Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlarda okamakçy bolýan ýaşlar zerur resminamalar üçin 50 müň manada çenli ‘para bermeli bolýar’


Russiýada okamaga gitmek isleýän ýaşlar diňe ýurtdan çykmak üçin azyndan 50 müň manat çykdajy etmelidigini, munuň aglabasynyň wiza, bilet we resminama almak üçin berilýän paradygyny aýdýar. (Arhiw suraty)
Russiýada okamaga gitmek isleýän ýaşlar diňe ýurtdan çykmak üçin azyndan 50 müň manat çykdajy etmelidigini, munuň aglabasynyň wiza, bilet we resminama almak üçin berilýän paradygyny aýdýar. (Arhiw suraty)

Russiýanyň Penza döwlet uniwersitetinde türkmen talyplarynyň sanyny köpeltmek barada ylalaşyk gazanyldy. Türkmenistanlylar bu ylalaşyklaryň özlerine tas hiç hili bähbidiniň ýokdugyny belleýärler we daşary ýurtlara okamaga gitmek üçin onlarça müň manat para bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, gürrüňi edilýän ylalaşyk ýurduň Astrahan oblastyndaky konsuly Güýç Garaýewiň we ikinji sekretar Aşyrali Nazarowyň 16-njy oktýabrda Penza döwlet uniwersitetiniň rektory Aleksandr Gulýakow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda gazanyldy.

Uniwersitetiň rektorynyň halkara çäreleri boýunça orunbasary Gleb Sinsow häzirki wagtda Türkmenistanyň 253 raýatynyň bu ýokary okuw jaýynda okaýandygyny hem aýtdy. Şeýle-de, ol soňky üç ýylda bu uniwersitetde okaýan türkmen talyplarynyň sanynyň 20 esse artandygyny belläp, 2021-nji ýylda bu sanyň 8-e deň bolandygyny aýtdy.

Türkmenistan Russiýanyň bilim edaralary bilen ylalaşyklaryň gazanylýandygyny yglan edýän mahaly, türkmen raýatlarynyň ençemesi daşary ýurtlarda bilim almak mümkinçilikleriniň "emeli kynçylyklar" zerarly bökdeýändigini aýdýar.

“Balkandan Russiýa okamaga gidýän raýatlaryň tas 100%-i para berip wiza alýar, para berip resminamalary doldurýar, para berip uçar biledini satyn alýar. Para bermeseň, häkimiýetler emeli býurokratik kynçylyklary döredýärler we wiza, bilet, resminama almak ençeme aýa çenli uzap bilýär. Diňe Russiýa okamaga gitmek üçin däl, Türkiýe we Gazagystan ýaly döwletlere okuw wizasyny almak üçin-de para bermeli” diýip, balkanly ýaşlaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Mary welaýatyndaky habarçymyz Russiýada okamaga gitmek isleýän ýaşlaryň diňe ýurtdan çykmak üçin azyndan 50 müň manat çykdajy etmelidigini, munuň aglabasynyň wiza, bilet we resminama almak üçin berilýän paradygyny aýdýar.

“50 müň manat Merkezi bankyň kursunda 14 müň ABŞ dollaryndan hem geçýär. Bu okuw jaýyna berilýän töleg däl-de, diňe ýurtdan çykmak üçin sarp edilýän serişde we para. Diňe okuw wizasyny almak üçin 10 müň manat para berilýär” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýewropa ýurtlaryna okamaga gitjek raýatlaryň çykdajysy has-da köp bolup, ortaça 200 müň manada barabar bolýar. Raýatlardan diňe wiza üçin azyndan 30-40 müň manat para soralýar.

"Köp adamyň bu serişdäni tölemäge maddy mümkinçiligi ýok. Şol sebäpli köp adam çagalaryny Russiýa, Türkiýe we Gazagystan ýaly ýurtlara okuwa iberýär" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ýurduň Bilim ministrliginden maglumat alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň orta mekdeplerinden her ýyl ýurt boýunça 80-90 müň töweregi okuwçy uçurym bolýar we olardan 20 müň töweregi ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýär.

Türkmenistanlylar ýurduň ÝOJ-laryna girmek üçin ýüzlerçe müň manat para bermäge mejbur bolýandyklaryny we ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizise garamazdan, onuň möçberiniň ýyl-ýyldan artýandygyny aýdyp gelýärler.

Bu ýagdaýlar, türkmenistanlylaryň köpüsiniň ýokary bilim almak üçin daşary ýurtlara, şol sanda Türkiýä, Russiýa, Gazagystana gitmäge ýykgyn etmegine getirýär. Ýöne häkimiýetler raýatlaryň daşary ýurtlarda bilim almak mümkinçiligini hem indi ençeme ýyl bäri çäklendirip gelýärler. Ýokary bilim üçin daşary ýurda barýan ýaşlaryň uçara goýberilmezligi bilen bagly ýagdaýlar wagtal-wagtal ýüze çykýar.

Şu aýyň başynda Balkanyň häkimiýetleri daşary ýurtda ýokary okuwyny tamamlap gelen 25 çemesi raýaty Türkmenbaşynyň aeroportundan dessine harby gulluga alyp gitdiler.

Türkmenistanlylaryň daşary döwletlere gitmegi we ýurda dolanyp gelmegi üçin zerur bolan biometriki pasport almak mümkinçilikleri hem ýiti çäklendirilip, geçen hepde bu iş ýurduň käbir şäherlerinde düýpli togtadyldy.

Türkmenistanyň hökümeti 2019-njy ýylda ýurtda diplomy ykrar edilýän daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny hem çap etdi. Daşary ýurtlarda öz hasabyna ýokary bilim alýan türkmen ýaşlary Türkmenistanda halkara pul geçirmeleri bilen bagly kynçylyklar bilen hem ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG