Amerikanyň Birleşen Ştatlary gowşan maglumatlara laýyklykda, Eýranyň Täjigistana we Russiýa sürüjisiz uçýan howa apparatlaryny (SUHA) öndürmek üçin, tehnologiýalary berip biljekdigini mälim etdi.
Bu barada Söwda ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Gazna ministrliginiň we ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilelikdäki hasabatynda aýdylýar. Hasabat 9-njy iýunda "Eýranda pilotsyz uçar öndürmek bilen baglanyşykly işler barada görkezmeler" ady bilen neşir edildi.
Hasabatda "Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlary satyn almak, ony öndürmek we ýerleşdirmek bilen baglanyşykly islendik iş halkara parahatçylygyna we howpsuzlyga abanýan howp" diýilýär. Şonuň bilen baglanyşykda, ABŞ Eýrandan pilotsyz howa apparatlaryny satyn almak, öndürmek we ýaýratmak işleriniň terrorçylyga maýa goýmak hasaplanyp, munuň üçin agyr sanksiýalara sezewar ediljekdigi barada, halkara jemgyýetçiligine, hususy sektorlara we jemgyýetlere duýduryş berýär.
Hususan-da, hasabatda şeýle bellenýär: “Gowşan maglumatlara görä, Eýran Täjigistanyň we Russiýanyň çäginde, pilotsyz uçar önümçiligini guramak üçin, bu ýurtlara tehnologiýalary we enjamlary teklip edipdir. Tähranyň bu tagallalary ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, önümleriniň eksportyndan alynýan girdejini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär we şeýlelik bilen eksport gözegçiligi arkaly pilotsyz uçar hereketleriniň öňüni almagy has kynlaşdyrýar".
Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşunyň dowamynda, Moskwanyň hüjümlerinde Eýranyň pilotsyz uçarlarynyň ýurduň daşynda ýygnalandygynyň ýa-da onuň bölekleriniň peýdalanylandygynyň eýýäm subut edendigini ABŞ häkimiýetleri aýtdylar.
Russiýanyň resmi habar gullugy TASS-yň maglumatyna görä, geçmişde Moskwa we Tähran "Eýranyň Ukrainada ulanmak üçin Russiýa pilotsyz uçar iberip biljekdigini birnäçe gezek inkär etdi" diýilse-de, şu wagta çenli Täjigistanyň we Russiýanyň häkimiýetleri tarapyndan, ýaýradylan hasabata resmi reaksiýa entek ýok.
Häzirki wagtda Ak tam Russiýanyň Eýrandan birtaraplaýyn ýagdaýda eýýäm ýüzlerçe pilotsyz howa apparatlaryny we enjamlary alandygyny nazarda tutmak bilen bu hereketleri Russiýa hem Eýranyň arasynda giň gerimli goranyş hyzmatdaşlygy diýip atlandyrdy.
ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Jon Kirbi 9-njy iýunda geçirilen metbugat ýygnagynda: "Russiýa bilen Eýranyň Orsýetde Eýranyň pilotsyz uçarlaryny öndürmek ugrundaky hyzmatdaşlygy barada alada edýäris" diýdi. Onuň sözlerine görä, ABŞ-da Russiýanyň dron öndürjek zawody gurmak üçin, Eýrandan zerur materiallary alýandygy barada maglumatlar bar we ol geljek ýylda işe girizilmeli. Waşington Tatarystan Respublikasynyň çäginde ýerleşýän “Alabuga” ýörite ykdysady zolagynda, pilotsyz howa apparatlaryny öndürmek üçin, geljekki senagat desgasynyň ýeriniň satellitden düşürilen suratlaryny çap etdi.
Hasabatda pilotsyz uçarlary öndürmek mümkinçiligi barada, Täjigistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly ABŞ-nyň häkimiýetleriniň şübheleri görkezilmeýär, ýagny Waşingtonda garyndaş dillerde gürleýän we umumy medeniýeti hem meňzeş taryhy bolan iki ýurduň bu ugurda amala aşyryp biljek işleri barada maglumat getirilmeýär.
Şeýle-de bolsa, 2022-nji ýylyň maý aýynda, Eýranyň iki habar beriş serişdesi “Eýran Täjigistanda pilotsyz uçar öndürýän zawody açdy” diýip habar beripdi. Duşanbede “Ababil-2” önümçilik zawodynyň açylyş dabarasynyň suratyny çap etmek bilen dabarany açmak çäresine Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş serkerdesi, general-maýor Muhammed Huseýin Bakeri we Täjigistanyň Goranmak ministri, general polkownik Şerali Mirzonyň gatnaşandygyny neşirler ýazdylar. Şol bir wagtyň özünde, eýran generaly Täjigistanda "Ababil-2" zawodynyň açylmagyny iki ýurduň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň öwrülişik pursady diýip atlandyrdy.
Täjigistanyň hökümetiniň we Goranmak ministrliginiň resmi işgärleri bu habar barada hiç hili düşündiriş bermediler, ýöne 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda ukrain blogçysynyň tankytlaryna jogap edip, "harby enjamlaryň eksportyny" ret etdiler. Hususan-da, Täjigistanyň Daşary işler ministrligi 2022-nji ýylyň 30-njy oktýabrda: «Biz ukrain blogçysy Dmitri Gordonyň Täjigistanyň çäginde Eýranyň "ukrainleri öldürýändigi" aýdylýan pilotsyz uçarlaryň öndürilişi baradaky sözlerini ret edýäris... we Täjigistan Respublikasynyň üçünji ýurda harby enjamlary eksport etmeýändigini nygtaýarys» diýdi.
Eýranly milliarder Babaki Zanjaniniň pulunyň ýitmegi bilen baglanyşykly düşünişmezlikler sebäpli birnäçe ýyllap, Duşanbe bilen Tähranyň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklar bozulyp, sowuklyk aralaşandan soň, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ýaňadan gowulaşdy we gaty ýygjamlanyp başlady. Käbir analitikler we bilermenler Russiýa Ukrainada alyp barýan söweşiniň fonunda, öz ýaranlaryny we hyzmatdaşlaryny birleşdirmäge synanyşýandygyny aýtdylar. Şeýlelikde, Duşanbe bilen Tähranyň arasyndaky "barlyşyk" Moskwanyň gatyşmagy we basyşy netijesinde mümkin bolandyr diýilýär.
Beýleki tarapdan, Duşanbäniň Täjigistanda Eýranyň pilotsyz uçarlarynyň öndürilişi baradaky habary goňşusyna “dilden duýduryş” hökmünde ulanmak isleginiň alamaty bolup biler diýen pikir bar, sebäbi 2021-nji ýylyň aprelinde, Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda, üç gün dowam eden ganly serhet çaknyşygynda, türk “Baýraktarlary” ulanyldy. Her halda, şeýle zawodyň gurluşygy baradaky habar döwlet metbugatynda ýa-da Täjigistanyň Goranmak ministrliginiň web sahypasynda aýdylmady.
Günbatar Eýrany Günbatar demokratiýasyna garşy hereket etmekde aýyplaýar we ýadro programmasy üçin ýurda sanksiýalar girizdi. Waşington Eýran bilen hyzmatdaşlykda, esasan-da harby ugurdaky gatnaşyklarda, Tähran bilen hyzmatdaşlyga giren ähli ýurtlara sanksiýalaryň giriziljekdigini aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum