Türkmenistanyň türmelerindäki tussaglaryň agyr şertlerde saklanýandygyny, olaryň azyk we derman bilen kadaly üpjün edilmeýändigini, balkanly ýaşaýjylaryň ençemesi aýdýar. Türme işgärleriniň birnäçesi ýurduň jeza beriş edaralaryndaky “ýaramaz şertleri” tussaglaryň sanynyň aşa köpelýändigi bilen baglanyşdyrýar.
Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy ýakyn hossarlary ýurduň Baýramaly, Tejen we Seýdi şäherlerindäki türmelerde tussaglykda saklanýan balkanlylaryň ençemesi we türme işgärleriniň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy.
Olaryň anonim şertde beren maglumatyna görä, bu edaralarda bendileriň azyk we derman üpjünçiligi 100 göterim garyndaşlarynyň boýnuna ýüklenýär.
“Bendilere bir döwüm çörek hem berilmeýär. Olaryň garyndaşlary her aýda iýmiti, şol sanda her günde iýjek çöregini we beýleki harytlary yzlaryndan alyp barmaly bolýarlar” diýip, ýakyn hossarlarynyň biri Seýdiniň türmesinde saklanýan balkanly ýaşaýjy aýtdy.
Balkanlylaryň tassyklamagyna görä, tussaglar näsaglanda hem, türme resmileri olaryň saglyk bejergisiniň ähli çykdajylaryny dogan-garyndaşlaryna töletdirýärler.
“Döwlet iş kesilen raýatlary diňe azatlykdan mahrum etmek jezasyny öz üstüne alýar. Ýöne emeldarlar bendileriň iýmit we derman meselesini olaryň garyndaşlarynyň üstüne ýükleýärler. Bu adam hukuklarynyň berk depelenýändigini aňladýar. Sebäbi döwlet raýaty azatlykdan mahrum edýän bolsa, olaryň iýmitine we saglygyna hem özi seretmeli. Olary açlyga we keselçilige terk etmeli däl” diýip, balkanly başga bir ýaşaýjy anonim şertde beren maglumatynda ýurt raýatlarynyň döwletiň türmesini hem eklemäge mejbur bolýandygyny aýtdy.
Türme işgärleriniň birnäçesiniň anonim şertde habarçymyza gürrüň bermegine görä, ýurduň jeza beriş edaralaryndaky “ýaramaz şertler” olarda tussaglaryň sanynyň aşa köpelýändigi bilen baglanyşykly.
“Adamlary türmä basmak hem hökümet üçin bir biznese öwrüldi. Sebäbi islän adamyny eltip dykýarlar, soňra-da onuň garyndaşlaryndan para alyp, ony amnistiýada çykarýarlar. Häzir türmelerde bendileriň 80 göterimine ýatmaga krowat ýok. Olar etažlary birikdirýän basgançaklarda ýatýarlar. Adam köplüginden ýaňa olar üçin ne düşek bar, ne-de krowat. Arassaçylyk şertleri hem öwerlikli däl” diýip, türme işgäri anonim şertde gürrüň berdi.
Ol soňky ýyllarda türmelerdäki agyr şertler zerarly, şeýle-de kadasyz iýmitlenmekden we keselçilikden ölýän tussaglaryň sanynyň köpelendigini hem belleýär.
“Geçen ýylyň dowamynda bir türmede 35 bendi aradan çykdy. Olar inçekeselden, süýji keselden we ýürek keselinden heläk boldular” diýip, türme işgäri belledi.
Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli gürrüňi edilýän türmäniň adyny aýtmakdan saklanýar. Redaksiýa bu ýagdaýlar barada ýurduň gürrüňi edilen türmelerinden, şeýle-de degişli türkmen häkimiýetlerinden teswir alyp bilmedi.
Halkara hasabatlarynda Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdäki orunlary eýeleýär. "World Prison Brief" neşiriniň 2022-nji ýyldaky hasabatyna görä, Türkmenistanda ýurduň ilatynyň her 100 000 adamyna 576 tussag düşýär. Bu, dünýädäki üçünji uly görkezijidir.
Türkmen häkimiýetleri ýurduň türmelerindäki tussaglaryň sany, olardaky şertler barada aç-açan maglumat bermeýärler. Şeýle-de, Türkmenistan garaşsyz ekspertleriň türkmen türmelerine baryp görmeklerine rugsat bermezlikde tanalýar.
Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar we öňki tussaglar türmelerdäki ýaramaz tussaglyk şertleri we korrupsiýa barada ençeme gezek maglumat berdiler.
Halkara hukuk toparlary türkmen hökümetini adam hukuklaryny yzygiderli depelemekde we özge pikirli adamlary yzarlamakda tankyt edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum