Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda pyçaklanyp öldürilen türkmenistanly zenan watanynda jaýlandy


Türkmenistandaky bir gonamçylyk (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistandaky bir gonamçylyk (illýustrasiýa suraty)

Geçen hepde Stambulda pyçaklanyp öldürilen türkmen raýatynyň jesedi Türkmenistana getirilip, öz dogduk sebitinde jaýlandy. Habarçylarymyz merhum 32 ýaşly Mähri Ereşowanyň ykbaly barada goşmaça maglumat toplamagy başardylar. Ereşowanyň ölümine ilteşikli bolmakda aýyplanyp, Türkiýede onuň adamsy Mekan Ereşow saklandy.

Ereşowanyň jesedi 7-nji iýunda Stambulyň Beýlikduzu etrabynda äri bilen kireýine tutan bir jaýynyň içinde tapyldy.

Türk mediasynyň maglumatyna görä, çarşenbe güni kwartiranyň eýesi jübütlerden habar tutmaga gelýär, ýöne gapyny hiç kim açmaýar. Şondan soň ilki Mekana, soň gyssagly kömek hyzmatlaryna jaň edilýär.

Mekan jaýa penjireden girip, Mähriniň öldürilendigini görýär. Onuň jesedi myhman otagynda, hammam otagynyň işiginde ýatan eken. Jesediň boýnunda we garnynda pyçak ýaralary bardy diýip, habarda aýdylýar.

Bu waka netijesinde Mekan Ereşowyň özi adam öldürmekde güman edilip tussag edildi. Jenaýatyň mümkin bolan sebäpleri barada hiç bir maglumat berilmeýär.

Türk metbugatynyň habarynda merhumyň jesedi Kazyýet lukmançylyk barlaglaryndan soň, onuň iki aýal dogany we erkek dogany tarapyndan, watanynda jaýlamak üçin, alnyp gidilendigi nygtalýar.

Türkmenistandaky habarçymyz merhumyň jesediniň 10-njy iýunda, özüniň dogduk ýeri, ýagny Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Garawullar obasyna getirilendigini we onuň ertesi güni ýerli gonamçylykda jaýlanandygyny aýdýar. Merhumyň yzynda iki ogly galdy.

Mekan Türkiýä aýalyndan has öň, bäş ýyl ozal gelipdir we motosikl abatlaýyş dükanynda işläpdir. Mundan birnäçe aý ozal, ol Türkmenistandaky aýalyna hem Türkiýä işe gelmegi teklip edýär.

Türk mediasyndaky habarda hem bellenilişi ýaly, Mekan soňundan aýalynyň öldürilmegi bilen ilteşikli türk polisiýasy tarapyndan saklanylýar. Maşgalany ýakyndan tananlaryň habarçymyza aýtmagyna görä, Mekan hem öldürilen aýalynyň jesedi bilen Türkmenistana gitmekçi bolupdyr, emma ol soňy bilen goýberilmän saklanypdyr.

Azatlygyň 12-nji iýunda bu waka boýunça Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasy bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat almak synanyşyklary netije bermedi. Türkmen wekilhanasynyň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgilerine, dowamly synanyşyklara garamazdan, hiç kim jogap bermedi.

Bellesek, mundan öň Azatlyk bilen habarlaşan Türkiýedäki türkmen migrantlary Türkmenistanyň daşary ýurtlarda heläk bolan merhum raýatlarynyýurduna gaýtarmak ugrunda hemaýat bermeýändigini ýa hatda jesetleriň ugradylmagyna rugsat bermeýändigini belläpdiler.

Ýatlatsak, üç ýyl töweregi mundan ozal, Türkiýede onlarça türkmenistanly raýat ýasama arakdan zäherlenip, aradan çykypdy. Şol döwür, dowamly tagallalara garamazdan olaryň jesetlerini watanyna ibermek başartmandy.

Türkmenistandaky işsizlik zerarly zähmet migrasiýasyna baş urýan türkmenistanlylaryň Türkiýede uçraýan kynçylyklary, käte olaryň gümürtik ýagdaýda öldürilmegi barada çykýan habarlar türkmen metbugatynda agzalmaýar.

Ankara geçen ýyl Aşgabadyň haýyşy esasynda türkmenistanlylar üçin 30 günlük wizasyz syýahat düzgünini ýatyrmagyna hem garamazdan, Türkiýe henizem türkmen raýatlary üçin özüne çekiji ugur bolmagynda galýar.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň sanlaryna görä, häzirki wagtda 222 müň töweregi türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Ýöne resmi däl sanlar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň has köpdügini görkezýär.

Türkmen hökümeti hemişelik ýa-da uzak möhletli esasda daşary ýurtlara giden raýatlaryň sany barada takyk maglumatlary mälim etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG