Aşgabatda ýaşaýjylaryň ençemesi neşe maddalarynyň täsirine meňzeş duýgulary döredýän garyndalary içýän ýaşlaryň göz-görtele köpelýändigini aýdyp, bu ýagdaýa alada bildirýär. Olar bu ýaşlaryň hem özlerine, hem-de jemgyýete howp abandyrýandygyny aýdýarlar.
“Bu ýaşlar energiýa içgileriniň içine dermanhanalarda reseptsiz satylýan baralgin ýaly dermanlary köp mukdarda goşup içýärler. Bu garyndy neşe maddalarynyň täsirine meňzeş duýgulary emele getirýär. Şeýle garyndylary içýän ýaşlara köçelerde, şeýle-de öz ýaşaýan etrapçalaryňda hem duş gelse bolýar” diýip, Parahat etrapçasynyň bir ýaşaýjysy 25-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Internetde köpçülige elýeterli bolan ylmy işlere görä, umumy ady “Metamizole” bolan bu derman diş, kelle, bogun, nerw, myşsa agyrylaryny, şeýle-de operasiýalardan we agyr şikeslerden soňky agyrylary azaltmak üçin ulanylýar. Ýöne ol aşa köp mukdarda peýdalanylanda ýa-da spirtli içgiler bilen ulanylanda aşgazan, demgysma, gan we ýürek-damar problemalaryny emele getirip, güýçlendirip bilýär.
Dünýäniň käbir ýurtlarynda lukmanyň görkezmesi bilen satylýan bu dermany Türkmenistanyň dermanhanalarynda hiç hili görkezmesiz satyn alyp bolýar.
Ýaşaýjylar ýokarda gürrüňi edilen garyndylaryň aşa köp sarp edilende has-da howpludygyny, ýaşlaryň aňyny zäherleýändigini aýdýarlar.
Olaryň sözlerine görä, ýaşlaryň özlerini bilmän, daş-töweregindäki adamlara agressiýa görkezip, zyýan ýetirýän halatlaryna hem köp duş gelse bolýar.
“Şäherde amala aşyrylýan jenaýatlaryň köpüsinde jenaýaty amal edeniň neşe maddalarynyň täsiri astynda bolandygy, neşe maddalarynyň täsirine meňzeş duýgulary döredýän garyndylary içendigi aýdylýar. Polisiýada bu barada maglumat bolsa-da, bu aç-açan köpçülige äşgär edilmeýär” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.
Aşgabatly bir lukmanyň habarçymyza gürrüň bermegine görä, neşe maddalarynyň täsirini döredýän garyndylary uzak wagt bäri we aşa köp mukdarda ulanýan ýaşlaryň arasynda içgi organlary “çöküp”, aýatdan ötýänleri hem az däl.
“Şu aýyň başynda Howdan etrapçasynda bir ýaş oglan aradan çykdy. Ol şol garyndylaryň täsirinden heläk boldy. Bu ýaşlaryň ölüminiň asyl sebäbi aç-açan aýdylmaýar. Olaryň aşgazan-içege, böwrek, bagyr näsazlygyndan ölendigi aýdylýar” diýip, lukman belledi.
Azatlygyň ýokarda aýdylanlar we olaryň mümkin sebäpleri barada Aşgabadyň saglygy goraýyş bölüminden we Polisiýa müdirliginden kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije tapmady.
Türkmenistanyň media serişdeleri indi ençeme ýyl bäri ýylda azyndan bir gezek ýurtda tutulan neşe maddalarynyň ýörite peçlerde ýakylyşyny görkezse-de, ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada mesele gozgamaýar.
Ýurtda neşe maddalaryndan ýa-da olaryň täsirine meňzeş duýgulary döredýän garyndalaryndan peýdalanýan raýatlaryň sany baradakay statistika hem ilat köpçüligine mälim edilmeýär.
Ýöne ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz we çeşmelerimiz ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda ‘dermanhana narkomanlary’ diýlip atlandyrylýan ýaşlaryň göz-görtele köpelýändigini mundan ozal hem habar beripdiler.
Olar soňky ýyllarda artýan ogurlyk we talaňçylyk hadysalarynyň esasan bu ýaşlar tarapyndan amala aşyrylýandygyny hem aýdypdylar.
“Olar dermanhanalarda satylýan ‘baralgin, tripikol, newrogain, pelogowalin' ýaly dermanlara tabyn ýaşlardyr. Olar hiç zatdan gorkmaýarlar. Soňky hepdelerde Balkanabadyň gyzyl bazarynda gyzyl satýan daýzalara açyk hüjüm edilip, olaryň gyzyllary gündiziň güni talanyp başlandy” diýip, çeşmämiz 10-njy iýulda gürrüň beripdi.
Şeýle-de, şu ýylyň aprelinde Aşgabatdaky habarçymyz Gurban Durdy köçesiniň ugrunda neşe maddalaryny ulanandyklary çaklanylýan ýaşlaryň awtoulagynyň ýol heläkçiligine uçrandygyny we sürüjiniň heläk bolandygyny habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum