Aşgabadyň Parahat etrapçalaryndaky köpgatly jaýlaryň ýerzeminlerinde we ýarym ýerzeminlerinde ýerleşýän kiçi dükanlaryň 20-den gowragy ýapyldy. Bu ýagdaý Aşgabadyň azyk satylýan kiçi dükanlaryna ýörite resmi talapnama gowşurylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Mundan 10 gün çemesi ozal, ýagny 2-nji we 3-nji awgustda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerinde we ýarym ýerzeminlerinde ýerleşýän kiçi dükanlaryň ählisine paýtagtyň degişli edarasyna öz söwda rugsatnamalaryny tabşyrmak barada resmi talapnama ugradylypdy.
Talapnamada arassaçylyk kadalary agzalýar we dükanlardan azyk harytlarynyň satuwdan doly aýrylmagy, şeýle-de dokumentleriň yzyna tabşyrylmagy talap edilýär.
Aradan iki hepdä golaý wagt geçensoň, Parahat-1,2,3,4 etrapçalaryndaky 20-den gowrak hususy dükanyň gapylaryna gulp urlup, olaryň ýokarsyna ýazylan dükan atlary hem goparlyp aýryldy. Bu dükanlaryň döwlet edaralary tarapyndan ýa-da dükan eýeleriniň “depegenden gaçarak” diýip, meýletin ýapyp-ýapmandygy barada anyk maglumat ýok.
“Ozal duýduryş berildi”
Aşgabadyň ýaşaýjysy Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, agzalýan etrapçalarda häzire çenli ýapylmadyk başga-da onlarça kiçi dükan bar. Olaryň belli bir bölegi indi azyk önümleri getirýän firmalardan harytlary satyn alman, öňden bar bolan azyk harytlaryny satmaga synanyşýarlar. Şeýle-de, olar uly bazarlardaky tanyş söwdagärlerine öz azyk harytlaryny alan bahasyna, hiç hili peýda görmezden satýarlar.
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň resmisiniň adyny agzamazlyk şerti bilen beren maglumatyna görä, häzirki wagt ýörite komissiýa döredilip, onuň düzümine şäher häkimliginiň, etrap häkimlikleriniň, söwda edaralarynyň, şäheriň Sanepidemstansiýa we Jemagat hojalygy ministrliginiň işgärleri girer.
Amanmyrat Bugaýewiň Jemagat hojalygy ministrliginiň resmisine salgylanyp berýän maglumatyna görä, ozal şäheriň Sanepidemstansiýa edarasynyň resmileri tarapyndan agzalýan kiçi dükanlara duýduryş hatlary berlipdir we şu hatlar hem dükanlary ýapmak üçin tutaryk hökmünde ulanylar.
“Şäheriň Sanepidemstansiýa resmileri tarapyndan resmi derejede duýduryş hatlary berlen eken. Ýagny azyk önümleri satylýan dükanlarda bolmaly çyglylyk derejesi, şol çiglilik derejesi bolmadyk ýagdaýynda azyk önümleriniň çalt zaýalanýandygy hakynda duýduryşlar berlen eken. Dükanlary ýapmakda-da şol öňki berlen duýduryşlaryň orun tutjakdygyny aýdýarlar. ‘Resminamalaryny getiren dükan eýeleri hem bar, ýöne biz entek olar bilen ylalaşyga gelip bilmedik’ diýip jogap berdiler” diýip, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.
“Resmiler duýduryşy esas delil hökmünde ulanjak bolýarlar”
Käbir dükan eýeleriniň aýtmagyna görä, şeýle barlaglar her ýyl geçirilip, bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça maslahat beriji mazmunda duýduryşlar berilýär. Olar indi resmileriň şol duýduryşlary esasy delil hökmünde ulanyp, dükanlary ýapmak isleýändigini aýdýarlar.
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň resmisiniň beren maglumatyna görä, Aşgabadyň ýerzeminlerinde we ýarym ýerzeminlerinde ýerleşýän kiçi dükanlarda diňe dellekhana, gözellik salony ýaly iş ýerleriniň döredilmegine rugsat berler.
Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, Aşgabatdaky köpgatly jaýlaryň ýerzeminlerinde we ýarym ýerzeminlerinde ýerleşýän kiçi dükanlara ugradylan talapnama we onuň sebäpleri, şeýle-de, kiçi dükanlaryň ýapylandygy barada ne resmi metbugatda, ne-de radio-telewideniýede maglumat berilýär.