bu aralykda, şäher ýaşaýjylary suw turbalaryny abatlamaga niýetläp, öz aralarynda pul ýygnap başlady.

Sebit merkeziniň eteginde ýerleşýän Çärjew etrabynyň obalary hem geçen hepdäniň dowamynda agyz suwunyň üpjünçiliginde emele gelen bökdençliklerden ejir çekdi. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy iýulda sebitden maglumat berdi.

Bu gezek sebitiň suw üpjünçiliginde 8-nji iýulda kesilmeler ýüze çykyp başlady we birnäçe günläp dowam etdi.

“10-11-nji iýulda Türkmenabadyň we Çärjew etrabynyň obalarynyň ýaşaýjylary üçin hakyky synag boldy. Kranlarda suwuň bolmazlygy adamlaryň lapyny keç etdi” diýip, bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Ýatlasak, Türkmenabatda mundan ozal 10-11-nji iýunda, şeýle-de 17-18-nji iýunda yzly-yzyna tapgyr iki gezek iri suw bökdençligi ýüze çykypdy. Birinji bökdençlikde şäheriň ençeme etrapçasynda ýerli ilat 20 sagat suwsuz galdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitde 8-nji iýulda başlanan suw kesilmeleriniň 12-nji iýula çenli bölekleýin dowam edendigini habar berdi.

Bu aralykda, Çärjew etrabynyň Darganly (öňki Gyzyl goşun) obasynyň bir ýaşaýjysy suw bökdençlikleriniň arasynda oba ýerlerindäki dükanlarda agyz suwunyň bahasynyň 50 teňňe ýokarlanandygyny gürrüň berdi.

Türkmenabatda suw üpjünçiliginiň kesilmeginiň yz ýany, bu mesele bilen bagly ýerli häkimiýetlere gelip gowuşýan arz-şikaýatlar birden ýokarlanypdyr.

“Şäher administrasiýasy meseläni tiz wagtda çözeris, gaýgylanmaň, gamlanmaň diýip göwünlik berip goýberýär. Emmä şäher ýaşaýjylary meseläniň düýpli çözüljekdigine umyt bildirmeýärler” diýip, birnäçe türkmenabatly aýdýar.

“Halys ýadadyk, arz etdiň näme, etmediň näme!” diýip, şäheriň Üçpunkt etrapçasynyň bir ýaşaýjysy aýdýar.

Bir aý çemesi wagtyň dowamynda şäheriň suw üpjünçiliginiň yzly-yzyna üçünji gezek kesilmegi ilatyň infrastruktura aladalaryny güýçlendirýär.

Bu ýagdaý Türkmenabat şäheriniň Üçünji etrapçasynyň ýaşaýjylaryny täze başlangyçlara mejbur etdi.

“Etrapçanyň ýaşaýjylary suw meselesini çözmek maksady bilen, turbalary bejermäge niýetläp, öz başlangyçlary esasynda öz aralarynda pul toplamak kararyna geldiler” diýip, bir şäher ýaşaýjysy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, her maşgaladan 100 manat möçberinde pul ýygnalýar we meýletin ýygnalýan maliýe serişdelerini suw turbalarynyň abatlaýyş işlerine gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Çärjew etrabynyň obalarynda emele gelen suw ýetmezçiligi hem ýerli ýaşaýjylary özbaşdak çykalgalara iterýär. Käbir obalaryň ýaşaýjylary agyz suwunyň gözleginde goňşy obalara aýlansalar, beýlekiler agyz suwunyň dükanlarda ýokarlanan bahasyna ünsi çekýärler.

Türkmenistanyň şäher ýerlerinde merkezleşdirilen suw desgalaryndan peýdalanylýar. Etraplar we obalar merkezleşdirilmedik, ýa-da özbaşdak desgalardan, ýerasty suwlardan, guýulardan we suw howdanlaryndan peýdalanýar.

“Biziň obamyzda guýy we nasos arkaly çekilen ýerasty suwlary hem içer ýaly bolmady, suw şorlaşdy. Şol sebäpden, köplenç suw üçin Ulywahym obasyna gatnamaly bolýarys” diýip, Çärjew etrabynyň Darganly obasynyň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenabatly ýaşaýjylary suw desgalarynyň yzygiderli hatardan çykmagyna nägilelik bildirýärler.

“Häkimiýetler bize üns bermeýärler. Şonuň üçin, ýagdaýa özbaşdak çykalga tapmaly bolýarys. Hiç zat etmesek, suwsuz galarys” diýip, meýletin pul toplamak çärelerine gatnaşýan bir ene aýdýar.

“Infrastrukturalary abatlamak üçin bölünip berilýän pul serişdeleri, ulanylman, köplenç emeldarlaryň jübüsine gidýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça Türkmenabat şäher häkimliginden hem-de Çärjew etrap häkimliginden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG