Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda we Awazada ilata günde diňe 40 minut berilýän suwuň hili ýaramazlaşdy


Türkmenbaşyda we Awazada ýaşaýyş jaýlarynyň we myhmanhanalaryň krantlaryndan sary reňkdäki suw akyp başlady.
Türkmenbaşyda we Awazada ýaşaýyş jaýlarynyň we myhmanhanalaryň krantlaryndan sary reňkdäki suw akyp başlady.

Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilata berilýän suwuň hili ýaramazlaşyp, ýaşaýyş jaýlarynyň we myhmanhanalaryň krantlaryndan sary reňkdäki suw akyp başlady.

Munuň bilen bir wagtda, ilata suwuň berilýän wagty öňküsinden hem azaldyldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji iýulda sebitden maglumat berdi.

“Şäheriň täze gurlan döwrebap binalar toplumlarynda we dört sany etrapçada, hatda Awazanyň myhmanhanalarynda hem sary reňkdäki bulançak suw akýar. Ondan poslan demriň ysy gelýär” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenbaşyly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Munuň bilen bir wagtda, şu hepdeden başlap şäheriň ähli künjeginde ýaşaýjylara suw irden sagat 8-de 20 minut we agşam sagat 7-de 20 minut berlip başlandy. Awazanyň myhmanhanalarynda bolsa, günde üç gezek suw berilýär. Galan wagty ilatyň agyz suw üpjünçiligi kesilýär.

“Mundan ozal, bu görkeziji irden 30 minuda we agşam 40 minuda barabardy. Bu, ilata suwuň berilýän wagtynyň tas 50% kemeldilendigini aňladýar” diýip, başga bir türkmenbaşyly ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Habarçymyz ýaşaýjylaryň aglabasynyň öýlerindäki 100-200 litr suw sygýan çeleklerini suwdan dolduryp ýetişse, “telpeklerini göge atýandygyny” belleýär.

“Olar alan suwlarynyň poslan hapa galyndylarynyň günüň dowamynda çelekleriň aşagyna çökmegine garaşyp, soňra-da şol suwlary gaýnadyp, çaý we nahar üçin ulanýarlar” diýip, ýaşaýjy 5 litr filtirlenen suwy 15 manat pul töläp satyn almaga her kimiň ýagdaýynyň çatmaýandygyny hem belledi.

Şol bir wagtda, ol krant suwlaryndan içimlik agyz suwy hökmünde peýdalanýan hojalyklaryň köpüsiniň suwuň saglyga ýetirip biljek zyýanyndan howatyrlanýandygyny aýtdy.

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşyda we Awazada suwuň hiliniň ýaramazlaşmagy we onuň ilata berilýän wagtynyň azaldylmagy we bularyň sebäpleri barada ýerli häkimiýetler tarapyndan aç-açan düşündiriş berilmeýär.

Ýöne habarçymyz bilen anonim şertde söhbetdeş bolan “Türkmenbaşyagyzsuw” müdirliginiň bir işgäri suwuň hiliniň ýaramazlaşmagynyň sebäbini şäheriň suw geçiriji ulgamyndaky turbalaryň könelip, çüýremegi we poslamagy bilen düşündirýär.

“Şäheriň agyz suw turbalaryny täzelemek üçin ilki pul gerek. Soňra-da, şäher suw liniýalary uly gara ýollaryň, şa ýollaryň aşagyndan geçýär. Turbalary çalyşmak üçin ýollaryň, köçeleriň asfaltyny döwmeli bolýarys. Muňa häzirlikçe rugsat berilmeýär. Üstesine-de, maliýe serişdesi hem bölünip berilmeýär” diýip, işgär belledi.

Şol bir wagtda, ýerli synçylaryň birnäçesi suw geçiriji ulgamlaryň könelendigi bilen ylalaşsalar hem, suwuň hiliniň ýaramazlaşmagyna diňe “poslan turbalaryň sebäp bolýandygy” baradaky öňe sürmä ikuçly çemeleşýär.

“Eger şeýle bolsa, onda suwuň hili diňe käbir wagtda däl-de, elmydama ýaramaz bolmaly” diýip, ýerli synçy anonim şertde aýtdy.

Azatlyk bu barada “Balkanwelaýatagyzsuw” birleşiginiň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgisine jaň edip, “Türkmenbaşyagyzsuw” müdirliginden teswir alyp bilmedi.

Ýurt ýaşaýjylary suw üpjünçiliginiň kesilmegi we çäklendirilmegi, onuň hiliniň ýaramazlaşmagy we suw geçiriji turbalarynyň ýarylmagy ýaly hadysalar bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu, hususan-da, Türkmenbaşy şäherinde ýyllarboýy ýiti mesele bolmagynda galýar.

Türkmenistanda onýyllyklaryň dowamynda gurluşyk pudagyna milliardlarça dollar maliýe serişdesi harçlandy, şeýle-de täze agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň ençemesi guruldy. Olaryň biri prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda açyldy.

Şol bir wagtda, ýerli gurluşyk we suw hünärmenleri häkimiýetleriň aglabasy sowetler döwründe gurlan, düýpli abatlaýyş işlerine mätäç köne desgalary bejermek üçin ýeterlik serişde goýbermeýändigini aýdyp gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ilatyň suw üpjünçiligindäki näsazlyklar barada mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG