Siriýanyň täze ýolbaşçylary ýokary harby wezipelere birnäçe daşary ýurtly söweşileri, şol sanda Hytaýdan bolan uýgurlary, etniki alban we täjik raýatyny bellediler. Bu bolsa olaryň gelen ýurtlarynda ynjalyksyzlyk döredýär. Ýöne Ýakyn Gündogar boýunça ekspertiniň aýtmagyna görä, jeňçiler öz ýurtlarynda rewolýusiýa geçirmäge synanyşmazlar.
Siriýanyň täze hökümeti birnäçe daşary ýurtly yslamçy söweşijilere ýokary harby wezipeleriň berlendigini yglan etdi. Bu bolsa olaryň gelen ýurtlarynyň hökümetlerini biynjalyk edýär. Bu döwletleriň häkimiýetleri rewolýusiýanyň öz territoriýasyna eksport edilmek mümkinçiliginden gorkýarlar.
Reuters we AFP Siriýadaky ady aýdylmaýan çeşmelere salgylanyp, resmi wezipeleri alan daşary ýurtlularyň arasynda Demirgazyk Makedoniýadan gelen etniki albanlaryň, Täjigistanyň raýatynyň we Hytaýdan üç uýguryň bardygyny habar berýärler.
Habarlarda daşary ýurtly üç söweşijiniň brigada generaly, azyndan üç sanysynyň bolsa polkownik derejelerini alandygy öňe sürülýär. Bu maglumatlary Azatlyk Radiosy özbaşdak barlap bilmeýär.
Makedoniýaly Abdul Samrez Jaşari – ol Abu Katada al-Albani ady bilen hem tanalýar.
48 ýaşly Jaşari 2024-nji ýylyň dekabrynda Siriýanyň prezidenti Başar al-Asady derbi-dagyn eden yslam guramasy “Haýýat Tahrir al-Şam” bilen bagly, esasan etniki albanlardan düzülen “Jemati Alban” harby toparyna ýolbaşçylyk edýär. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi bu guramany terror guramasy hökmünde ykrar etdiler.
ABŞ-nyň Maliýe departamenti 2016-njy ýylda Jaşarini terrorçy hökmünde ykrar etdi.
Polkownik derejesini alan ýene bir daşary ýurtly Täjigistandan gelen jeňçini täjik blogçylary Saýfiddin Tajiboýew diýip tanatdylar.
Azatlyk Radiosy Tajiboýewiň täze operatiw serkerde wezipesine bellenendigi we onuň maýor derejesinden, polkownik wezipesine geçirilendigi baradaky habarlaryň dogrudygyny barlap bilmeýär.
Adynyň aýdylmazlygyny soran täjik howpsuzlyk çeşmesi Azatlygyň Täjik gullugyna häkimiýetleriň Tajiboýewiň täze derejeleri baradaky habarlary yzarlaýandygyny aýtdy.
Täjigistanda 41 ýaşly Tajiboýew daşary ýurtlardaky ýaragly çaknyşyklara gatnaşmakda we terror guramalaryna agzalykda, şeýle-de terror toparlaryna jeňçileri saýlamakda aýyplanyp, gözlegde durýar.
Täjigistanyň Milli bankynyň saýtynda Saýfiddin Täjiboýew terrorçylyk bilen baglanşykly adamlaryň sanawyna girýär. Ol sanawda islendik pul operasiýasy gadagan edilen adamlar bar.
«2013-nji ýyldan bäri Täjiboýew we onuň dogany Siriýada bolup, terror toparlarynyň ýanynda söweş alyp barýarlar – diýip, Duşanbedäki çeşme aýtdy. – Ol öz hataryna başga raýatlary hem çekip aldy. Onuň garşysyna iş açyldy, ol gözlegde durýar».
Tajiboýew Täjigistanyň Yslam galkynyş partiýasynyň agzasydy. Ol partiýa birwagtlar ýurtda meşhur syýasy güýç bolup, 2015-nji ýylda Duşenbe tarapyndan "terrorçy" diýip gadagan edildi. Partiýa terrorçylykda aýyplamalary inkär edýär. Tajiboýew 2012-nji ýylda öz dogduk mekany, Täjigistanyň demirgazygynda ýerleşýän Spitamen etrabynda partiýanyň ýerli filialynyň başlygy bolup, gysga wagtlyk gulluk etdi. Ol wezipesinden gideninden soňra, partiýanyň alyp barýan syýasatyny tankytlady.
Aýallaryň hukuklary, milli ýaraşyklary we halkara jemgyýetçiligi bilen özara gatnaşyklar babatda aram syýasaty alyp barmagy jemagatyň öňünde söz beren “Haýýat Tahrir al-Şam” daşary ýurtly raýatlaryň wezipä bellenilmegi barada, hiç hili resmi beýanat etmedi. Yslam topary özleri bilen bagly dürli harby birliklerden, hünärli goşun döretmäge çalyşýar.
“Haýýat Tahrir al-Şam” Russiýadan, Merkezi Aziýadan we Balkanlardan köp sanly jeňçileri öz içine alýar. Olaryň aglaba bölegi "Yslam döwleti" ekstremist topary 2014-nji ýylda, Siriýanyň we Yragyň basyp alan sebitlerinde, halyfat döredilýändigini yglan edeninden soň Siriýa gelipdi.
OLARYŇ DOLANMAK MÜMKINÇILIGINDEN DÖREÝÄN ALADA
Jeňçileriň köpüsine öz ýurdunyň häkimiýetleri durnuklylyga we milli howpsuzlyga howp salyp biljek güýç hökmünde garaýarlar.
2024-nji ýylyň dekabrynda sosial ulgamlarda Siriýada täjik jeňçileriniň wideolary ýaýradylanda, adynyň aýdylmazlygyny isleýän Duşanbedäki howpsuzlyk güýçlerine ýakyn çeşme Täjigistanyň häkimiýetleriniň täjik raýatlarynyň daşary ýurt uruşlaryna gatnaşmagyndan howatyrlanýandygyny aýtdy.
"Olar bir gün Täjigistana dolanyp, bu ýerde agyr kynçylyklary döredip bilerler" diýip, çeşme jeňçileri haýal täsir edýän bomba diýip atlandyrdy.
Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri öz raýatlarynyň ýüzlerçesini – “Yslam döwletiniň” jeňçileriniň maşgala agzalaryny Yrakdan we Siriýadan çykardylar we olara "parahat durmuşa" uýgunlaşmaga kömek etdiler.
Başga-da onlarça raýat häkimiýetleriň yglan eden amnisiýalaryndan peýdalanyp, meýletin yzyna dolandylar.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, Siriýada henizem uruşlara gatnaşan birnäçe müň daşary ýurtly bar.
Olaryň ýurdunyň hökümetleri jeňçileriň “Haýýat Tahrir al-Şamyň” ýa-da yslam rewolýusiýasynyň ideologiýasyny öýlerine getirmäge synanyşmagyndan alada edýärler.
"Jihadçylyk syýasy eýýämi: ‘Haýýat Tahrir al-Şamyň’ öwrenilişi" atly kitabyň awtory Aaron Zelin Azatlyk Radiosyna Siriýanyň goşunynda daşary ýurtlularyň ýokary wezipelere bellenmegi, öň Abu Mohammed al-Golani diýlip tanalan Ahmed al-Şaraanyň ýolbaşçylygyndaky Siriýanyň täze hökümdarlarynyň öz ýurdundan daşardaky ýerler babatda, haýsydyr bir planynyň bardygyny aňlatmaýandygyny aýdýar.
Waşington Ýakyn Gündogar syýasat institutynyň barlagçysy Zelin: "Bu adamlaryň Siriýa döwletiniň buýruklaryna eýermegi niýetlemek Golani bilen “Haýýat Tahrir al-Şamyň” tagallasydyr we häzir uruş köp ýa-da az derejede tamamlanandan soň, "frilansingiň" bolmazlygyny gazanmak" diýdi.
Ekspert al-Şaraanyň belli bir wagtdan bäri ýurtda ýaşaýan daşary ýurtlulara Siriýanyň raýatlygyny bermek barada gürrüň edendigini we olaryň Asad režimine garşy göreşde “Haýýat Tahrir al-Şama” goldaw berendigini belleýär.
"Golani olary integrirlemek we siriýaly etmek üçin tagalla edýär... "Hakyna tutma" bolmagyň deregine olar bular bilen integrirlenip, “Haýýat Tahrir al-Şamyň” täze roluna eýerseler – bu gowudyr. Iň bolmanda, bu şeýle görünýär" diýip, Aaron Zelin netijä gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum