ABŞ prezidenti Donald Tramp Ukraina öz atom elektrik desgalaryny ABŞ-nyň eýeçiligine geçirmegi teklip edýär diýip, Ak tamyň metbugat sekretary Karolin Leawit brifingde aýtdy. Trampa görä, şeýle bolanda Ukrainanyň energetika desgalary iň gowy goranyş bilen üpjün ediler.
Tramp ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen 19-njy martda geçiren telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyň bu desgalary dolandyrmakda örän peýdaly bolup biljekdigini, sebäbi onuň elektrik energiýasy ulgamynda giň tejribesiniň bolandygyny aýdypdyr.
Ukrain tarapy beýle teklibi agzamady, ýöne Tramp-da, Zelenski-de telefon söhbetdeşliginiň parahatçylyk ylalaşygyny gazanmak ugrunda “örän oňat” we oňyn geçendigini aýtdy. Russiýanyň Ukrainanyň energetika desgalaryna edýän hüjümleriniň, hem-de Ukrainanyň rus energetika infrastrukturalaryna amala aşyrýan hüjümleriniň özara togtadylmagyna ýaraşygy gazanmak ugrunda ilkinji ädim hökmünde garalýar.
Bir gün ozal, Tramp rus prezidenti Wladimir Putin bilen hem telefonda gürleşdi. Onuň dowamynda, Putin Russiýanyň Ukrainanyň energetika desgalaryna hüjüm etmekden wagtlaýyn saklanjakdygyny wada berdi. Russiýanyň Goranmak ministrligi hatda ukrain infrastrukturalaryna tarap atylan dronlaryň hem rus howa hüjümlerinden goranyş ulgamlary tarapyndan urlup ýykylandygyny aýtdy. Ýöne Zelenski, çarşenbe gijesi ukrain energetika desgalaryna zarba urlandygyny belläp, Moskwany öz wadasynda durmazlykda aýyplady.