Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň Ukraina bilen arada mineral serişdeler we tebigy baýlyklar boýunça ylalaşyga ýakyn wagtda gol goýjakdygyny aýdýar, şol bir wagtda, urşy soňlamak boýunça Russiýa we Ukraina bilen arada aýry-aýrylykda alnyp barylýan gepleşikler dowam edýär.
Tramp 20-nji martda Ak tamda žurnalistlere beren gürrüňinde uruşdaky ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen özüniň şu hepde geçiren gepleşiklerinden soňra parahatçylyk ylalaşygyny gazanmak ugrunda alnyp barylýan tagallalaryň “diýseň gowy” barýandygyny aýtdy.
“Biz Ukraina we Russiýa boýunça örän oňat iş alyp barýarys. Biziň etjek zatlarymyzyň birisi hem, biz Ukraina bilen seýrek minerallar boýunça ylalaşyga örän ýakyn wagtda gol çekeris” diýip, Tramp aýtdy.
Tramp şeýle teswirleri aýdýan mahaly, rus güýçleri Odesada raýat infrastrukturalaryna hüjüm edip, zyýan ýetirdi we üç adamy, şol sanda bir gyzy ýaralady diýip, sebit häkimi aýtdy.
“Duşman Odesa hem-de sebite dronlar bilen agyr zarba urdy” diýip, häkim Oleh Kiper aýtdy. “Raýat infrastrukturasyna, şol sanda köp gatly, belent ýaşaýyş binasyna, söwda merkezine we dükanlara zyýan ýetdi” diýip, ol Telegramda ýazdy.
Kiper bu hüjümleriň netijesinde üç ýerde ýangynyň dörändigini aýtdy.
Russiýa ukrain güýçleriniň Kursk sebitiniň Sudža şäherinde gaz paýlaýjy desga hüjüm edendiklerini aýdýar. “Sota” garaşsyz habar beriş serişdesi Telegramda ulakan ýangynyň suratyny paýlaşdy.
Ukrain harbylary hem Telegramda şol bir suraty paýlaşyp, “duşmanyň Ýewropa gaz ibermekde peýdalanýan Sudža gaz geçiriş ulgamyna üstünlikli zarbanyň amala aşyrylandygy” barada berilýän media habarlaryny sitirledi.
Ukrainanyň hökümeti resmileri bu hadysa boýunça resmi beýanat bermedi. Moskwa hem bu barada habar bermedi.
Bu stansiýa Ýewropa barýan rus gazynyň Ukrainanyň üsti bilen geçirilýän ýeke-täk geçiriş nokadydy. Ukraina ýanwarda tranzit ylalaşygynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürdi.
Rus prezidenti Wladimir Putin 20-nji martda basylyp alnan ukrain sebitlerinde ýaşaýan ukrainalylara 10-njy sentýabra çenli rus pasportyny almagy ýa-da ol ýerleri terk etmegi tabşyrdy. Bu ultimatom basylyp alnan Donetsk, Luhansk, Herson we Zaporižýa sebitlerinde ýaşaýan ukrainalylara degişlidir diýip, Ukrainanyň öňki ykdysadyýet ministri Timofiý Milowanow X postunda aýtdy.
Tramp şu hepde ýaraşygy gazanmak maksady bilen Putin bilen hem-de ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen aýrybaşga gepleşikleri geçirdi.
Bu gepleşiklerde 30 gün möhleti bolan doly ýaraşyk gazanylyp bilinmedi, ýöne Putin 30 günüň dowamynda energetika infrastrukturalaryna rus hüjümlerini amala aşyrmazlyk boýunça ylalaşdy. Zelenski Tramp bilen geçiren gepleşiginden soňra özüniň hem şeýle arakesmäni kabul edip biljekdigini aýtdy.
“Biz urşuň soňlanmagyny isleýäris, we meniň pikirimçe biz bu babatda diýseň gowy iş alyp barýarys” diýip, Tramp aýtdy.
Ukraina we Birleşen Ştatlar üstümizdäki aýda Ukrainanyň möhüm mineral serişdelerini özleşdirmek boýunça giň möçberli ylalaşygy gazanmak barasynda ylalaşdy. 28-nji fewralda Tramp bilen Zelenskiniň arasynda Ak tamda bolan gyzgyn çekişmeden soňra, bu ylalaşyga gol çekilip bilinmedi.
Tramp we Zelenski 19-njy martda geçiren telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň Ukrainadaky urşuny soňlamak boýunça bilelikde işleşmäge ylalaşdy. Ak tam bu söhbetdeşligi “ajaýyp” hökmünde suratlandyrdy.
Mineral serişdeleri boýunça ylalaşygyň şertleriniň üýtgäp-üýtgemändigi belli däl. Zelenskiniň tutanýerlilik bilen talap edýän howpsuzlyk kepilligi şertnamanyň mundan öňki wersiýasyna girizilmedi.
Bu ylalaşyk ukrain hökümetine döwlet eýeçiligindäki mineral serişdeleriň özleşdirilmeginden gelýän girdejileriň 50 göterimini ABŞ we Ukraina bilen bilelikde dolandyrylýan dikeldiş gaznasyna geçirmegi şert goşýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum