Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň müftüligi: Nikap jemgyýetimize mahsus däldir


Jalal-Abad şäherinde jemgyýetçilik ýelerinde nikap dakynýanlara garşy düşündiriş işleri geçirilýär.
Jalal-Abad şäherinde jemgyýetçilik ýelerinde nikap dakynýanlara garşy düşündiriş işleri geçirilýär.

Gyrgyzystanyň müftüligi nikap we paranjanyň din tarapyndan hökmany edilmeýändigini, olary geýmedik aýallaryň günäli hasaplanmaýandygyny mälim etdi. Bu barada Müftüligiň ýüzlenmesinde aýdylýar.

Müftülik, dini meselelerde diňe şerigat we anyk deliller esasynda pikir beýan etmegiň zerurdygyny, bu meseleleriň dürli bähbitler üçin ulanylmagynyň günä hasaplanýandygyny hem duýdurdy.

3-nji aprelde Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komiteti, Jalal-Abad şäherinde we Suzak etrabynda “Wyždan erkinligi we dini birleşikler hakyndaky” kanunyň düşündiriş çäreleriniň geçirilendigini habar berdi. Jemgyýetçilik ýerlerinde nikap geýýänlere duýduryş berildi we kanuny bozanlaryň administratiw jogapkärçilige çekiljekdigi aýdyldy.

Prezident Sadyr Žaparow şu ýylyň ýanwarynda “Wyždan erkinligi we dini birleşikler hakynda” kanuny kabul etdi. Bu resminama laýyklykda, öýme-öý aýlanyp wagyz edýän we jemgyýetçilik ýerlerinde ýüzüni gizleýän lybaslary geýýän raýatlara 20 müň som ($230) möçberinde jerime salynýar.

Nikap – aýal-gyzlaryň ýüzüni tutuşlygyna örtýän, diňe gözlerini açyk goýýan örtükdir.

XS
SM
MD
LG