Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidentiniň Magtymguly baradaky karary türkmenleriň arasynda 'çekişme' döretdi


Türkmen (öňki) we özbek prezidentleri Hazarda gämili gezelenç edýär. Arhiw suraty
Türkmen (öňki) we özbek prezidentleri Hazarda gämili gezelenç edýär. Arhiw suraty

Goňşy ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň golaýda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini şu ýyl Özbegistanda döwlet we umumyhalk derejesinde, uly dabara, baýramçylyk bilen bellemek barada çykaran karary türkmen intelligensiýa wekilleriniň arasynda ozalky we häzirki döredijilik erkinligi barada edilýän gürrüňleri, özara pikir alyşmalary has hem "gyzdyrdy" diýip, ýerli synçy habar berýär.

Onuň sözlerine görä, özbek prezidentiniň kararynda Magtymguly Pyragynyň diňe türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry bolman, onuň eserleriniň gadyr-gymmatynyň her bir özbek maşgalasynda hem bilinýändigini bellemegi türkmen intelligensiýasynyň wekillerinde uly hoşallyk döretdi.

Bu mesele boýunça pikirini paýlaşan medeniýet işgärleri, adaty ýaşaýjylar, Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekler iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň diňe peýda berjekdigini aýdýarlar.

"Bu habara örän begendim! Biziň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ähli goşgusy diýen ýaly doganlyk özbek halkynyň bagşylary tarapyndan aýdym we gazal edilip aýdylýar” diýip, ýakynda heýkeller meselesinde pikirini paýlaşan aşgabatly mugallym, sazçylyk mekdebiniň işgäri aýtdy.

Ýöne ol, beýleki bir tarapdan, türkmen hökümetiniň şunuň ýaly ruhy miras we gymmatlyklar meselesinde hem ‘göze ilerlik’ iş etmeýändigini öňe sürýär.

“2024-nji ýyl Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçirilýär, ýöne bu sözler Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çap edilen goşga degişli; şol bir wagtda, bu meselede iş ýüzünde halka ýakyn, halkyň göwnünden turaýjak we azajyk bolsa-da ataly-ogul Berdimuhamedowlaryň propagandasyny peseltjek çäreler geçirilenok, bu beýle diýdimzor režimde mümkin hem däl!", diýip, aşgabatly mugallyma aýtdy.

Daşoguzdaky medeniýet öýleriniň birinde işleýän raýatyň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, bu ýyl Magtymguly Pyragy ýyly bolsa-da, näme üçindir, Pyragynyň döredijiligi barada gürrüň edilende hem Arkadagy we Serdary öwmek talap edilýär.

"Bu bir akla sygmajak ýagdaý, käbir ýaranjaňlara seretseň, göýä, Pyragynyň döreden eserleri hem hut Berdimuhamedowlaryň aladasy bilen" dörän ýaly" diýip, medeniýet işgäri Türkmenistandaky ýaranjaňlygyň ‘görülmedik derejelere’ ýetendigini, bu ýagdaýyň milli şahyry “syýasatdan, döwlet propagandasyndan aýratyn, ýokary ruhy belentlikde saklamaga hem päsgel berýändigini" aýydy.

Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekleriň ikiçäk gürrüňdeşlikde aýtmaklaryna görä, Pyragynyň döredijiligi özbek halkynyň diline, kalbyna we dünýägaraýyşlaryna örän ýakyn.

“Şu sebäpden, goňşy Özbegistanyň prezidentiniň bu karary biz üçin bolmaly we hut ýerine düşen bähbitli karar” diýip, synçy bilen gürleşen ýerli özbek aýtdy.

Kerkide ýaşaýan özbek sazandasynyň aýtmagyna görä, Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen özbek folklor aýdymlary bu gün diňe bir Türkmenistandaky toýlarda däl, eýsem, goňşy Özbegistanda we Gazagystanda hem hormat bilen ýerine ýetirilýär.

"Garşydaky we Termezdäki garyndaşlarymyz her bir toý-dabarada bagşylardan Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary aýtmaklaryny soraýarlar. Bu olar üçin milli däbe öwrülipdir" diýip, ýaş sazanda ikiçäk söhbetdeşlikde aýtdy.

"Özbegistanda Pyraga uly hormat goýulýar we bu örän möhüm mesele, ýöne Türkmenistanda özbek şahyrlaryna, umuman özbek halkynyň medeniýetine kän hormat goýlanok, munuň sebäbi näme?" diýip, Magdanlyda bir mekdep mugallymy bu soragy okuwçylaryň edebiýat mugallymyna berýändigini gürrüň berdi.

"Magdanlyda ýaşaýan etniki özbek mugallymlar hem öz aralarynda çagalaryň şu hili soraglary berýändigi barada gürrüň edýärler... Aşgabadyň iş ýüzünde "dostluk, milletara doganlyk, gumanitar we medeni hyzmatdaşlyk meselelerinde" açyk we ynsanperwer hereketlere taýýar däldiginden lapykeç bolýarlar" diýip, pensiýa ýaşyndaky mugallyma sözüniň üstüni ýetirdi.

Onuň pikiriçe, Özbegistanda etniki türkmenleriň diňe ol ýurtda bolmagy we ýaşamagy däl, eýsem olaryň milliligi we medeniýeti döwlet we halk derejesinde uly bir gymmatlyk hökmünde görülýär.

“Türkmenistanda bolsa, özbek medeniýetiniň wekilleri aňyrda dursun, hatda şu ýurtda özbek milli azlygynyň ýaşaýandygy we olaryň köplük bolup ýaşaýan ýerlerinde öz dillerinde bilim almak hukugynyň bardygy hakynda hem kelam agyz söz aýdylmaýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi ene dili meselesiniň her bir millet we etniki azlyk üçin möhüm mesele bolup durýandygyny ýatlatdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG