Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen zenanlarynyň ulag sürmek hukugyna gysyş ýene güýçlendi


Awtoulag sürüp barýan zenan (Illýustrasiýa suraty)
Awtoulag sürüp barýan zenan (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda aýallar üçin öz awtoulaglaryny sürmek ýene-de kynlaşdy. Aýallar täze sürüjilik şahadatnamasyny almakda bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Azatlygyň Marydaky habarçysynyň sözlerine görä, bu welaýatda aýal maşgalalara awtoulag sürmek üçin sürüjilik şahadatnamasyny edinmek şu wagt gaty kyn, hatda mümkin däl.

Önden bäri sürüjilik rugsatnamasy bolan gelin-gyzlar möhleti dolan dokumentini uzaldyp bilmeýärler.

"Sürüjilik şahadatnamasyny berýän polis bölümi prawasyny uzaltmaga barýan gelin-gyzlaryň öz adyna ýazylan awtoulagy bolmasa olaryň dokumentlerini kabul etmeýär" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy 3-nji iýunda habar berdi.

Aýal maşgalalaryň köpüsiniň sürýän awtoulaglary öz atlaryna bolman, olar öz doganlarynyň, ýan ýoldaşlarynyn adyna ýazylan ulaglary rugsat haty boýunça ulanýandygyny habarçymyz belleýär.

"Indi olar sürüjilik rugsatnamasyny almak üçin awtoulaglary öz atlaryna geçirmeli ýa-da täze awtoulag satyn almaly, bolmasa prawalarynyň möhleti gutaranyndan soňra olara awtoulag sürmek üçin dokument berilmeýär" diýip, habarçymyz aýdýar.

Aýallaryň sürüjilik şahadatnamasyny almagy üçin ýaş çäklendirmesi hem saklanyp galýar. Ýerli çeşmeleriň sözlerine görä, polisiýa işgärleriniň kararyna görä, zenanlaryň ýaş çäklendirmeleri 35-den 40 ýaşa çenli bolup bilýär.

"Aýal gyzlara 35-40 ýaşyna çenli sürüjilik şahadatnamasy berilmeýär. Näme sebäpden gelin-gyzlaryň sürüjilik haklary ellerinden alynýar, düşündirilmeýär" diýip, habarçymyz habarly çeşmelere salgylanýar.

Azatlyk bilen gürleşen Marynyň ýaşaýjylary sürüjilik şahadatnamasyny almagyň hemme üçin çylşyrymly bolýandygyny belläp, iň aňsat ýoluň para bermekdigini aýdýarlar.

"Ýurtda parasyz hiç bir işi düzedip bolmaýar. Iň soňunda şahadatnamany almak üçin para bermeklige razy bolýarsyň. Ondan başga şahadatnamany uzaltmak üçin medisina sprawkasy, dälihanadan sprawka gerek bolýar. Olar ýerli saglyk öýlerinden alynýar. Azyndan 200-400 manada ýetýär sürüjilik şahadatnamasyny uzaltmak üçin" diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.

Çeşmeleriň aýtmagyna görä, aýal maşgalalaryň sürüjilik şahadatnamasyny almagynyň kynlaşmagynyň zenanlardan soralýan paranyň mukdaryny hem artdyrypdyr.

"Ýurtda aýal maşgalanyň öz hakyny gazanmagy kyn. Aslynda erkek adamlar 4 müň manat para berip sürüjilik şahadatnamasyny alyp bilýärler, aýalyň sürüjilik şahadatnamasyny almagy üçin 6-7 müň manat para bermeli bolýar. Parany bermeseň, dürli bahanalar bilen, şol sanda synaglarda ýykmak bilen şahadatnamany bermeýärler" diýip, çeşme aýdýar.

Türkmenistanda zenanlaryň awtoulag sürmegine degişli eden-etdilikli çäklendirmeler ençeme ýyl bäri saklanyp galýar we wagtal-wagtal güýçlenýär, käbir döwürlerde tas doly gadagan edilýär.

Munuň sebäbini birnäçe ýyllap düşündirmedik türkmen resmileri bu ýagdaý barada 2023-nji ýylyň noýabr aýynda ilkinji gezek resmi derejede söz açdylar.

BMG-nyň Ženewada geçiren uniwersal döwürleýin synynyň 44-nji mejlisinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili G.Weliýew bu mesele barada hasabat berip, ýurtda hiç bir ygtyýarnamasyz maşyn sürýän köpsanly aýalyň tapylandygyny, howpsuzlygy üpjün etmek üçin derňew başlanyp, şol döwürde aýallaryň ulag sürmek ukybynyň wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy. Emma bu resmi jogap türkmen resmileriniň aýal sürüjiler babatyndaky syýasatynyň sebäplerini doly aýdyňlaşdyrmady.

Türkmen polisiýasy 2017-nji ýylda zenanlaryň sürüjilik dokumentlerini eden-etdilikli ellerinden alyp başlady, soňra zenanlara sürüjilik dokumentini bermekden ýüz öwrüldi.

2022-nji ýylda aýallara sürüjilik resminamasy çäkli görnüşde berlip başlandy, emma 2023-nji ýylyň başyndan bäri aýal-gyzlaryň sürüjilik mekdeplerine kabul edilmegi çäklendirildi, aýallaryň ýaşynyň 41-den ýokary bolmagy talap edildi. Şeýle-de, zenanlardan nika hakyndaky şahadatnama we iş ýerinde häsiýetnama talap edildi.

Türkmen resmileri ýurtda kanunda kepil geçilýän gender deňliginiň doly berjaý edilýändigini öňe sürýärler.

Türkmen resmisi aýallara sürüjilik rugsatnamasynyň berilmezligini 'düşündirdi'
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:03 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG