Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Transport kynçylyklary: Ýolagçylar otlularyň hajathanalarynda sapar etmeli bolýar


Türkmenistanda otly wagonlarynyň geçelgelerinde syýahat edýän ýolagçylar (Arhiw suraty)
Türkmenistanda otly wagonlarynyň geçelgelerinde syýahat edýän ýolagçylar (Arhiw suraty)

Türkmenistanda Türkmenbaşy-Aşgabat-Türkmenbaşy, Amyderýa-Aşgabat, Serhetabat-Aşgabat we Daşoguz-Aşgabat ugurlary boýunça otly biletleriniň gytçylygy emele geldi.

Bu ýagdaý, biletleriň satuwy bilen bagly paranyň möwjemegine we otlulara artykmaç ýolagçy alynmagy bilen bagly ýagdaýyň ozal görlüp-eşidilmedik derejelere ýetmegine getirdi.

Gurban baýramynyň yzysüre ýüze çykan transport kynçylyklary barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy iýunda Balkan welaýatyndan maglumat berdi.

“Döwlet tarapyndan ýola goýlan otly we uçar gatnawlary ilatyň talabyny ýene ödäp bilmedi. Otlulara adatça kabul edilmeli ýolagçylardan üç esse köp adam kabul edildi. Otlularyň kupelerinde, girelgelerinde, geçelgelerinde boş ýer galmansoň, ýolagçylar hajathanalarda iki-üç adam bolup, dik aýak üstünde durup, ýol aşmaga mejbur boldular” diýip, ýakynda bu ýagdaýlary başdan geçiren balkanly ýolagçylaryň biri anonim şertde gürrüň berdi.

Türkmenistanda 16-18-nji iýun aralygynda Gurban baýramy bellenildi. Baýramyň öňüsyrasynda, beýleki welaýatlarda zähmet çekýän raýatlar maşgalalaryň ýanyna dolanan bolsa, soňky günlerde işleýän sebitlerine gaýdyp gelýärler.

Habarçymyz soňky iki hepdä golaý wagt bäri uçar we otly biletleriniň ne onlaýyn satuwda, ne-de kassalarda tapdyrýandygyny aýdýar. Ýöne ol baýramçylyk mynasybetli ilat arasynda biletlere bolan talabyň artmagynyň para-berimiň möwjemegine getirendigini belleýär.

“Demirýol wokzallarynyň käbir işgärleri döwlet bahasy 50 manat bolan biletleri 250 manatdan satdylar. Käbir günlerde biletleriň bahasy 600-900 manada çenli ýetdi. Bularyň üçden iki bölegi artykmaç biletler diýsek ýalňyşmarys” diýip, başga bir ýolagçy anonim şertde beren maglumatynda uçar biletleriniň parasynyň has-da gymmatdygyny aýtdy.

Azatlyk onlaýyn tapdyrmaýan otly biletleriniň demirýol işgärleri ýa-da araçylar tarapyndan telim esse gymmada satylmagy barada “Türkmendemirýollary” agentliginden we onuň Balkandaky edarasyndan, şeýle-de sebitiň demirýol mezillerinden teswir alyp bilmedi.

Ýöne ýerli demirýol menziliniň bir işgäri anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda wokzalyň ýolbaşçysyna döwlet tarapyndan her gün 200 sany ätiýaç bilediniň ýollanýandygyny aýtdy.

"Olara bu biledi saglyk ýa-da beýleki zerurlyklary bolan ýolagçylara 1 sagat öňünden satmaga ygtyýar berilýär. Ýöne ýolbaşçylar wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanyp, bu biletleri öz tanyşlary arkaly telim esse gymmada satyp, ummasyz pul gazanýarlar. Netije-de, garyp raýatlar otla bilet tapyp bilmän kösenýär. Galyberse-de, 200 biletden başga-da, onlarça bilet artyk satylýar” diýip, balkanly demirýol işgäri belledi.

“Türkmenhowaýollary” 2018-nji ýylda we “Türkmendemirýollary” 2019-njy ýylda biletleriň onlaýyn satuwyny ýola goýdy.

Şonda häkimiýetler bu hyzmatlaryň ýolagçylar üçin döredilen täze bir aňsatlykdygyny aýdyp, biletleriň belli bir böleginiň onlaýyn, galan böleginiň kassalarda satylýandygyny mälim edipdiler, ýöne olaryň göterimini aýdyňlaşdyrmandylar.

Muňa garamazdan, Türkmenistanda ilat uçar we otly biletleriniň ýeter-ýetmezçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolýar. Raýatlar para bermedikleriň biletleri tas asla satyn alyp bilmeýändigini aýdyp gelýärler. Bu problema uly baýramçylyklarda we dynç alyş möwsüminde has-da ýitileşip, biletleriň töweregindäki para-berimi hem möwjedýär.

Ahalda sil suwlarynyň demir ýollara ýetiren zyýany heniz-de abatlanmaýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:12 0:00

Bu aralykda, otluda sapar edýän ýolagçylaryň ençemesi demir ýollaryň agyr ýagdaýdygyny, käbir bölekleriniň çagşap ýatandygyny belläp, olarda sapar etmegiň howpludygyna ynanýandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG