Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň ençemesine paranyň öwezine türmede oturan dogan-garyndaşlaryny, hususan-da, zenan tussaglary Gadyr gijesindäki günä geçişlikde azatlyga çykarmaklyk teklip edilýär. Ýaşaýjylar kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan edilýän teklipde özlerinden soralýan paranyň möçberiniň onlarça müň amerikan dollaryna ýetýändigini aýdýarlar.
Bu waka, Oraza aýynyň ahyrlarynda bellenilýän Gadyr gijesiniň golaýlaýan mahalyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we ýerli kanun goraýjy edaralaryň birindäki ygtybarly çeşmesi 29-njy martda sebitden maglumat berdiler.
“Şu günler ýakyn hossarlary türkmen türmelerinde oturan balkanly raýatlara şu gezek Gadyr gijesi mynasybetli geçiriljek günä geçişlikde köp sanly aýal-gyzyň günäsiniň geçiljekdigi hukuk goraýjylar tarapyndan habar berilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenbaşyly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Balkanly ýaşaýjylaryň ençemesi bu kanun goraýjylaryň raýatlardan türmedäki ýakyn hossarlarynyň atlaryny bu günä geçişlikde boşadyljak bendileriň sanawyna goşdurmak üçin para soraýandygyny aýdýar.
Paranyň möçberi, bendiniň galan tussaglyk möhletine görä, 3 müňden 30 müň amerikan dollaryna çenli üýtgeýär.
“Parany bermäge razy bolan raýatlaryň tussaglykdaky hossarlary barada häsiýetnama we kepilnama taýýarlanylýar. Bendiniň özüni oňat alyp barandygy baradaky häsiýetnama degişli türme ýolbaşçysy tarapyndan ýazylýar. Bendiniň maşgala agzalarynyň, perzentleriniň kynçylykda ýaşaýandygy hakyndaky galp kepilnama bolsa, degişli sebit kazyýeti tarapyndan taýýarlanýar” diýip, ýagdaýlardan habarly başga bir ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, diňe adam öldürmedik we tussaglyk möhletiniň 40 göterimini ýerine ýetiren bendileriň atlaryny günä geçişlige goşup bolýar.
Şol bir wagtda, balkanlylar soralýan parany doly möçberde tapyp bilmedikleriň hossarlarynyň atlarynyň günä geçişlik sanawyna goşulmaýandygyny hem belleýärler.
“Menden türmede oturan aýal hossarymyň adyny bu sanawa goşdurmak üçin 13 müň dollar soradylar. Men onuň 10 müňüni tapyp bildim, galan 3 müňi ýetmänsoň, kanun goraýjylar 10 müňe razy bolmadylar we aladalarym puja çykdy” diýip, balkanly bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Azatlykda bu raýatyň we onuň hossarynyň şahsy maglumatlary, şol sanda ýurduň haýsy türmesinde tussaglykda saklanýandygy we ýene näçe ýyl tussaglyk möhletiniň galandygy barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli, olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
Ýerli kanun goraýjy edaralaryň birindäki ygtybarly çeşmämiz, umuman, para bermezden günä geçişlikde azatlyga çykmagyň tas mümkin däldigini aýdýar. Sebäbi ol bu çäräniň hem “raýatlardan para almak ugrundaky bikanun biznese öwrülendigini” belleýär.
“Zynjyr şeýle berk welin, para bermäge razy bolan adamlar hem berk elekden geçirilip, olara para berendigini hiç ýerde aýtmazlyk berk tabşyrylýar. Hat-da olara dürli haýbatlar atylyp, gorkuzylýar. Sebäbi bu ýerde ýüzlerçe müň dollaryň gürrüňi gidýär” diýip, ýerli kanun goraýjy edaralaryň birindäki ygtybarly çeşmämiz aýtdy.
Ol bu ýerde günäsi geçilmäge mynasyp ençeme tussagyň hem “hakynyň iýilýändigini” belleýär. “Sebäbi bu bendiler türmede özlerini gowy alyp baryp, günäsi geçilmeli bolsa-da, olaryň özlerini erbet alyp barandygy barada häsiýetnama ýazylýar” diýip, ol sözüne goşdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada Balkanyň häkimiýetlerinden we Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky günä geçmek toparyndan teswir alyp bilmedi.
Ýöne bu waka, musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Remezan aýynyň ahyrlarynda bellenilýän Gadyr gijesiniň golaýlaýan mahalyna gabat geldi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri indi onlarça ýyl bäri iri baýramçylyklaryň we Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda, günä geçişlik çäresini yglan edýärler. Munuň bilen bagly, türkmen kazyýeti tarapyndan iş kesilen adamlaryň ýüzlerçesi türmeden boşadylýar. Geçen ýyl bu gije mynasybetli geçirilen günä geçişlikde 463 bendiniň günäsi geçildi.
Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdäki orunlary eýeleýär. Halkara hukuk toparlary türkmen hökümetini adam hukuklaryny yzygiderli depelemekde we özge pikirli adamlary yzarlamakda tankyt edýärler.
Galyberse-de, Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky hasabatlarynda iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär. “Transparency International” guramasynyň 2023-nji ýyl boýunça soňky korrupsiýa indeksinde Türkmenistan ýene-de yzdaky orunlaryň birini, has anygy, aşakdan onunjy ýeri eýeledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum