Kuroş Sehati, Russiýanyň 2022-nji ýylda Ukraina garşy giň gerimli hüjüme başlanynda, düýbi Britaniýada ýerleşýän “Iran International” tele-ýaýlymynda işleýärdi.
Indi bolsa, bu žurnalist Ukrainanyň front çyzygynda söweşýär. Ol özüniň “ikinji öýi” diýip atlandyrýan bu gündogar Ýewropa ýurduny goramak üçin eline ýarag aldy.
Sehati Ukrainanyň Daşary Ýurt Legionyna goşulan ilkinji mälim bolan eýranlydyr. Bu legion daşary ýurtly meýletinçilerden ybarat bolan Ukrainanyň harby bölümidir.
Sehati Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy, ýagny Radio Farda beren interwýusynda, özüniň Ukrainany “diktatorlaryň we basybalyjylaryň kluby” diýip atlandyrýan güýçlerden goraýandygyny aýtdy.
Ol munuň bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini we onuň esasy ýaranlaryny, şol sanda Eýranyň ruhany ýolbaşçylaryny, Belarusyň awtoritar lideri Aleksandr Lukaşenkony, şeýle-de Demirgazyk Koreýa we Hytaýy göz öňünde tutýandygyny belledi.
46 ýaşyndaky Sehati üçin Ukrainada söweşmek karary diňe bir syýasy däl, eýsem şahsy taýdan hem möhüm ädimdi.
“Men Ukrainany söýýän, sebäbi aýalym ukrainaly we çagalarymyz hem ýarym ukrain. Olar Londonda ýaşaýarlar” diýip, ol Radio Farda aýtdy.
Ol 18-nji martda X sosial ulgamynda çap eden postunda “jenaýatçy Putin we onuň goldawçylaryna garşy söweşmek üçin Ukrainanyň tarapyna goşulandygyny” yglan etdi.
Russiýa Eýrana “köp zyýan” ýetirdi
Sehatiniň Moskwa garşy durmagy diňe bir Ukrainadaky ýagdaý bilen çäklenmeýär. Onuň pikiriçe, bu garşylyk Eýranyň Russiýa bilen taryhdaky öýkelerine hem bagly.
“Russiýa soňky 200 ýylyň dowamynda Eýrana köp zyýan ýetirdi” diýip, ol aýdýar. Sehati ozal “Amerikanyň Sesi” media korporasiýasynyň Pars gullugynda işläp, ABŞ-nyň raýatlygyny hem aldy.
19-njy asyrda Pars şalygy bilen patyşa Russiýasynyň arasynda birnäçe uruş bolup, olaryň netijesinde Tähran Kawkaz sebitiniň köp bölegini Moskwa bermäge mejbur boldy.
Rus imperiýasy soňy bilen, Eýranyň tebigy baýlyklaryna hem göz dikip, onuň çäkleriniň bir bölegini basyp aldy.
1940-njy ýyllaryň ortasynda Sowet Soýuzy Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky etnik kürt we azeri respublikalaryny goldapdy. Olar gysga wagtda dargadyldy, ýöne bu hereket häzirki günlerde hem dowam edýän etniki dartgynlyklara sebäp boldy.
Eýranlylaryň ählisi režimiň tarapynda däl
Russiýa Ukrainadaky urşa başlaly bäri, Eýran Moskwany dronlar bilen üpjün etdi. Bu pilotsyz enjamlar ukrain şäherlerine we infrastrukturasyna garşy ulanylýar.
Tähran we Moskwa muny ret etseler-de, munuň tersini görkezýän düýpli deliller bar. Şeýle hem, Eýranyň Russiýa raketalary hem berip biljekdigi baradaky aladalar hem barha güýçlenýär.
Sehati söweşe gatnaşmagynyň sebäpleriniň biriniň hem, eýranlylaryň hakyky keşbini görkezmek islegi bolandygyny belledi.
“Men eýranlylar bilen ukrainalaryň arasyndaky raýdaşlygy görkezmek isleýärin. Ukrainalylar eýranlylary diňe Yslam Respublikasynyň hereketleri bilen baglanyşdyrmasyn” diýip, ol aýdýar.
Raýat aktiwist hökmünde birnäçe gezek tussag edilen Sehati 2004-nji ýylda Eýrandan Türkiýä gaçdy. Ol syýasy gaçybatalga alyp, soňra ABŞ-a göçdi.
“Adam öldürmek däl, özüňi goramak”
Sehati 1988-nji ýylda Eýran-Yrak urşy gutaran wagty 10 ýaşyndady. Onuň Eýranda geçen iki ýyllyk mejbury harby gullukdan daşgary, uruş tejribesi ýok.
Ukrainanyň Daşary Ýurt Legionyna goşulaly bäri, ol we onuň bölümi ykjam söweş taýýarlyklaryny geçýärler.
Ol uruşda entek adam öldürmändigini boýun aldy, emma muňa ruhy taýdan taýýardygyny nygtady.
“Kimdir biri ýarag bilen öýüňe girip, saňa hüjüm etse, näme edersiň? Özüňi goramak, bu kanuny taýdan özüňi goramakdyr – bu adam öldürmek däl” diýip, ol belledi.
Forum