Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Men işlerimiň gar süýşen ýaly täsir etmegini isleýärin, ýöne bu romantik pikir"


Ýadykar Ibraimow Beyond the Silence («Ümsümlikden aňyrda») sergisinde we onuň eserleri. Almaty, 2024-nji ýylyň noýabry. Roman Ýegorowyň fotosy
Ýadykar Ibraimow Beyond the Silence («Ümsümlikden aňyrda») sergisinde we onuň eserleri. Almaty, 2024-nji ýylyň noýabry. Roman Ýegorowyň fotosy

Gazak režissýory we fotosuratçy Ýadykar Ibraimow öz eserleri arkaly Sinjiangda türki halklaryň repressiýasyny ýatladýar. Asly uýgur milletinden bolan Ýadykaryň proýektleri Almatydaky «Magnum Photos» halkara agentliginiň sergisine çykaryldy. Azatlyk Radiosy režissýor bilen repressiýa barada, hatda aladaly we gorkuly şertlerde-de döredijilik arkaly aýdylmagy hakda söhbetdeş boldy.

Egni penjekli, başy dopa diýilýän uýgur telpekli ýaş ýigit düzlükden barýar. Onuň arkasynda daglar hem otlap ýören mallar görünýär. Çep elinde uly ses gataldyjy gapyrjagy göterip barýar. Ol gapyrjagy ýerde goýup, oňa telefonyny birikdirýär. Ses gataldyjydan uýgur, gazak, iňlis dillerindäki sesler ýaňlanyp başlaýar. Bular erkekleriň we aýallaryň, ýaşlaryň we garrylaryň, hatda çagalaryň sesleri. Olaryň ählisi Sinjiangda ýiten ýa-da hytaý türmelerine we "täzeden terbiýeleýiş lagerlerine" düşen hossarlary barada aýdýarlar.

Bu ýer Hytaý bilen Gazagystanyň serhedi. Başyna dopa geýen ol adam Ýadykar Ybraimow – uýgur milletinden bolan gazak režissýory we fotosuratçysy. Bu onuň Hytaýda yzarlamalara duçar bolan türki halklary goldamak üçin geçirýän çykyşlarynyň biridir.

Ýadykar Ybraimow 34 ýaşynda. Ol Almatyda dünýä inip, şol ýerde ösüp ulaldy. Onuň ata-babalary 1940-njy ýyllaryň aýagynda, Hytaýyň Kommunistik partiýasyndan gaçyp, Sinjiangdan Gazagystana gelipdi. Şol döwürde bu toprak Gündogar Türküstan diýip atlandyrylýardy, onuň ilatynyň aglaba köplügi uýgurlardy. Emma 1949-njy ýylda Pekin Gündogar Türküstany öz düzümine girizdi we ony Sinjiang-Uýgur awtonom ülkesine öwürdi. Kommunistik partiýa bu ýeri han hytaýlylar (ýerli hytaýlylar) bilen dolduryp başlady, uýgurlar bolsa köpçülikleýin Gazagystana göçüp başladylar. Munuň soňky tolkuny XX asyryň 60-njy ýyllaryna düşdi. Uýgurlar Gündogar Türküstanyň Hytaýyň kommunistleri tarapyndan basylyp alynmagy hasaplaýarlar hem-de Sinjiang adyny masgaraçylyk saýyp, özleriniň taryhy watanlaryny henizem Gündogar Türküstan ýa-da Uýgurstan diýip ýada salýarlar.

Ili derýasy –Almatydaky Beyond the Silence («Ümsümlikden aňyrda») sergisinde goýlan fotograf Ýadykar Ibraimowyň işiniň biri
Ili derýasy –Almatydaky Beyond the Silence («Ümsümlikden aňyrda») sergisinde goýlan fotograf Ýadykar Ibraimowyň işiniň biri

Ýadykaryň aýtmagyna görä, ene ugrundan babasy hem mamasy Gazagystana Ili derýasyndan uly bolmadyk bir gämide göçüp gelipdirler. Ýadykaryň hossarlary eýýäm Gazagystanda doglupdyr. Maşgalanyň Sinjiangdaky dogan-garyndaşlary bilen gatnaşyklary mundan on ýyl ozal kesilipdir.

Ýadykar režissýor bolmak üçin okap, uýgur halky we olaryň Sinjiangda ezilip-horlanyşy baradaky proýektleri döretmäge başlady. Hytaý häkimiýetleri ol ýerde yslam dinini berjaý edýänleri berk yzarlaýar hem-de olary assimilýasiýa etjek bolýar. Soňky maglumatlara görä, Sinjiangdaky uýgurlaryň jemi sany 13 milliondan gowrakdyr. Bir ýarym milliondan gowrak gazak ýaşaýar, gyrgyzlar 200 müňden gowrak, özbekler hem 20 müňe golaý adam.

– Men uýgur halkynyň wekili, meniň halkym bolsa dünýäde örän uly pidalaryň birini başdan geçirýär. Genosid göze görünmeýän şertde geçýän ýaly, dünýä jemgyýetçiliginiň köpüsi oňa göz ýumýarlar. Bu babatda meniň köp döredijilik duýgularym bar. Meniň döredijilik ukybym ol ýowuzlyga garşy ýarag bolup işleýär – diýip, ol aýdýar.

Ýadykar 2019-njy ýylda Gazagystanda ýaşaýan uýgur diasporasynyň durmuşy we medeniýeti barada, Uyghur life and pain («Uýgurlaryň durmuşy we gussasy») atly taslamasyna başlady. Şeýle hem Hytaý häkimiýetleri tarapyndan döredilen "täzeden terbiýeleýiş lagerlerini" başdan geçirenleriň ýa-da ol ýerden öz hossarlaryna garaşýanlaryň ykbaly bilen gyzyklandy. Sinjiangdaky etniki gazaklaryň hukuklaryny goraýan "Atažurt" guramasy bilen habarlaşyp, ol lagerlerden azat edilen adamlar bilen gatnaşyk açdy. Öz işlerini nirede we haçan görkezip biljekdigi barada oýlanmazdan, horluk çekenleriň güwäliklerini wideo ýazga geçirdi hem portretlerini aldy.

2024-nji ýylda "Magnum Photos" halkara foto-agentligi uruş temalary, territorial bitewilik, dekolonizasiýa we söz azatlygy ýaly mowzuklar arkaly birleşýän ýurtlaryň fotosuratçylary üçin, Beyond the Silence («Ümsümlikden aňyrda») atly taslamany yglan etdi. Ibraimow muňa goşulmaga arza berdi hem soňy bilen Gazagystandan ýeke-täk awtor boldy.

Fotograf Ýadykar Ibraimowyň Sinjiangdaky repressiýa duçar edilen musulmanlar baradaky işleri. 2024-nji ýylyň noýabry. Roman Ýegorowyň fotosy
Fotograf Ýadykar Ibraimowyň Sinjiangdaky repressiýa duçar edilen musulmanlar baradaky işleri. 2024-nji ýylyň noýabry. Roman Ýegorowyň fotosy

Beyond the Silence sergisinde Ili derýasynyň tebigaty bar. Şeýle hem satellit suratlaryň düzümi esasynda, Sinjiangdaky lagerleriň biriniň peýda bolýandygyny görkezýän şekil we lagere düşen dört tussagyň portreti bar. Bular Dina Nurdybaý, Tursynaý Ziýaudun, Nurlan Kökteubaý hem-de Bahtiýar Mekeş.

Dina Nurdybaý hünäri boýunça dizaýn-biçimçi, lagerde 11 aý oturypdyr. Ony 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda boşadýarlar. Nurdybaýyň aýtmagyna görä, lagerlere halk arasynda "gara türme" diýilýär. Ol lagerden boşadylandan soň hem tussaglara tikin tikmegi öwretmek üçin, lagerde işlemäge mejbur edilipdir. Onuň tussaglardan ýeke-täk tapawudy; lageriň çäklerinde arkaýyn aýlanyp bilipdir. Dina Nurdybaý 2019-njy ýylda Gazagystana gitmegi başarýar.

Uýgur zenany Tursynaý Ziýaudun äri etniki gazak Kalmyrza Halykuly bilen 2011-nji ýylda Hytaýdan Gazagystanyň Almaty oblastyna geçipdi. 2017-nji ýylda bu är-aýal iş bilen Hytaýa dolandylar we derrew tussag edilipdir. Tursynaý "daşary ýurtda uzak wagtlap galandygy üçin" lagere iberildi. Onuň ýanýoldaşyny bolsa nämälim sebäplere görä boşatdylar, ol yzyna dolanyp, Gazagystandan raýatlyk hukugyny aldy. 2019-njy ýylda Tursynaýy hem boşadyp, äriniň çagyryşy esasynda, ony Gazagystana goýberdiler. Aýal lagerde jynsy zorlugy we urgulary başdan geçirendigini gürrüň berdi. Şol sebäpli ol ýatgysyny aýyrtmaly bolupdyr.

Orta mekdebiň mugallymy gazak asylly Nurlan Kökteubaý 7 aý "syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerinde" oturyp çykýar. Ol Gazagystana ýygy-ýygydan gidip geleni üçin tussag edilipdir. Onuň Gazagystanda ýaşamaga rugsady bar eken. Kökteubaý sekiz metrlik haýatyň aňrysyndaky şertler, gije-gündiz beýnisine guýulýan ündewler hem berk harby terbiýe işleri barada, Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Bahtiýar Mekeş molla, ol işleri sebäpli-de lagere düşýär. Häzir ol aýalynyň we gyzynyň boşadylmagyna garaşýar.

Ibraimowyň eserleri "Tono-naan (tamdyr nany) öýde, ýöne ol öý nirede?" diýen umumy ady göterýär.

– Tono-naan – tonoda, ýagny tamdyrda bişýän uýgur çöregidir. Çörek bolsa her medeniýetiň möhüm nusgasy bolup, ol öý düşünjesi bilen baglanyşykly. Uýgur halkynda ol öý nirede ýerleşýär diýen umumy duýgy bar – diýip, Ybraimow gürrüň berýär.

Sergi Almatydaky "Egin space" giňişliginde açyldy. Şeýle hem bu sergä Ukrainadan, Nigeriýadan, Germaniýadan, Eýrandan fotosuratçylaryň eserleri çykaryldy.

Ýadykar Ibraimow we Beyond the Silence taslamasynyň Gazagystandaky utgaşdyryjysy Gauhar Satpaýewa. Roman Ýegorowyň fotosy
Ýadykar Ibraimow we Beyond the Silence taslamasynyň Gazagystandaky utgaşdyryjysy Gauhar Satpaýewa. Roman Ýegorowyň fotosy

2021-nji ýylda Ibraimow Gazagystan-Hytaý serhedine baryp, bir çola ýeri tapdy hem şondan Hytaýa tarap, Sinjiangda hossarlaryny ýitiren adamlaryň sesli habarlaryny goýberip başlady.

Ol çykyş uýgur suratkeşi Ramil Nyýazow bilen bilelikde döredildi. Awtorlar hytaý lagerlerinden we türmelerinden dogan-garyndaşlarynyň boşadylmagyna garaşýan ýa-da Hytaýdaky hossarlary bilen aragatnaşygyny ýitiren adamlaryň sesini ýygnadylar.

– Hytaý şeýle ýapyk welin, adamlara öz dogan-garyndaşlary bilen habarlaşmak örän kyn. Olar munuň üçin dürli ýollary tapýarlar: wideo oýun söhbetdeşliklerinde we VPN arkaly aragatnaşyk saklaýarlar. Eger adaty ýagdaýda jaň etseň, beýleki tarapdaky adam telefony alsa, diňe öwredilen jümläni aýdyp bilýär: "Hemme zat gowy, hemme zat ajaýyp. Haýyş edýärin, şu ýere – bize jaň etmäň". Biz o ýerden gelen adamlardan, öz hossarlaryna ýetirip biljek sözleriniň manysyny ýazga geçirmeklerini haýyş etdik – diýip, bu taslamany döreden režissýor düşündirýär.

Çeperçilik hereketiniň täsirinden gysga ölçegli Letter home («Öýe hat») filmi döredi. Film Germaniýanyň we Niderlandiýanyň birnäçe festiwallarynda görkezildi, şeýle hem 2022-nji ýylda Hytaýdaky türki halklaryñ ezilişi barada, «Жаңа Шекара» atly Almaty kinofestiwalynda görkezildi.

2023-nji ýylda Ýadykar Ibraimow 40 minutlyk wideo düşürip, onda Hytaýyň Sinjiang-Uýgur awtonom ülkesinde hytaý syýasatyndan ejir çekenleriň atlaryny sanap geçýär.

Bahtiýar Mekeş – Ýadykar Ibraimowyň işi
Bahtiýar Mekeş – Ýadykar Ibraimowyň işi

Harsaň we gorky täsiri

– Men işlerimiň gar süýşen ýaly täsir etmegini isleýärin, ýöne bu romantik ideýa. Iş ýüzünde, ähli gahrymanlar ruhy we fiziki taýdan ejir çekýärler. Olaryň her birine medisina kömegi gerek. Eger-de nähilidir bir guramalar olara bu meselede kömek etseler, şeýle täsir örän peýdaly bolardy. Belki-de, şeýle mälimlik beýleki tussaglary azatlyga çykarmaga kömek ederdi – diýip, režissýor aýdýar.

Ol Hytaýdaky türki milletleriň we musulman ilatynyň yzarlanmagynyň soňuna çykmaga diňe raýat jemgyýetiniň güýjüniň ýetmejekdigini, eýsem esasy syýasatçylaryň hem hereketiniň zerurdygyny belleýär.

– Biziň hökümetimiz Russiýa, Hytaý hem Günbatar ýurtlarynyň arasynda yrgyldap duran ýagdaýda. Biziň her birimiz bolsa Gündogar Türküstanda mejbury ýa-da az hakly zähmet bilen taýýarlanan zatlary ulanýarys – telefonlary, maşynlary, egin-eşikleri – diýip, Ibraimow sanaýar.

Režissýor Sinjiang baradaky işleriniň ählisini diýen ýaly mälim etmezden, "ýer astyndan" döredýär. Ol Gazagystanda "gizlin hytaý polisiýasynyň" hereket edip bilmeginden howatyrlanýar.

– Nobatdaky taslamanyň üstünde işlänimde, men hemişe kimdir biriniň jaň etmegine, köçeden biriniň gapymy kakmagyna garaşýaryn – diýip, Ibraimow öz ýagdaýyny boýun alýar.

"Täzeden terbiýeleýiş lagerlerinde" bolanlar ýa-da olaryň garyndaşlary şuňa meňzeş gorkular sebäpli Ýadykaryň filmine gatnaşmakdan boýun gaçyrýarlar. Emma öz tejribeleri barada gürrüň etmekden çekinenler, dymýanlar, kölegede bukulyp galýanlar has uly howp astynda diýip, režissýor hasap edýär. Sinjiangdaky ýesirlik barada eşiden her bir hekaýasynda, režissýor durmuşyň agyr heläkçiligini görýär.

– Bu tema bilen işleşýän adamlar ikinji hasraty başdan geçirýärler. Ýöne işlemegi dowam etmäge mümkinçilik bolsa, muny etmelidiris – diýip, ol ynamly aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG