Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Faktlar Aşgabadyň sebit integrasiýasyna taýýar däldigini görkezýär - synçy


“Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatynda geçirilen ikinji ýokary derejeli duşuşyga gatnaşan liderler
“Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatynda geçirilen ikinji ýokary derejeli duşuşyga gatnaşan liderler

Türkmen lideri 17-nji sentýabrda Astanada eden çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Germaniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň güýçlendirilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy. Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatynda geçirilen ikinji ýokary derejeli duşuşykda bellemegine görä, bu taraplaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň uly geljegi bar.

Emma Aşgabadyň daşary syýasatdaky "açyklyk we özara düşünişmek" ýörelgelerine ýakyndan syn edýän ýerli synçy ‘diplomatik gatnaşyklaryň güýçlendirilmeginiň’, Türkmenistan babatda aýdylanda, diňe BMG-niň çäginde däl, eýsem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara integrasiýa meselesinde hem ‘sözden aňryk geçmeýändigini’ aýdýar. Onuň pikiriçe, iş edilende, mysal üçin, german kansleri Olaf Şols bilen özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň baglaşan migrasiýa ylalaşygy ýaly, müňlerçe adamyň durmuşyna gowy täsir etjek çäreler görülmeli.

Soňky ýyllarda Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkmenistan ýaly ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň täzelenmegi bilen, özara gatnaşyk, ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerinde käbir ädimleriň ädilýändigi habar berildi. Emma, onlarça özbek asylly studentiň türkmen-özbek serhedinden geçirilmezligi ýaly habarlar Aşgabadyň ‘ýapyklyk we hiç bir açyk düşündiriş bermezlik’ pozisiýasynyň berk saklanýandygyny görkezdi.

Aşgabadyň pozisiýasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň 2022-nji ýylda maslahatlaşan Dostluk we hyzmatdaşlyk şertnamasy babatynda hem aýdyň bolman galýar, Gazagystan, Özbegistan we Gyrgyzystan tarapyndan gol çekilen şertnama türkmen tarapy içerki prosedura meseleleri çözülen badyna gol çekmelidi diýip, synçy aýtdy.

Bu şertnama sebit ýurtlarynyň söwda, maýa goýum, senagat, oba hojalygy, ulag, logistika, energiýa, syýahatçylyk... ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyny, transport potensialyny ösdürmek, täze demir ýol, ýol, howa we suw aragatnaşygyny döretmek, serhetaşa transport amallaryny ýönekeýleşdirmek ýaly zerurlyklary nazarda tutýardy.

Berdimuhamedow Astanada eden çykyşynda ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurdygyny ýene bir gezek tassyk etdi.

“Biziň formatymyzdaky ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygy oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de ony ösdürmek we giňeltmek üçin oňat mümkinçilikler bar” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Emma golaýda Azatlyga pikirini aýdan ýerli hünärmen prezidentiň bar diýýän mümkinçilikleriniň esasan dört sany meseläniň çözülmezligi netijesinde ‘ýok edilýändigini’ öňe sürdi.

Türkmenistanyň sebit ýurtlary we Germaniýa bilen nazarda tutýan hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, Azatlyk bilen hyzmatdaşlyk edýän synçy häkimiýetleriň daşary syýasatda işjeňleşip ugran goňşy ýurtlaryň fonunda, nähilem bolsa bir "hereketiň" bardygyny görkezmäge mejbur bolýandygyny belledi.

“Režim özi üçin iň ýeňil bolan ugurda, hiç hili hökmany syýasy we ýuridiki talaby bolmadyk halkara rezolýusiýalaryň taslamalaryny işläp düzmek, telewideniýe üçin duşuşyk, maslahat we forum geçirmek babatynda "işjeňlik" görkezmäge çalyşýar, emma anyklyk, açyklyk we aýanlyk bilen çözülmeli halkara, sebit, ikitaraplaýyn meseleler hakynda gürrüň gidende, türkmen häkimiýetleri çärýek asyrlyk üzňelik, ýapyklyk we bitaraplyk keselini işe girizýärler” diýip, aşgabatly synçy ýazdy.

Onuň pikiriçe, türkmen prezidentiniň we beýleki resmileriň dürli derejedäki halkara duşuşyklara gatnaşmagy, ýöne Aşgabadyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 2022-nji ýylda maslahatlaşan dostluk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna şindi hem gol goýmazlygy režimiň garaşylýan özara açyklyga, integrasiýa taýýar däldigini görkezýär.

Maglumat üçin aýdylsa, german kansleriniň 15-nji sentýabrda Samarkanda eden saparynda özbegistanly işçileriň, hususan-da saglyk işgärleriniň Germaniýa girmegini ýeňilleşdirjek ylalaşyga gol çekildi. Bu ylalaşyk Germaniýada rugsatsyz ýaşaýan özbegistanlylaryň ýurtlaryna dolanmagyny çaltlaşdyrmaga hem kömek eder. German metbugatynyň maglumatlaryna görä, bu ýurtda häzir 13,700 çemesi özbek raýaty ýaşaýar.

Ýöne bu ýurtda näçe türkmenistanlynyň ýaşaýandygy, olaryň näçesiniň kanuny esaslarda, näçesiniň rugsatsyz galýandygy belli däl. Türkmenistan daşary ýurtlardaky raýatlarynyň sany barada maglumat bermeýär.

Forum

XS
SM
MD
LG