Gyzylorda şäherinden, mekdep ýoldaşlary tarapyndan bir gyzy birnäçe aýlap, jelepçilige mejbur edip gelendigi baradaky habar gazagystanlylary haýran galdyrdy. Polisiýa işgärleri dört sany kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlary saklapdyr. Ýöne aktiwistleriň aýtmagyna görä, mesele has çuň bolmaly.
Nädip beýle bolýar?
Bu sorag Gazagystanda 17 ýaşly mekdep okuwçysynyň ejesi ýoldaşlarynyň öz gyzyny 8 aýlap, jynsy gulçulykda saklandygyny aýdanyndan soň, gaýta-gaýta orta atylýar.
Häzirlikçe jogap doly belli däl.
Gyzylordada bolan bu elhenç işi barlaýan polisiýa işgärleri "Mekdepde guramaçylykly jenaýat topary" diýen sözlemiň ulanylmagyndan saklanmak üçin, iş boýunça ýalan maglumat ýaýratmazlyga çagyryş etdi. Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler, hamana, bir topar okuwçy öz ýoldaşynyň pajygaly jynsy heläkçiligine ýolbaşçylyk edendigini aýdylýar.
Öz deň-duşuny jynsy gatnaşyk üçin satmakda aýyplanýan dört ýetginjek häzir öz öýlerinde. Aktiwistleriň we aklawçylaryň bu agyr iş boýunça onlaýn metbugat konferensiýasyny geçirmeginden bary-ýogy bir gün soň, polisiýa işgärleri ýetginjekleriň tussag edilendigini, emma soňra kazyýetiniň karary bilen öý tussaglygyna boşadylandygyny aýtdylar.
"GITDIGIÇE ÝAŞ GYZLAR" JYNSY GATNAŞYKLARYŇ PIDASY BOLÝAR
Ol metbugat ýygnagyna nämälim şert bilen gatlaşan, ejir çekeniň ejesiniň aýtmagyna görä, şübhe bildirilýän dört ýetginjegiň azyndan biri gyzyň öňki jorasy bolmaly.
Gyzlar Gyzylordadaky mekdebiň 500 metr töwerek-daşynda ýaşaýarlar. Aýdylmagyna görä, şübhe bildirilýän gyz ol ejir çekeniň öýünde yzygiderli myhman bolupdyr.
Şu ýylyň başyndan, 16 ýaşly gyz jorasy bilen köp wagtyny geçirip başlapdyr, köplenç gijäni onuň öýünde geçiripdir.
Ejesiniň sözüne görä, ol gyzynyň köp wagtyny öýünden daşarda geçirendigine gynanýar, ýöne ony saklap bolmaz diýip oýlanypdyr.
Özüniň bile okaýan gyz we erkek doganoglanlary gyzyň ýalaňaç suratyny alyp, ony gural hökmünde ulanandyklaryny ene gürrüň berýär. Olar suraty ejeňe görkezeris diýip gorkuzypdyrlar. Soňra ýetginjekler ejir çekeniň telefonyny jynsy hyzmatlar saýtynda hasaba aldyrypdyrlar.
«Onuň aýtmagyna görä, iki gije-gündizläp [jelepçilik bilen meşgullanmaga] mejbur edilen günleri bolupdyr. Ony her sagatda pul ibermäge mejbur edipdirler. Geçirilen ähli puluň hasaby bar. Eger olara wagtynda pul ibermese, hatda bäş minut gijä galsa-da, ony urdular hem gynadylar» diýip, gyzyň ejesi aýdýar.
Wagtyň geçmegi bilen ejir çekeniň ezilmegi şeýle bir derejä ýetipdir, müşderiler tarapyndan hasabyna geçirilen puldan, aýda 6 müň dollara çenli öz sütemkärlerine iberipdir. Ol gyza diňe ýol harjy galypdyr, şol bir wagtda onuň özi hiç zat iýmändir diýen ýaly.
Ejesiniň aýtmagyna görä, eger ol tölegleri gijikdirse, ýoldaşlary ony urýarlar ýa-da psihiki taýdan gynaýarlar. Olar jebir çekýäni neşe maddasy bilen horlan bolmaklary-da mümkin.
Metbugat ýygnagynda çykyş eden «НеМолчи.kz» gaznasynyň başlygy Dina Smailowa ýaş gyzyň saýtda 18 ýaşynda diýlip hasaba alnandygyna garamazdan, ony ulanan erkekleriň "pedofil" hasaplanmaga mynasypdygyny mälim etdi.
«Gyzyň bedeni örän gowşak. Ol örän ýaş – 14-15 ýaşlarynda görünýär» diýip, Smailowa Azatlyga beren interwýusynda aýtdy.
Häzir gyz bilen hünärli psiholog işlese-de, aýratyn döwlet goragy astynda bolsa-da, ejir çeken bilen gönüden-göni aragatnaşykda bolan aktiwist onuň ruhy ýagdaýyny «emosional boşlukda» diýip häsiýetlendirýär.
«Müşderiler bilen her duşuşykdan soň, müşderileri ýylgyryp garşylar ýaly, şübhe döremez ýaly, onuň ýüzüni turşadyp görkezmän, eýsem ýylgyrmagyny isläp, ony urupdyrlar. Tabyn bolmagy üçin, ony gynapdyrlar. Şoňa görä, onda hem psihiki, hem fiziki taýdan şikesler bar» diýip, Smailowa aýdýar.
«Biz häzir gitdigiçe ýaş gyzlaryň jynsy gatnaşyklara goşulmak meýilleriniň bardygyny görýäris» diýip, Smailowa sözüne goşýar.
«Olaryň bu saýtda gyzyň 18 ýaşa ýetendigini görkezýän kody bar. Bir gezek Almatyda barlag geçiren ýagdaýymyzda, müşderi olaryň kämillik ýaşyna ýetmedikdigine düşünmez ýaly, gyzlaryň saçyny dürli reňke boýapdyrlar» diýip, aktiwist aýdýar.
ÖLÜM HOWPUNYŇ ASTYNDA
Gyzyň başyna düşen elhenç wakalaryň dowamly bolmagy sebäpli, heläkçilige duýgudaşlyk bildirýän sosial ulgamlar hem media ol enäniň özüni alyp barşyna-da düşünmeýär, tä awgust aýynyň başlaryna çenli gyzyna näme bolanyny bilmän, nädip ýaşap bilipdir diýen soragy berýärler.
Mekdep okuwçysy gitdigiçe jynsy gulçulyga mejbur bolansoň, sapaklaryny goýbermäge mejbur edipdirler, ol öýünden daşarda ýatmaga mejbur bolupdyr. Bu ýagdaý maý aýyna çenli dowam edipdir. Şondan soň öýüne gelmegini bütinleý bes edipdir.
Smailowa ejesine aýdylýan tankytlaryň düşnüklidigini belleýär, ýöne ol çagalarynyň mekdepdäki kynçylyklaryny bilmek islänlerinde, Gazagystanda "ene-atalara basyş edilýändigini" aýdýar.
Muny metbugat ýygnagynda ejir çekeniň ejesi nygtady. Mart aýyndan bäri ol gyzynyň özüni alyp barşynyň üýtgemegi we okuwa ýetişiginiň peselmegi barada, mekdebe "gaýta-gaýta" ýüzlendigini aýtdy.
«Ýöne men mekdepden hiç bir kömek alyp bilmedim, diňe haýbat atdylar. Men ýetginjekleriň polisiýasyna, etrap polisiýa işgärlerine-de ýüz tutdum. Onda-da şo ýagdaý gaýtalandy. Şeýle-de, maňa ýörite internat mekdepden, ony bizden aýryp aljakdygy, ata-enelik hukuklaryndan mahrum ediljekdigini aýdyp haýbat atyldy. Olar asla laýyk däl işleýärler. Olar ony ýazgaryp, barmagy [bilen] görkezip, bize-de käýediler» diýip, ene aýdýar.
Şol döwürde mekdep psihologyna gatnan gyzyň «üstünden gygyryp», ony arz etmezlige ündäpdirler.
Ýöne jebir gören gyz 6-njy awgustda öýüne dolanypdyr. Onuň ejesiniň sözüne görä, bu karara gelmegine ezijileriň biriniň jebir çekýän täze tölegi, 250 müň tenge (takmynan 520 dollar) getirip bilmese, ölüm haýbatyny atandan soň, "ölüm gorkusy" bilen öýüne dolanypdyr.
«Oňa Instagram’dan bir dosty kömek etdi, ol gyzymy öýe getirdi. Gyzym ähli zady gürrüň berdi. Ony bit basypdyr, hapa, endam-jany gök tegmil. Bar alamat daşynda, teninde. Men oňa kim elini degren bolsa, ählisine şikaýat ederin. Olar müňden gowrak adam. Bar şaýatlary, ony myhmanhanalara, saunalara çagyranlaryň ählisini» diýip, ene aýdýar.
Gyzylorda oblastynyň polisiýasy "ýetginjekleri terbiýelemek boýunça borçlaryny ýerine ýetirmezlikde" aýyplap, güman edilýänleriň ene-atasyna garşy iş açylandygyny tassyklady.
Jebir çekeniň ýaş garyndaşynyň anonim şertde Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu maşgala häzir şübhe bildirilýän adamlaryň biriniň ejesini hem bu işe dahyllylykda şübhelenip, has agyr jenaýatda kazyýetde aýyplamak isleýärler.
Şübhe bildirilýänler "kämillik ýaşyna ýetmedik birini jelepçilik etmäge itermekde" aýyplanýarlar.
Gyzylorda oblastynyň akimaty welaýat akimleriniň ejir çekeni okadýan mekdebiň direktoryny we beýleki işgärlerini wezipesinden boşatmak barada, görkezme berendigini mälim etdi.
«Metbugat konferensiýasyndan soň, olar örän aktiw işläp başladylar» diýip, Smailowa häkimiýetleriň reaksiýasy hakda gürrüň berdi.
Ýöne şoňa çenli ejir çekeniň ejesiniň aýtmagyna görä, polisiýa oňa Smailowa bilen habarlaşmazlygy duýdurypdyr. Smailowanyň gaznasy polisiýanyň jynsy zorluklara we parahorluklara gatnaşmagynyň ençeme ýagdaýlaryny paş edipdi. Smailowa ýurduň daşynda ýaşaýar, eger Gazagystana dolanyp gelse, ony kezzaplykda aýyplap saklamaklary mümkin. Sosial aktiwistler we onuň tarapdarlary muny gurnalan ýalan iş hasaplaýarlar.Bularyň bary; häkimiýetleriň öz abraýy üçin, jemgyýeti haýran galdyrýan wakalar baradaky maglumatlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almagy, aslynda bolsa şeýle hadysalaryň öňüniň alynmazlygy ýaramaz täsir döredýär.
Smailowa bolsa ejir çekýänleriň ähli goldawlardan mahrum edilen ýapyk sebitlerinde, meselä beýle çemeleşmegiň jynsy gulçulyk ýaly hadysany güýçlendirýändigini we has-da kynlaşdyrýandygyny aýdýar.
Geçen ýyl Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän Türkestan şäherinde başga bir pajygaly waka bolup geçdi. 17 ýaşly gyz jynsy hyzmatlary bermekden boýun gaçyrandygy üçin, geljekki müşderi bilen dawalaşyp, jaýyň altynjy gatyndan aşak böküpdi.
Smailowanyň aýtmagyna görä, ol hem gezegen zenanlar hökmünde, gazak saýtynda hasaba alnypdyr.
«Gyz jaýdan ýykylandan soň, diri galandygyny biz bilýäs, emma biz entegem ol işiň nähili gutarandygyny bilmeýäris» diýip, Smailowa Azatlyga aýtdy.
Azatlygyň Gazak gullugy Gyzylorda mekdebiň administrasiýasy hem-de etrabyň polisiýasy bilen habarlaşmaga synanyşdy, ýöne makala çap edilýän wagta çenli jogap alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum