Orsýetiň üç ýyl mundan ozal Ukraina basyp girmeginden bäri Gyrgyzystanda gyrgyz pasportyny alýan ruslaryň çalt ösýän bazary peýda boldy. Gyrgyz pasporty sanksiýalara ýa-da başga çäklendirmelere düşen ruslara daşary ýurda gitmek mümkinçiligi ýaly birnäçe artykmaçlyklary berýär.
Şol wagtyň özünde, goňşy ýurtlardan öz ýurduna göçüp gelen etniki gyrgyzlar gyrgyz raýatlygyny almakda kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Baý ruslar elmydama öz maliýe howpsuzlygyny üpjün etmäge we Malta ýa-da Kipr ýaly deňiz kenaryndaky döwletlerde "altyn pasportlary" we wiza programmalaryny ulanyp, dürli ýurtlara gitmäge çalşyp geldiler.
Emma Kremliň Ukrainada alyp barýan doly göwrümli urşuna jogap hökmünde, halkara ykdysady sanksiýalary hem-de daşary ýurtlara girmeklige çäklendirmeler girizilenden soň, goňşy ýurtlardan ikinji pasport almak isleýänler üçin, çalt ösýän bazar emele geldi. Gyrgyzystan bu döwletleriň biridir.
Döwlet edarasynyň Azatlyk Radiosyna beren resmi maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň başyndan bäri, ýagny Ukrainada urşuň başlanmagy bilen gyrgyz pasportyny alan rus raýatlarynyň sany ep-esli artypdyr.
Bu ýagdaýyň ösmegi orsýetlilere Gyrgyzystanyň pasportyny hödürlenýän internet bazarynyň peýda bolmagy bilen gabat geldi. Şeýle ýagdaý ýalançylygyň we parahorlugyň ýaýramagy barada hem aladalary döredýär. Munuň döwletiň abraýyna ýaramaz täsir edip biljekdigine ynanýanlar hem bar.
«Her kim: “Bu nähili döwlet?” diýip sorag berýär.» Bu sözi geçen aýdaky parlament maslahatynda deputat Emil Toktoşew aýtdy.
Facebook, YouTube we Telegram kanallarynda ýaýradylan mahabatlarda, Gyrgyzystanyň pasportynyň ruslara birnäçe artykmaçlyk berýändigi, şol sanda daşary ýurtlarda hasaba durmagyň ýönekeýleşdirilmegi barada aýdylýar. Gyrgyzystanyň pasporty Ukrainada urşuň başlanmagyndan bäri ruslara daşary ýurtlarda ýapylan gapylary açmak üçin, "altyn" wizany almagyň usuly hökmünde hödürlenýär.
Mahabatlaryň birinde rus diliniň Gyrgyzystanda ikinji dildigi we ýurtda "syýasy durnuklylygyň" ýola goýlandygy aýdylýar.
Gyrgyzystanyň pasportyny hödürleýän aralykçylar öz hyzmatlaryny birnäçe müňden 20 müň dollara barabar teklip edýärler. Aralykçylaryň käbiri gysga möhleti – 3-6 aýyň içinde Gyrgyzystan Respublikasynyň pasportyny wada berýär.
Gyrgyzystanyň resmileri bu döwürde pasport almagyň mümkindigini, ýöne bu möhlet arzanyň haçan berlendigine bagly diýip düşündirdiler. Olaryň Orsýetde ýerleşýändigi üçin, gyrgyz pasportyny hödürleýän kompaniýalara garşy nähilidir bir çäre görmegiň kyn bolýandygyny-da belleýärler.
Emma deputatlar gyrgyz pasportyny gysga wagtyň içinde birnäçe müň dollara almak baradaky teklibiň arkasynda, parahorluk hereketiniň bolup biljekdigine alada bildirýärler.
Bu proses barada giňişleýin maglumat almak üçin, Azatlyk Radiosynyň rus dilindäki barlag topary “Sistema” gyrgyz pasportyny almaga kömek edýän birnäçe aralykçy bilen habarlaşdy. Olaryň hiç biri pasport almak meselesinde para-peşgeş berilýändigi barada, açyk maglumat aýtmady. Emma aralykçylaryň biri "goşmaça hakyň" işi tizleşdirip biljekdigini belledi.
Prezident administrasiýasynyň ýolbaşçylygyndaky «Kyzmat» döwlet edarasynyň Ilat ýazuwy bölüminiň müdiriniň orunbasary Bekzat Ibraimow bu ugurda korrupsiýa ýa-da para almak mümkinçiligini inkär etdi.
«Meniň pikirimçe, parahorluk mümkin däl. Meselem, eger bir adam bir adam bilen ylalaşmaly bolsa, onda bu mümkin diýeli. Emma bu işleriň bary birnäçe tapgyrda bolýar. Şoňa görä munuň nähili bolup biljekdigini göz öňüne getirip bilemok. Meniň pikirimçe, beýle zatlar hakykata laýyk däl» diýip, Bekzat Ibraimov aýtdy.
«Ilki bilen bu edaralar diňe maslahat hyzmatlaryny berýär – diýip, Ibraimow aýdýar. – Biziň ýanymyza graždanlaryň özleri, aralykçysyz gelýär.»
Ruslaryň akymy
2022-nji ýylyň fewralynda mobilizasiýadan we syýasy repressiýadan gaçan ýüz müňlerçe rus Orsýeti terk edip başlady.
Uruş başlanandan bäri gyrgyz raýatlygyna ýüz tutýan we ony alan ruslaryň sany birden artdy.
Hökümet maglumatlaryna görä, Gyrgyzystanyň pasportyny almaga ýüz tutan we Gyrgyzystan Respublikasynyň raýatlygyny alan ruslaryň sany 2021-nji ýylda 400 töweregi adam bolanyndan, 2022-nji ýylda olaryň sany 1122, 2023-nji ýylda 5373, 2024-nji ýylda hem 7122 adama ýetdi.
Gyrgyzystanyň Prezident administrasiýasy tarapyndan, ozal çap edilen täze raýatlaryň sanawyna görä, uruş başlanandan soň gyrgyz pasportyny alanlaryň arasynda Orsýetiň syýasy we biznes elitasynyň wekilleri hem bar.
Olaryň hatarynda Twer oblastynyň öňki häkimi Dmitriý Zelenin; Moskwa sebitindäki “Skolkowo” döwlet innowasiýalar merkeziniň baş müdiri Kirill Kaýem, Putiniň Bitewi Orsýet partiýasynyň federal deputaty Ýuriý Petrow, onuň aýaly hem ogly bar. Ol ABŞ-nyň “gara sanawda” girizilipdi.
2022-nji ýylda uruş başlanandan soň gyrgyz pasportyny alan ýene bir işewür wekil halkara sanksiýalary astynda bolan Ilýa Gambaşidze. Ol Moskwanyň Sosial taslama agentligine baştutanlyk edýär. Waşington ony Kremliň buýrugy boýunça propaganda kampaniýasyny geçiren diýip hasaplaýar.
Azatlyk Radiosynyň (RFE/RL) Ukraina gullugy tarapyndan barlag žurnalistikasy dowamynda alnan dokumentlerde, Gambaşidzeniň Ukrainany we onuň ýaranlaryny abraýdan gaçyrmaga gönükdirilen operasiýalary, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginde sagçy syýasy partiýalara goldawyny artdyrandygy görkezilýär.
Gyrgyzystanyň raýatlygyny alanlaryň arasynda Tatýana Kimiň öňki ýanýoldaşy Wladislaw Bakalçuk hem bar. Bu maşgala öň Orsýetiň iň girdejili we üstünlikli işewürleriniň biri "Wildberries" bazaryny esaslandyryjy we onuň eýesidi. Ol özüniň Telegram kanalynda geçen baharda gyrgyz pasportyny alandygy barada habar çap etdi. Şeýle hem prezident Sadyr Žaparow bilen düşen suratyny ýerleşdirdi. Ýöne suratyň haçan alnandygyny anyklamady. Bakalçuk geçen ýylyň sentýabr aýynda Moskwadaky “Wildberries” ofisinde bolan gandöküşikli atyşykdan soň tussag edilip, soňra boşadyldy.
Kremliň tankytçylarynyň we žurnalistleriň yzarlap başlan döwri bolan 2014-nji ýyldaky kanuna laýyklykda, eger-de Orsýetiň raýaty başga ýurtdan pasport ýa-da ýaşamak üçin rugsat alsa, onda ol resmi ýagdaýda Orsýetiň hökümetine habar bermelidir.
Zelenin, Kaýem, Petrow we Gambaşidze gyrgyz pasportyny almagyň sebäpleri baradaky soraglara jogap bermediler.
Gyrgyzystan, Gazagystan, Belarus we Orsýet tarapyndan gol çekilen dörttaraplaýyn ylalaşyga esaslanyp, Sowet Soýuzy dargamazyndan öň doglan ruslar bu ýurtlaryň birinden sadalaşdyrylan şertlerde ikinji pasporty alyp bilýärler. Munuň üçin olara öň bu ýurtda ýaşamak hökman däl.
Azatlyk Radiosy tarapyndan alnan resminamalara görä, 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Sowet Soýuzy dargamazyndan öň doglan ruslaryň Gyrgyzystanyň pasportyny almak üçin arza berenleriň we ony alanlaryň sany soňky üç ýylyň dowamynda artdy.
Gyrgyzystanyň raýatlygyna kabul edilmek baradaky permanlara prezident Sadyr Žaparow gol çekýär.
2023-nji ýyldan Gyrgyzystanyň Prezident administrasiýasy gyrgyz pasportyny alanlaryň atlaryny çap etmegini bes etdi.
Raýdaşlyk meseleleri boýunça prezident administrasiýasynyň ýanyndaky komissiýanyň jogapkär müdiri Ulugbek Şükürbekow raýatlyk hukugyna dalaşgärler bilen komissiýanyň agzalarynyň arasynda göni aragatnaşyk ýok, şoňa görä raýatlyk hukugyna arza beren dalaşgärleriň dokumentleri düýpli barlagdan geçenden soň, bize gowuşýar diýip, Azatlyk Radiosyna mälim etdi.
– Biz kanun we ylalaşyk esasynda kabul edýäris. Ýöne olar ilkinji gezek gelende, pasport edarasyna baryp, degişli dokumentleri hödürleýärler, eger olar tertipde bolsa kabul edilýär. Ol dokumentleri degişli kanun goraýjy edaralar hökman barlaýarlar: olarda jenaýat işleriniň ýazgysy barmy ýa-da ýok, jenaýatçymy ýa-da däl – muny anyklaýarlar. Şondan soň bize taýýar dokumentler gelip gowuşýar. Biz diňe gutarnykly dokumentleri alýarys we diňe olaryň esasynda, olar gözden geçireninden soň, perman taýýarlaýarys – diýip, Şükürbekow aýtdy.
Azatlyk Radiosy gyrgyz pasportyny almakda kömek bermegi teklip edýän rus kompaniýalary bilen habarlaşdy. Olaryň wekilleri SSSR dargamazdan öň doglanlaryň ileri tutulýandygyny aýtdylar. Bu firmalaryň käbiri pasporta kepil geçmeýändiklerini aýtsa-da, käbiri kanun taýdan hereket edýändiklerini mälim etdiler.
Başga bir firmanyň wekili siz Gyrgyzystanyň emeldarlaryna pul berýänçäňiz, bu iş ýerinden gozganmaz diýdi.
«Eger pul bermeseň, onda bir ýyldan köp garaşmaly bolarsyň. Şonuň bilen birlikde, (dokumentleri tabşyrmak üçin) belli bir senäni we wagty bellemeýärler. Hatda senäni görkezseler-de, dokumentleri tutuş bir hepdeläp kabul etmän bilýärler, soňra bolsa ýene möhleti yza süýşürýärler» diýip, beýleki firmanyň müdiri aýdýar.
"Bar zada tölemeli boldum"
Etniki gyrgyzlaryň raýatlyk almakda päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtynda, gyrgyz pasportlarynyň internetden satylmagy käbir deputatlaryň arasynda biynjalyk döredýär.
"Gyrgyzystanda hiç haçan ýaşamadyk adamyň gyrgyz raýatlygyny aňsatlyk bilen alyp bilýändigine geň galdym. Emma biziň watandaşlarymyza, etniki gyrgyzlara bolsa berilmeýär" diýip, deputat Dastan Bekeşow parlamentde çykyş etdi.
Parlamentiň deputaty Çyngyz Ažibaýew bir gyrgyza durmuşa çykyp, bu ýerde uzak ýyl ýaşap ýören aýalyň 20-30 ýylyň dowamynda, raýatlyk hukugyny alyp bilmändigini aýtdy.
«30 ýylyň içinde, olaryň çagalary boldy. Häzir olaryň agtyklary bar. Ýöne, gynansagam, ol henizem raýatlyk hukugyny alyp bilenok» diýip, Ažibaýew aýtdy.
Adynyň aýdylmazlygyny soran etniki gyrgyz aýal Azatlyk Radiosyna özüniň we iki çagasynyň birnäçe ýyl mundan ozal goňşy Täjigistandan göçüp geleninden soň, gyrgyz pasportyny alandygyny, ýöne dürli bahanalar sebäpli ýanýoldaşynyň raýatlyk hukugyny alyp bilmeýändigini gürrüň berdi.
"Bir gezek biziň obamyzdan gelen 10-15 adama pasport almaga bir adam kömek edipdir. 60 ýaşly bir aýal pasport almak üçin, bar zada tölemeli bolandygyny aýdýar. käbiri ony diňe bir ýyldan soň, kimdir biri bolsa 6-8 aýyň içinde aldy”.
Prezident administrasiýasynyň ýolbaşçylygyndaky «Kyzmat» döwlet edarasynyň Ilat ýazuwy bölüminiň müdiriniň orunbasary Bekzat Ibraimow Azatlyk Radiosyna etniki gyrgyzlara raýatlyk hukugyny almaklygy aňsatlaşdyrmak boýunça çäreleriň görlendigini, ýöne häzire çenli kynçylyklar döreýändigini aýtdy.
Parlamentiň deputaty Emil Toktoşew Azatlyk Radiosyna kanun goraýjy edaralardan, Orsýetiň internet bazasynda "gyrgyz pasportlaryny satýanlary" tapmagy we ýalançylaryň şahsyýetlerini mälim etmegiň talap edilendigini aýtdy.
«Pasportlar şeýle reklama edilse we satylsa, olaryň muny ýönelige satmaýandyklary hemmelere düşnükli ahyryn. Olaryň bu ýerde nähilidir baglaýjylary bar» diýip, Toktoşew aýtdy.
Materialyň taýýarlanmagyna "Radio Free Europe/Radio Liberty" gullugynyň digital barlag bölüminiň redaktory Riýn Alias gatnaşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum