Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede dört türkmeniň öldürilmegi: 'Ökünmeýärin, beýleki gyzyny-da öldürjekdim'


Türkiýäniň "Milliyet" neşirinden alnan surat.
Türkiýäniň "Milliyet" neşirinden alnan surat.

Türkiýede dört türkmen raýatynyň jesetleriniň doňduryjynyň içinde tapylmagy bilen bagly täze maglumatlar peýda boldy. Olary öldürmekde aýyplanýan Saparmurad Hallyýew jenaýatlary amala aşyrmagyna “gabanjaňlygyň” sebäp bolandygyny, olary 13-nji iýunda öldürendigini boýun aldy. Hallyewe kömek etmekde aýyplanyp, türk polisiýasy tarapyndan saklanan başga-da üç adam kazyýet gözegçiligi şerti bilen boşadyldy. Bu ýagdaýlar barada türk mediasy Türkiýäniň häkimiýetlerine salgylanyp habar berýär.

Ýatlatsak, Gülkamar Hanymowanyň, onuň gyzlary Leýla we Laçyn Geldiýazowanyň, şeýle-de gyzlaryň biriniň halaşýan ýigidi Ruslan Kerimowyň böleklere bölünen jesetleri 18-nji iýunda Izmir şäheriniň Baýrakly etrabynyň Adalet mähellesinde ýerleşýän iki gatly bir jaýdaky doňduryjynyň içinde tapyldy.

Türk polisiýasy 19-njy iýunda türkmenistanlylary öldürmekde aýyplanýan türkmen raýaty Saparmurad Hallyewi tussag etdi. Oňa kömek etmekde aýyplanyp, üç adam, şol sanda owgan, türkmen we tür raýatlary saklandy. Kazyýet diňlenişiginden soň, Hallyew tussag edildi we oňa kömek etmekde aýyplanýanlar kazyýet gözegçiligi şerti bilen boşadyldy.

“Hallyewiň polisiýa beren beýannamasynda söýgülisi Gulkamar Hanymowanyň özüne ikilik edýändiginden şübhelenendigini we şonuň üçin maşgalanyň ähli agzalaryny ýok edendigini boýun alandygy öwrenildi. Şeýle-de, ol 13-nji iýunda ilki Ruslan Kerimowy, soňra bolsa dürli wagtlarda öýe gelen beýleki pidalary ýeke-ýeke öldürendigini, soňra jesetleri böleklere bölüp, doňduryja we sowadyja goýandygyny aýdypdyr” diýip, “Milliyet” neşiri polisiýadaky çeşmelerine salgylanyp, 21-nji iýunda aýtdy.

“Merhumlaryň telefonlaryny satyp, doňduryjy satyn aldy”

Türk mediasyna görä, Hallyew polisiýa beren beýannamasynda merhumlaryň mobil telefonlaryny satyp, doňduryjy satyn alandygyny hem boýun aldy. Şeýle-de, ol daşary ýurda gaçyp gitmegi planlaşdyrandygyny we pul üýşürmek üçin Çeşme şäherinde gurluşykda işlemegini dowam etdirendigini hem aýtdy.

“Ökünmeýärin”

“Ökünmeýärin, beýleki gyzyny-da öldürjekdim” diýip, türk metbugaty dört türkmenistanlyny öldürmekde aýyplanýan Hallyewiň polisiýa aýdan sözlerini sitirledi.

Azatlyk Radiosynyň waka boýunça Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy bilen habarlaşyp, 21-nji iýunda telefon arkaly goşmaça maglumat almak synanyşyklary netije bermedi.

Azatlygyň Türkiýedäki çeşmeleriniň ençemesi bu wakanyň diňe türkmenleriň däl, eýsem türkleriň arasynda hem “sarsgyn” döredendigini aýdýar. Olar bu waka barada adamlaryň ikiçäk söhbetdeşliklerde we sosial ulgamlardaky ýazgylarda gürrüň edýändigini-de bellediler.

Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly aktiwist Dürsoltan Taganowa AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugyna beren maglumatynda ençeme ýyllap watanyna dolanyp bilmeýän türkmenistanly migrantlaryň käbiriniň psihiki ýagdaýynyň ýaramazdygyny aýtdy.

“Psihologiki şikes alan türkmen raýatlary hatda watanynda-da hünärmenlere [lukmançylyk kömegine] ýüz tutmaýarlar. Daşary ýurtlarda ýaşaýan migrantlar üçin bu iki esse kyn. Izmirdäki wakanyň gabanjaňlyk sebäpli bolandygyny eşitdim. 10-15 ýyllap watanyna syýahat etmän, bu ýerde işläp ýören türkmenler bar” diýip, Taganowa aýtdy.

Türkiýede türkmenistanly zenanlar esasan öý hyzmatçysy bolup işleýärler, garrylara we syrkawlara ideg edýärler ýa-da kiçi çagalara seredýärler. Erkek migrantlar esasan awtoýuwalgalarda, gurluşyklarda ýa-da motokurýer bolup işleýärler. Bular agyr we az gazançlary az işler hasaplanylýar.

Türkiýe geçen ýyl Aşgabadyň haýyşy esasynda türkmenistanlylar üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Muňa garamazdan, ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Türkiýe henizem türkmen raýatlary üçin özüne çekiji ugur bolmagynda galýar.

Türk Migrasiýa edarasynyň 15-nji iýundaky sanlaryna görä, 213 müňe golaý türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Ýöne hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň bu görkezijiden ençeme esse köpdügini aýdýarlar.

Türk metbugatynda jenaýatyň pidasy bolan ýa jenaýata baş goşan, ýa-da gümürtik ýagdaýda ölen türkmenistanlylar barada ýygy-ýygydan maglumat peýda bolýar.

Türkmen hökümeti we metbugat serişdeleri daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hakynda maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG