Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dizel ýetmezçiligi oba hojalyk işlerini bökdeýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Şu günler Lebap welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda pagta ýygym möwsümi we güýzlük bugdaý ekiş möwsümi dowam edýär, şeýle-de şaly oragyna taýýarlyk görülýär. Ýöne bu işleriň bir bölegi oba hojalyk tehnikalaryna zerur bolan dizel ýangyjynyň ýetmezçiligi sebäpli, päsgelçiliklere sezewar bolýar. Bu aralykda, ýerli neşirler ýurduň ýangyç eksportlary barada habar berýärler.

“18-nji oktýabrda şaly oragyna girişmek barada görkezme berildi emma tehnika berilmeýär. Täze tehnikalardan diňe “pogonly adamlaryň” hemaýatkärlik etmeginde peýdalanyp bolýar. Ýöne häzirki wagtda ýangyç gytçylygy zerarly, hiç kimde tehnika ýok. Biz nädip şalyny ormaly?” diýip, Darganata etrabyndan bolan bir ýerli kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Döwlet metbugatyna görä, welaýat häkimligi gündogar sebitde ýetişdirilen “şaly hasylyny gysga wagtda ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak üçin” zerur işleriň geçirilýändigini aýdýar.

Şeýle-de, welaýat häkimleri ähli sebitlerde, şol sanda Lebap welaýatynda “oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň netijeli işledilýändigini” aýdýarlar.

“Pagtanyň bir bölegi öňler tehnikalar bilen ýygylýardy. Ýangyç ýok, şol sebäpden pagta möwsümine ýatymlyk çekilýän işgärleriň sanyny artdyrmak barada welaýat häkimliginden buýruk berlipdir” diýip, Çärjew we Saýat etraplaryndan bolan birnäçe kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanyň hökümeti pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda yzygiderli tankyt edilýär. Ýöne häkimiýetler bu tankytlara gulak gabartmaýarlar.

Bulardan başga-da, Amyderýanyň ýakasynda ýerleşýän gündogar welaýatda beýleki oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda her ýyl onlarça müň gektar meýdanda döwlet tabşyrygy esasynda şaly ekini ösdürilip ýetişdirilýär.

Geçen ýyl bu welaýatda 10 müň 200 gekdar meýdana şaly eklip, şolardan üç müň gektardan gowrak ekerançylyk meýdany Çärjew etrabynda şaly ekinine bölünip berildi. Geçen ýyl bu welaýatda 47 müň tonnadan gowrak şaly hasyly ýygnalyp alyndy.

Lebap welaýaty bilen bir hatada Daşoguz welaýatynda hem müňlerçe gektarlyk oba hojalyk ýerleri şaly ekinine bölünip berilýär.

Ýöne geçen ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl hasyl möwsümine ýangyç gytçylygy öz ýaramaz täsirini ýetirýär.

Halaç we Kerki etraplarynda şaly ösdürip ýetişdirýän daýhan hojalyklaryň agzalary hem hasyl ýygnalanda tehnikalara dizel ýangyjynyň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

“Biziň etrabymyzda 15 çemesi iri şalyçy daýhan hojalyk bar, şolardan iki sanysy öz tagallalary bilen ýangyç tapyp, tehnikalary işledip ýörler” diýip, Halaç etrabyndan bolan bir kärendeçi aýdýar.

Bu aralykda, sebit ýaşaýjylary ýerli neşirlerde ýurduň ýangyç eksportlary bilen bagly çykýan habarlara geň galýarlar.

“Welaýatda ýiti ýangyç ýetmezçiligi dowam edýär, oba hojalyk tehnikalaryna ýangyç serişdeleri ýetmezçilik edýär. Muňa garamazdan, hökümet dizel ýangyjyny daşary ýurtlara eksport edýär” diýip, lebaply ýaşaýjy ýaňy-ýakynda ýerli neşirlerde çap bolan soňky habarlaryň birini Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen paýlaşdy.

“Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlary “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn alypdyrlar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi jeýhun.news saýtynda 15-nji oktýabrda çap bolan habaryň mazmunyna salgylanýar.

“Türkiýäniň telekçileriniň satyn alan pagta süýümini hem goşanyňda, daşary ýurtlara satylan dizeliň we pagtanyň umumy bahasy 23 million dollardan hem aşypdyr” diýip, lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň çeşmeleri welaýatyň “Türkmen gündogary” hepdelik gazetinde we jeyhun.news habar saýtynda daşary ýurtlara eksport edilýän ýangyç serişdeleri barada başga-da habarlaryň bolandygyny aýdyp, öz ýurtlarynda ýangyç ýetmezçiligi dowam edýän mahaly, özge ýurtlara ýangyç serişdeleriniň eksportlarynyň artdyrylmagyna özleriniň geň galýandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bu sebitde dowam edýän dizel gytçylygy we bu ýagdaýyň oba hojalyk işlerine ýetirýän täsirleri barada welaýat häkimliginden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG